Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň arasyndaky gepleşikler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň arasyndaky gepleşikler

view-icon 693
Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Belarus Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Bu sapar hem-de ýokary derejede yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklar Türkmenistanyň we Belarusuň deňhukukly, birek-birege ynanyşmak we özara peýdaly esasda ýola goýulýan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Soňky ýyllarda däp bolan döwletara gatnaşyklar täze hile eýe boldy we täze mazmun bilen üsti ýetirilýär. Ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň gazanylmagy we möhüm resminamalara gol çekilmegi gatnaşyklaryň ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Şunda, ýokary derejede geçirilýän nobatdaky gepleşikler ulgamlaýyn çemeleşmä eýe bolan we anyk netijelere gönükdirilen türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine kuwwatly itergi berer.

Türkmenistanyň düýn Minskä gelen hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň belarus kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň meýilleşdirilmegi taraplaryň köpýyllyk netijeli we döwrüň ruhuna laýyk gelýän doly möçberdäki gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň subutnamasydyr. Duşuşyklaryň barşynda türkmen-belarus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary we dürli pudaklarda, şol sanda daşary işler ministrlikleriniň arasynda, söwda-ykdysady ulgamda, senagat, ulag hem-de aragatnaşyk pudaklarynda, oba hojalygynda, ylym, bilim, medeniýet we sport ugurlarynda, işewür toparlaryň arasynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Milli Liderimiziň bu gezekki resmi saparyna Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Medeniýet günleri-de gabatlanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň uçary birnäçe wagtdan soň Minskiniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Milli howa menzilinde gondy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň gelmeginiň hormatyna uçaryň ýanynda düşelen haly ýodasynyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama durzuldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar. Olar döwlet Baştutanymyzy Belarus topragynda görýändiklerine şatdygyny aýtdylar. Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurdylar we döwlet Baştutanymyza duz-çörek hödür edildi.

Howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan köp sanly türkmen ýaşlary hem garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olar bilen bolan söhbetdeşlikde ýaşlaryň bilimi, öwrenýän hünärleri, bu ýerde döredilen şertler bilen gyzyklandy we olara uly üstünlikler arzuw etdi. Talyplar bu ýerde Türkmenistanyň halk hojalygynyň dürli ugurlary, şol sanda dag-magdan senagaty ýaly, milli ykdysadyýetimiz üçin täze ugur boýunça bilim alýandyklaryny aýdyp, ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň ýokary halkara derejelere laýyklykda bilim almaga, dünýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga döredilýän mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Ýaşlar okuwy tamamlap, Watanymyzyň ösmegine mynasyp goşant goşmak üçin öwredilýän bilimlere çuňňur aralaşmakda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiziň ulag kerweni Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň köşgi bolan Garaşsyzlyk köşgüne geldi. Ol ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy.

Köşgüň öňündäki meýdançada Hormat garawuly nyzama durzuldy.


Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Prezident Aleksandr Lukaşenko mähirli garşylady. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen görşüp, ýörite ýere geçdiler. Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlandy. Döwlet Baştutanlaryna Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berdi. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko Hormat garawulynyň esgerleriniň öňünden geçdiler.

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Baştutanlary iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko Hormat garawulynyň dabaraly ýörüşini kabul edýärler, esgerler dabaraly ýöriş bilen meýdançadan geçýärler.

Belarus Respublikasynyň Baştutany milli Liderimizi Garaşsyzlyk köşgüne çagyrdy. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek çäresi tamamlanandan soň, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko köşgüň Ojak otagyna geçdiler. Bu ýerde ikiçäk görnüşde gepleşikler geçirildi.

Belarus Lideri türkmen kärdeşini Minskide görýändigine örän şatdygyny aýdyp, Türkmenistana we onuň sazlaşykly ösýän ak mermerli paýtagtyna hemişe uly höwes bilen barýandygyny nygtady. Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň belleýşi ýaly, belarus tarapy türkmen hyzmatdaşlarynyň toplan täzeçillik tejribelerine ýokary gyzyklanma bildirýär we öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga taýýardyr.

Şunda, Belarus Respublikasynyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu gezekki saparyna dostluk däpleri we özara peýdaly uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka hökmünde aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.

Belarus Lideri Belarusuň netijeli we köpugurly häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklap, ýokary derejede geçiriljek nobatdaky gepleşikleriň ikitaraplaýyn bähbitlere laýyk gelýän döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Aleksandr Lukaşenkony we tutuş Belarusuň halkyny ýakynda bellenip geçilen hem-de umumy baýramçylyk bolan 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňiş baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz Belarus Respublikasyna guralan bu sapara türkmen tarapynyň döwletara çäklerde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň täze tapgyry hökmünde baha berýändigini aýtdy.

