Bu maslahat “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa: hakykatyň beýiklik platformasy” Maksatnamasynyň bölegi bolmak bilen, Türkmenistanyň BMGÖM we Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde guraldy.
Bu çärä döwlet gurluşlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistan tarapyndan ylmy-gözleg merkezleriniň ikisiniň – Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we edaralaryň, hukuk goraýjy edaralaryň, şeýle hem Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Halkara guramalaryndan ÝB-Merkezi Aziýa toparynyň ýolbaşçysy Ksawýer Barre, BMGÖM Stambul şäherindäki sebit edarasynyň programmalaýyn hünärmeni Rustam Puladow, ÝB-Merkezi Aziýa maksatnamasynyň halkara hukugy we adam hukuklary baradaky maslahatçysy Näzgül Ýergalyýewa, şeýle hem bilermenler Andreý Brigidin we Iweta Kažoka çagyryldy.
Maslahata gatnaşyjylar üç sany seksion maslahatlaryň dowamynda raýat jemgyýetçiliginiň meselelerini we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Maliýeleşdirmegiň usullaryna, şeýle hem raýat jemgyýetçiligi bilen döwletiň arasynda netijeli gepleşikleri ýola goýmak baradaky meselelere garap geçdiler. Raýat jemgyýetini döretmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny aýratyn tema hökmünde maslahatlaşyldy.
Ýörite seksion mejlisler Türkmenistanda demokratiki özgertmeleriň ösdürilmegine bagyşlandy. Türkmen tarapynyň wekilleri öz çykyşlarynda jemgyýetçilik birleşmeleriniň işlerini we raýat jemgyýetçiliginiň institusion esaslaryny döredilmegini üpjün edýän kada-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, umumy ykrar edilen halkara hukuklaryny nazara almak bilen, milli kanunçylygyny döretmek we kämilleşdirmek boýunça köp ugurly işler demokratik esaslary mundan beýläk hem ösdürmäge gönükdirilendir. Ýurtda adamyň syýasy, raýat, ykdysady, durmuş we medeni hukugyny we azatlygyny kepil geçýän we halkara hukuklarynyň esasyny düzýän resminamalarda berkidilen döwlet we jemgyýetçilik institutlaryny döretmekde tapgyrlaýyn işler alnyp barylýar.
Bolup geçen konstruktiw gepleşikler Türkmenistanda raýat jemgyýetçiligini döretmek we ösdürmegiň gelejegi baradaky meselelere umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam bermäge gönükdirilendir.