Ï Türkmenistanyň Prezidenti «SABIC» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti «SABIC» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 810
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna resmi saparynyň çäklerinde “SABIC” kompaniýasynyň ýolbaşçysy, şazada Saud bin Abdullah bin Tenaýan Al-Saud bilen duşuşdy.

Işewür türkmen Lideri bilen salamlaşyp hem-de ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen özara bähbitli uzakmöhletleýin esasda guralýan ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Saud bin Abdullah bin Tenaýan Al-Saudyň belleýşi ýaly, iri saud işewür düzümleri geljegi uly türkmen bazarynda ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ymtylýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Türkmenistanyň strategiki hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtap, ýurdumyzyň energetika syýasatyny durmuşa geçirmekde öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalaryny hyzmatdaşlyk etmäge çekip, ylmy-tehniki ösüşiň iň täze gazananlaryna aýratyn ähmiýet berýändigini, şunuň bilen baglylykda, saud hyzmatdaşlarynyň tejribeleriniň örän peýdaly bolup biljekdigini aýtdy.

Duşuşygyň barşynda türkmen Lideri we kompaniýanyň ýolbaşçysy ýangyç çig malynyň ägirt uly kuwwatyna eýe bolan iki ýurduň ykdysadyýetleri üçin strategiki bolan ýangyç-energetika toplumynda ikitaraplaýyn özara gatnaşyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň konsepsiýasy işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin örän amatly mümkinçilik döredýär. Senagat düzümlerini has-da ösdürmegiň, bu ulgama innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna gazylyp alynýan hem-de gaýtadan işleýän kuwwatlyklary ösdürmek, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilişiniň eksport ugruny diwersifikasiýalaşdyrmak ýörelgesi şol konsepsiýanyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Saud bin Abdullah bin Tenaýan Al-Saud Merkezi Aziýa sebitinde wajyp orny eýeleýän Türkmenistanyň häzir bütin dünýäde geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaş hasaplanýandygyny belläp, Saud Arabystanynyň işewür toparlarynyň ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň iri möçberli maksatnamalarynyň çäklerinde amala aşyrylýan maýa goýum taslamalaryna işjeň gatnaşmaga taýýardygy barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, himiýa senagatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajypdygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “SABIC” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň däp bolan özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, işewür hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.