Biziň ýurtlarymyzyň häzirki zamanyň ählumumy möhüm meseleleri boýunça garaýyşlary ýakyndyr ýa-da meňzeşdir. Türkmenistan belarusly hyzmatdaşlaryň ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny we öňe sürýän tekliplerini hemmetaraplaýyn goldaýandygyna ýokary baha berýär. Şunda, milli Liderimiz 2015-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahata Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň hut özüniň gatnaşandygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň dekabrynda hem BMG-niň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň başlangyjy boýunça ulag meseleleri babatdaky nobatdaky Kararnamany kabul etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Aleksandr Lukaşenkony Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyjy boýunça şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Milli Liderimiz ähli ugurlarda baý tejribä eýe bolan türkmen-belarus gatnaşyklarynyň häzirki döwürde täze mazmun bilen üsti ýetirilýär diýip belläp, Garlykda kaliý dökünlerini öndürmek boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyň gurluşygynyň bilelikde amala aşyrylýan taslamasyny mysal hökmünde getirdi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi iki tarapa hem ykdysady bähbit getirer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça gatnaşyklaryň meselelerine degip geçip, bu ulgamda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda goldaw berýändigi üçin belarus tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçmek bilen, milli Liderimiz türkmen-belarus hökümetara toparynyň işiniň netijeli häsiýete eýedigini belledi we bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmak üçin zerur mümkinçilikleriň bardygyny belledi.


Gumanitar ulgamdaky döwletara gatnaşyklaryň soňky ýyllarda işjeň häsiýete eýe bolandygy bellärliklidir, şeýle hem iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň arasyndaky gatnaşyklary hem-de medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin zerur mümkinçilikler döredildi. Bu babatda şu gün Minskide Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylýandygyny, oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzdan wekilçilikli toparyň gelendigini bellemeli.

Belarus kärdeşine Belarus Respublikasyna resmi sapar bilen gelip görmäge iberen çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz dostlukly döwletiň halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidentini özi üçin islendik amatly pursatda Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Iki ýurduň Liderleri birek-birege düşünişmek, ynanyşmak we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde türkmen-belarus gatnaşyklarynyň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de häzirki zamanyň ýagdaýyny, geljekki ösüşi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlediler. Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatyň birnäçe möhüm ugurlary boýunça-da pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde Uly maslahatlar zalynda dowam etdi.

Prezident Aleksandr Lukaşenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmen wekiliýetiniň agzalaryny belarus topragynda ýene bir gezek mübärekläp, ýokary derejedäki duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň döwletara gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýe bolýandygyny we netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ikitaraplaýyn gyzyklanmalary alamatlandyrýandygyny nygtady.

Belarus Lideriniň belleýşi ýaly, ikiçäk geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň ählumumy gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigi tassyklanyldy. Prezident Aleksandr Lukaşenko Belarusuň we Türkmenistanyň birek-biregi halkara giňişliklerde goldaýandygyny belläp, netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi. Belarus Respublikasynyň Baştutany deňeçer daşary syýasaty ýöredýän we tutuş Merkezi Aziýa üçin ähmiýeti bolan iri düzümleýin taslamalary öňe sürýän Türkmenistanyň dünýäde uly abraýdan peýdalanýandygyny nygtady. Şunda, Belarusuň şol möhüm taslamalara gatnaşmaga bolan gyzyklanmalary beýan edildi. Munuň özi türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde goşmaça binýady kemala getirer we Türkmenistanyň sebitdäki ähmiýetiniň berkemegine ýardam eder.

Prezident Aleksandr Lukaşenko ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, bu ýerde döwletara gatnaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen birnäçe möhüm ugurlaryň bardygyny belledi. Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy şolaryň esasylarynyň biridir. Belarus Lideri bu taslama gatnaşyklaryň beýleki ugurlarynyň ösdürilmegine ýardam berjekdigini belledi. Belarus Respublikasynyň Baştutany Türkmenistana belarus tehnikalaryny ugratmagy netijeli gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, öz ýurdunyň bu köpýyllyk hyzmatdaşlygy yzygiderli dowam etmäge bolan üýtgewsiz gyzyklanmalaryny beýan etdi.

Şunuň bilen birlikde, Prezident Aleksandr Lukaşenko Belarusuň Türkmenistanyň oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagaty toplumlaryndaky maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag pudagynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini nazara alyp, demir ýollaryň bilelikdäki düzümleýin taslamalaryna işjeň gatnaşmaga we degişli hünärmenleri taýýarlamaga gyzyklanma bildirilýändigi aýdyldy.

