Saud Arabystany Patyşalygynda resmi saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurduň daşary işler ministri Adel Al-Jubeýri kabul etdi.
Saud Arabystanynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen Liderini saparynyň hem-de ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň uly üstünlige eýe bolandygy bilen gutlady. Şol gepleşikleriň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň köp meseleleri girizildi. DIM-niň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik syýasatyna ýokary baha berýärler we ony goldaýarlar. Şol syýasat Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşini hem-de onuň barha artýan halkara abraýyny şertlendirdi.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Saud Arabystany Patyşalygy bilen ýola goýlan döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady. Hormatly Prezidentimiz iki doganlyk ýurduň arasyndaky geljege gönükdirilen uzakmöhletleýin gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda wajyp ädim bolan şu saparyň hem-de onuň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň bu gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmaga, täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigini aýtdy.
Duşuşygyň barşynda özara hormat goýmak we goldaw bermek ýörelgelerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy. Halkara hem-de sebit derejesinde tutuş dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegini gazanmagy üpjün etmäge degişli wajyp meselelerde iki döwletiň garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan hem-de Saud Arabystany halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli özara hereket edýärler. Bu bolsa ýurtlarymyzyň we tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerine laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, dünýä möçberinde durnukly ösüş üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen energetika howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen üstaşyr-ulag aragatnaşyklaryny ösdürmek babatdaky halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin Saud Arabystanynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistan bu pudaklarda iri möçberli halkara taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Sebitiň ýurtlarynyň arasynda dostlugyň köprüsi bolmaga gönükdirilen Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy munuň ajaýyp mysalydyr. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu energetika geçirijisi goňşy doganlyk döwletleriň halklarynyň öýlerine ýylylyk getirer, ykdysadyýetlerini has-da ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri üpjün eder, ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna, täze iş orunlarynyň döremegine ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we daşary işler ministri Adel Al-Jubeýr iki döwletiň doly möçberli hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny tassyklap, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşini hem-de özara bähbitli işewür aragatnaşyklary yzygiderli ösdürmek, haryt dolanyşygyny artdyrmak üçin örän uly eksport-import kuwwatynyň bardygyny bellediler. Şunda medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda hem-de syýahatçylyk we sport babatda däp bolan özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystanynyň DIM-niň ýolbaşçysy hoşlaşanlarynda, dostluk hem-de özara hoşniýetli erk-isleg gatnaşyklary bilen berk bagly bolan döwletara hyzmatdaşlygynyň iki halkyň bähbidine has-da giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.