Ï Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 790
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Iwo Petrowy kabul etdi. Ol Türkmenistanda öz işini tamamlaýar.

Iri halkara guramasynyň wekili wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň arasyndaky ýola goýlan we oňyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen nygtady. Şol hyzmatdaşlygyň çäklerinde soňky ýyllarda möhüm bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz diplomatyň uzakmöhletleýin we özara bähbitlilik esasynda üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge goşan uly goşandyna ýokary baha berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Baş sekretary Lamberto Zanýere mähirli salamyny aýdyp, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasat ugruna ygrarlydygyny ýene-de tassyklady. Hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi, açyklyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk hem-de gyzyklanma bildirýän hyzmatdaş döwletleriň ählisi bilen abraýly halkara düzümleriniň, şol sanda ÝHHG-niň çäklerinde ysnyşykly gatnaşyk şol syýasatyň esasyny düzýär.

Döwlet Baştutanymyz Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň doly hukukly agzasy bolan ýurdumyzyň bütindünýä ösüşine oňyn täsir edýän ysnyşykly hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny nygtap, häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň ÝHHG-niň işiniň strategiki we ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşulandygyny kanagatlanma bilen belledi. Türkmenistan bu sebitde wajyp halkara taslamalaryny durmuşa geçirmekde möhüm orny eýeleýär.

Iwo Petrow ÝHHG-niň Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli syýasatyna hem-de energetika we ulag ulgamyny nazara almak bilen möhüm pudaklarda halkara hyzmatdaşlygynyň häzirki zaman nusgasyny döretmek hem-de abadançylygyň, durnukly ösüşiň we tutuş dünýäde howpsuzlygyň esaslaryny üpjün etmäge düýpli täze çemeleşmeleri işläp düzmek boýunça işjeň ornuna ýokary baha berýändigine we ony doly goldaýandygyna ynandyrdy. Hususan-da, diplomat türkmen Lideriniň energiýa serişdelerini geljegi uly halkara bazarlaryna çykarmakda eksport ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň özenini düzýän energetika syýasatynyň örän möhümdigini aýdyp, häzir Ýewropa ýurtlarynyň Türkmenistana tebigy gazy esasy iberijileriň biri hökmünde garaýandygyny hem-de bu strategiki ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň zerur taraplaryny anyk ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny nygtady.

Sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidinden ugur alnyp, umumy maksatlar hem-de wezipeler babatda köpýyllyk netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläkki ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda energetika, ykdysady we ulag-aragatnaşyk ulgamlary, ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak, ynsanperwer ulgam agzaldy.

Şeýle hem taraplaryň tutuş adamzada örän uly howp salýan neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyň öňüni almak, halkara terrorçylyga hem-de serhetüsti jenaýatçylyga garşy göreşmek ýaly wajyp ugurlarda tagallalary has-da birleşdirmäge taýýardygy tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa sebitindäki häzirki ýagdaý, hususan-da, goňşy Owganystandaky ýagdaý ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn meselesine öwrüldi. Bu ýurda Türkmenistan ähli ýyllarda uly goldaw we kömek berip gelýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň durmuşa geçirilip başlanan taslamasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu gaz geçiriji diňe bir bu ägirt uly taslama gatnaşýan ýurtlara däl, eýsem, sebitiň hemme döwletlerine-de uly ykdysady bähbit getirer.

Ilçi wekilçilik edýän halkara guramasynyň Garaşsyz Bitarap Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, bütin dünýäden daşary ýurtly myhmanlaryň her ýylda müňlerçesi gelýän iri halkara syýasy, ykdysady we medeni merkezine öwrülen we okgunly ösýän Aşgabatda işlemegiň özi üçin uly hormat bolandygyny nygtady.

Iwo Petrow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezine baştutanlyk eden döwründe däp bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge berýän aýratyn ünsi, işlän ýyllarynyň dowamynda hemmetaraplaýyn goldawy we kömegi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Ilçi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Türkmenistan barada özünde iň mähirli we ýakymly duýgularyň galandygyny buýsanç bilen belledi.