Belarus Lideriniň belleýşi ýaly, türkmen ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşini nazara almak bilen, Belarus dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakda tejribe alyşmaga taýýardyr. Ylmy-tehniki ulgam hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu ugurda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, şol sanda kompýuter tehnologiýasy ulgamynda, olary dürli pudaklara ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçilikler bar.

Prezident Aleksandr Lukaşenko türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolan medeniýet ulgamyndaky döwletara gatnaşyklara degip geçmek bilen, Belarusuň ilatynyň Türkmenistanyň sungat ussatlary bilen duşuşmaga hemişe şatdygyny nygtady. Şunda, Belarus Respublikasynyň Baştutany Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň iki halkyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda möhümdigini belledi.

Belarus Lideri Türkmenistanyň Minskidäki ilçihanasynyň binalar toplumynyň açylmagynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary ynanyşmak derejesiniň nobatdaky subutnamasydygyny aýtdy.

Prezident Aleksandr Lukaşenko sözüniň ahyrynda ähli ugurlar boýunça türkmen-belarus dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de netijeli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Aleksandr Lukaşenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalaryny belarus topragynda görýändigine şatdygyny belläp, öz ýurdunyň dostlukly Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimize söz berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Aleksandr Lukaşenko we belarusly hyzmatdaşlara mähirli kabul edilendigi hem-de bilelikdäki iş üçin oňat şertleriň döredilendigi üçin ýene bir ýola minnetdarlyk bildirip, bu gezekki resmi saparyň döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna çykmak bilen, ony giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim hökmündäki ähmiýetini nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, häzirki döwürde türkmen-belarus gatnaşyklarynyň uzakmöhletleýin we strategik häsiýete eýedigini ynamly aýdyp bolar. Bu gatnaşyklar iki halkyň abadançylygynyň bähbidine yzygiderli ösdürilmäge gönükdirilendir. Türkmenistan we Belarus Respublikasy deňhukukly, beýleki ýurtlaryň içerki işine gatyşmazlyk, özygtyýarlylygyna hormat goýmak hem-de ösüşiň milli ugruny saýlap almak hukugyna eýe bolan esaslaryna daýanýan döwletara gatnaşyklaryň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şu ýörelgä eýermek bilen, döwletlerimiz iri halkara guramalaryň, öňi bilen bolsa BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň çäklerinde halkara gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürer.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Belarusuň halkara giňişlikde Türkmenistanyň ählumumy energetika howpsuzlygy we ulag hyzmatdaşlygy ýaly möhüm ugurlardaky başlangyçlarynyň tarapdary, BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş edýändigini belledi. Iki döwletiň BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşi, ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi we birnäçe ýöriteleşdirilen komissiýalaryň, komitetleriň saýlawlarynda birek-birege netijeli goldaw bermegi gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýedigini alamatlandyrýar.

Iki ýurduň özara gatnaşyklaryň meselelerine bolan şunuň ýaly netijeli, jogapkärçilikli çemeleşmeleri dünýäniň dürli sebitlerinde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlary nazara alanyňda has-da möhümdir. Milli Liderimiz Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň çylşyrymly ýagdaýlary we gapma-garşylyklaryň diňe parahatçylykly ýol, syýasy-diplomatik çäreler arkaly çözmek boýunça eýeleýän ornunyň munuň aýdyň subutnamasydygyny belläp, bu babatda harby güýçleriň ulanylmagynyň kabul ederlikli däldigini nygtady.

Biziň ýurtlarymyz halkara terrorçylyk, neşeleriň bikanun dolanyşygy, guramaçylykly halkara jenaýatçylyk ýaly, häzirki zamanyň ählumumy wehimlerine netijeli garşy durmakda hem hyzmatdaşlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň we Belarusuň daşary syýasat ugruna degişli möhüm meseleler boýunça çemeleşmeleriniň gabat gelýändigini nygtady. Olaryň dünýäde bolup geçýän ýagdaýa jogapkärçilikli baha bermek esaslaryna daýanýandygy we iki ýurduň halkara hukuk, BMG-niň Tertipnamasynyň kadalaryna berk ygrarlydygy hem-de häzirki döwürde parahatçylykly ýörelgeleriň esasy hökmünde bu gatnaşyklaryň tassyklanylmagyna ýardam bermäge taýýardygy bellenildi.

