Saud Arabystany Patyşalygynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we senagat ministri doktor Tawfik ben Fewzan Al-Rabiany kabul etdi.
Tawfik ben Fewzan Al-Rabia wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen Lideriniň şu saparynyň hem-de gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň däbe öwrülen döwletara gatnaşyklaryny giňeltmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygy bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary berkitmäge we ösdürmäge uly üns berýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, umumy bähbitlere laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň geljegi hakynda düýpli pikir alşylyp, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn depgini bellenildi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud topary netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm orun eýeleýär. Şu ýylyň martynda türkmen paýtagtynda onuň dördünji mejlisi geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki toparyň Saud Arabystany Patyşalygy tarapyndan başlygy Tawfik ben Fewzan Al-Rabia mejlisiň jemleriniň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça geljekki gatnaşyklara ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanda amala aşyrylýan uzakmöhletleýin, toplumlaýyn ösüş maksatnamalary we iri möçberli maýa goýum taslamalary netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, ministr Saud Arabystany Patyşalygynyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Munuň özi ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeleriniň gerimi bilen şertlendirilendir.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmagy ugur edinýändigini nygtap, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Er-Riýadda guralýan sergide ýurdumyzda öndürilýän önümleri görkezmek barada karara gelnendigi nygtaldy. Geljekki hyzmatdaşlaryň — döwlet we hususy düzümleriň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýän işewür duşuşyklaryň we maslahatlaryň yzygiderli geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy tehnologiýalaryň we esasy arap kompaniýalarynyň tejribesiniň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalary durmuşa geçirýän Türkmenistan üçin zerurdygyny belledi.
Ýangyç-energetika toplumynda özara gatnaşyklary giňeltmek söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy. Dünýäniň ykrar edilen energetika döwletleri bolan Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge, biri-biriniň toplan oňyn tejribesini alyşmaga taýýardyklary nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we senagat ministri biri-birine hoşniýetli arzuwlary beýan edip, bellenilen ähli meýilnamalaryň üstünlikli amala aşyryljakdygyna ynam bildirdiler.