Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna resmi saparynyň barşynda saglygy goraýyş ministri, “Saudi Aramko” kompaniýasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Halid bin Abdulaziz Al Falih bilen duşuşdy.
Dostlukly ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçysy köp ýyllar Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden we ony hil taýdan täze derejä çykaran, häzirki wagtda döwrüň ajaýyp öňdengörüji syýasatçysy hökmünde tutuş dünýäde giň ykrarnama eýe bolan türkmen Lideri bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga tüýs ýürekden şatdygyny nygtady.
Halid bin Abdulaziz Al Falih ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan uly üstünliklerine ýokary baha berip, türkmenistanlylaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak hem-de keseli azaltmak boýunça alnyp barylýan işleriň milletiň Lideri tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygyna şaýatlyk edýändigini nygtady. Halk, onuň saglygy, bagtyýarlygy we abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn alada şol syýasatyň esasyny düzýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdy okgunly depginde senagatlaşdyrmaga gönükdirilen strategiýa laýyklykda, giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirýän Türkmenistanyň degişli taslamalar amala aşyrylanda we ýerli hünärmenler taýýarlananda ilkinji nobatdaky şertleriň biri bolan saglygy goramak hem-de adamlar we daşky gurşaw üçin howpsuz önümçilikleri döretmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.
Halid bin Abdulaziz Al Falih Saud Arabystanynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistan bilen deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge berýän ünsüniň örän wajypdygyny belläp, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolan saglygy goraýyş ulgamynda saud kompaniýalarynyň öňdebaryjy tejribelerini we häzirki zaman işläp düzmelerini türkmen kärdeşlerine bermäge taýýardygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saud tarapynyň döwletara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmek meselelerine şeýle oňyn garaýşy we döredijilikli çemeleşmeleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň dünýäniň iň oňat tehnologiýalaryny çekmäge hemmetaraplaýyn gyzyklanýandygyny hem-de bilelikdäki täze gyzykly taslamalara degişli tekliplere garamaga hemişe taýýardygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň barşynda Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň we işewür toparlarynyň netijeli işlemegi, maýa goýumlaryny çekmek üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek esasynda amatly şertleriň döredilendigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystanynyň saglygy goraýyş ministri birek-birege iň oňat arzuwlaryny aýdyp, özara gyzyklanmany hem-de soňky ýyllarda bilelikde üstünlikli işlemegiň toplanan tejribesini nazara alyp, türkmen-saud gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.