Ï Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň goranmak ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň goranmak ministrini kabul etdi

view-icon 703
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna resmi saparynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ikinji orunbasary, ikinji Mirasdüşer şazada, goranmak ministri Muhammed bin Salman bin Abdulaziz Al-Saud bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz hem-de Saud Arabystanynyň Goranmak ministrliginiň ýolbaşçysy mähirli görşüp, özara söhbetdeşlikde mizemez dostlugyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mäkäm binýadynda üstünlikli guralýan türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler.

Muhammed bin Salman bin Abdulaziz Al-Saud şu gün Er-Riýadda ýokary derejedäki gepleşikleriň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, onda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň döwletara gatnaşyklaryny has-da berkitmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapynyň şu sapara Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm tapgyr hökmünde baha berýändigini aýtdy. Bu sapar ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara düzümleriň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanmaga gönükdirilendir.

Bellenilişi ýaly, dünýä we sebit syýasatynda bolup geçýän wakalara iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygy, olaryň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň käbiri boýunça netijeli gatnaşyklarda işjeň nukdaýnazarlary iki doganlyk halklary baglanyşdyrýan gatnaşyklary we ynanyşmagy berkitmäge gös-göni ýardam edýär.

Saud Arabystanynyň goranmak ministri Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny goldaýandygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adamzadyň ählumumy meselelerini çözmäge netijeli çemeleşmesiniň dünýäniň giň toparlarynda uly goldaw tapýandygyny nygtady. Bu bolsa sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzyň edýän tagallalaryna ýokary baha berilýändigine şaýatlyk edýär.

Söhbetdeşligiň barşynda birnäçe möhüm şertnamalara — ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk hakynda, ýadro synaglaryny gadagan etmek hakynda, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda, beýleki degişli resminamalara gatnaşýan Türkmenistanyň Bitarap döwletiň halkara-hukuk derejesine eýe bolup, öz üstüne alan borçnamalaryna birkemsiz eýerýändigi, ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşyň abraýyna we ýokary halkara abraýyna mynasyp bolýandygy bellenildi. Şunda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň we beýleki wekilçilikli maslahatlaryň belent münberinden beýan eden ylalaşdyryjylyk başlangyçlarynyň ähmiýeti hem-de zerurdygy bellenildi.

Türkmenistanyň Baştutany we Saud Arabystany Patyşalygynyň goranmak ministri duşuşygyň ahyrynda Er-Riýadda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň däbe öwrülen döwletara gatnaşyklaryny täze, özara bähbitlere laýyk gelýän derejä çykarmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.