Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň 6-njy maýdaky mejlisinde Minskide ýokary derejede geçiriljek ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýetini nygtap, türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçilikleri nazara alnyp, köp babatda işjeňleşendigini kanagatlanma bilen belledi. Söwda-ykdysady ulgamda netijeli özara gatnaşyklary has-da giňeltmegiň hem-de belarus hyzmatdaşlary bilen netijeli medeni-ynsanperwer aragatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygy nygtaldy.
Şu oňyn işlerde iki döwletiň Baştutanlarynyň arasynda ýola goýlan mähirli, özara ynanyşmak gatnaşyklary hem-de soňky ýyllarda has-da ýygjamlaşan dürli, ilkinji nobatda, ýokary derejedäki özara saparlar kesgitleýji orny tutýar.
Türkmen-belarus gepleşiklerine mahsus bolan dostlugyň, ynanyşmagyň we özara hormat goýmagyň mäkäm gatnaşyklaryň köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, iri halkara guramalarynyň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we beýlekileriň çäklerinde iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygynyň ygtybarly esasy bolup durýandygyny bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, Belarus Respublikasy Türkmenistanyň başlangyçlaryna, şol sanda ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge hem-de ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygyny beýan edip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş edýär.
Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeler, iki ýurduň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň gepleşikleri hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň işi syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer aragatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.
Yzygiderli esasda guralýan işewürler maslahatlary hem-de türkmen we belarus harytlarynyň sergi-ýarmarkalary, iki ýurduň Aşgabatda we Minskide açylan Söwda öýleriniň işi, Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikalarynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Işewürler geňeşiniň işi özara bähbitli işewür hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmaga gönüden-göni hyzmat edýär. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda kaliý dökünlerini öndürýän Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň gurluşygy boýunça durmuşa geçirilýän bilelikdäki iri taslama türkmen-belarus ykdysady hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysalydyr.
Döwletara ynsanperwer aragatnaşyklaryna hem artýan depgin mahsusdyr. Dürli döredijilik çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi türkmen hem-de belarus halklarynyň medeni we ruhy gymmatlyklaryna özara gyzyklanmanyň subutnamasy bolup durýar. Belarus Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem şu sapara gabatlanyldy. Onuň maksatnamasyna türkmen artistleriniň konsertleri, iki ýurduň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň duşuşyklary, ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi hem-de beýleki möhüm çäreler girýär.
Şeýlelikde, özbaşdak döwletleriň ikisi hem iki dostlukly halkyň mümkinçiligine we bähbitlerine doly derejede laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň köptaraply nusgasyny döretmäge gyzyklanma bildirýärler. Munuň şeýle bolmagyna gol çekmäge taýýarlanylan resminamalaryň uly toplumy aýdyň subutnamadyr. Şol resminamalar ygtybarly hukuk binýadyny goýmaga hem-de iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara alyp, netijeli özara hereketleri işjeňleşdirmek üçin has amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Garaşylyşy ýaly, ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň çäklerinde söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we ylmy-tehniki ulgamlary, ýangyç-energetika toplumyny, himiýa we dokma senagatyny, bilim ulgamyny we beýlekileri nazara almak bilen özara hereket etmegiň esasy ugurlarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyljak meselä öwrüler.
Hyzmatdaşlygy ýola goýmaga şunuň ýaly ulgamlaýyn çemeleşmäniň iki halkyň dostlugyň we özara düşünişmegiň däplerine esaslanýan türkmen-belarus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge hyzmat etjekdigi ikuçsuzdyr.