Milli Liderimiz söwda-ykdysady gatnaşyklaryň türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm orun eýeleýändigini belläp, Belarus Respublikasynyň Türkmenistanyň ozaldan gelýän ygtybarly hyzmatdaşydygyny aýtdy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugta hukuk binýady döredildi. Ýüze çykýan meseleleriň gyssagly we netijeli çözülmegine mümkinçilik berýän geňeşmeler hem-de gatnaşyklar yzygiderli guralýar. Şunda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlygyň ähli meseleleri boýunça taraplaryň belli bir karara gelýändigini kanagatlanma bilen nygtady. Belarus tarapynyň hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy bellärliklidir. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu ýörelgä ýokary baha berýändigini we onuň döwletara gatnaşyklaryň üýtgewsiz dörediji häsiýete eýe bolmagynyň, olary mundan beýläk-de berkitmegiň we ösdürmegiň möhüm şertidigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň dag-magdan, oba hojalygy, ulag we beýleki pudaklarynda işleýän belarus kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň köpýyllyk we üstünlikli häsiýete eýedigini belledi. Garlykda kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyň gurluşygy boýunça ylalaşygyň ýerine ýetirilmegi häzirki döwürde iri möçberli taslamalaryň biridir. Bu ýerde kuwwaty ýylda 1 million 400 müň tonna çenli bolan kuwwatlykdaky önümçilik herekete giriziler. Bu taslama iki tarap üçin hem örän ähmiýetlidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň bu toplumyň gurluşygynyň barşyna yzygiderli üns berjekdigine, gurluşygyň öz möhletinde — 2017-nji ýylyň mart aýynyň aýagynda tamamlanjakdygyna ynam bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, Belarusuň ýokary okuw mekdeplerinde milli ykdysadyýetimiz üçin bu täze pudakda işlejek ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak hakynda ylalaşyk gazanyldy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda degişli işleriň alnyp barylýandygyny we dowam etdiriljekdigini aýtdy. Şeýle hem ýurdumyz belarusly hyzmatdaşlardan Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyň gurluşyk meýdançasynda birnäçe ugurlar boýunça üç aýa çenli möhlet bilen türkmen hünärmenlerini okatmak üçin mugallymlary ibermegi teklip etdi.

Ählumumy energetika howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny, şol sanda TOPH taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Ýurdumyzyň awtomobil we traktor tehnikalary bazary Belarus üçin has-da ähmiýetli bolup durýar. Häzirki döwre çenli ýurdumyza Minskiniň traktor zawodynyň 5 müňden gowrak tehnikalary, Minskiniň awtomobil zawodynyň şonça mukdardaky ýük ulaglary iberildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz iki ýurduň degişli düzümlerine bu ugurdaky hyzmatdaşlygy dowam etmegiň möhüm meselelerini seljermek we olary durmuşa geçirmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamak barada tabşyryk bermegiň ýerlikli boljakdygyny aýtdy. Aşgabatda belarus tehnikalaryna hyzmat edýän köpugurly serwis merkeziniň gurluşygynyň meýilleşdirilmegi bu ugurda möhüm tapgyr bolup durýar. Häzirki döwürde bölünip berlen ýer böleginde gurluşyk işleri, tehniki hyzmat beketleriniň binasyny, ammar we edara binalaryny gurmak işlerine girişildi. Hyzmatdaşlygyň birnäçe geljekki ugurlary, hususan-da, Türkmenistana ýük wagonlaryny, ýol enjamlaryny, liftleri, ýeňil senagatynyň önümlerini ugratmagyň meseleleri bilelikde işlenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde ýurdumyzyň Belarusa ugradylýan harytlary köpugurly esasda artdyrjakdygyny we olaryň möçberlerini ýokarlandyrjakdygyny belledi. Milli Liderimiz Türkmenistan ýangyç-energetika toplumyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, dokma senagatynyň önümleriniň ugradylýan möçberlerini artdyrmak üçin zerur kuwwatlyklara eýedir diýip belledi we belarusly hyzmatdaşlara bu ugurlar boýunça pikirlenmegi teklip etdi.

Milli Liderimiz özara haryt dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmak, ikitaraplaýyn mümkinçilikleri öwrenmek ýaly möhüm meseleler barada durup geçip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyna maksatnamalaýyn baha bermegiň zerurdygyna, gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin onuň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemegiň we netijeli gepleşikleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belarus hökümetara toparyna jogapkärli wezipe degişli bolup durýar. Onuň nobatdaky mejlisi 2016-njy ýylyň güýzünde Minskide geçiriler. Hormatly Prezidentimiz anyk häsiýete eýe bolmagy üçin oňa mejlise ykjam taýýarlyk görmegiň möhümdigi hakynda aýdyp, toparyň işinde söwda-ykdysady ösüşiň häzirki ýagdaýlarynyň öz beýanyny tapmalydygyny, onuň sebitara hyzmatdaşlygynda, hususan-da, ulag ulgamyndaky gatnaşyklarda ähmiýetiniň ýokarlanýandygyny belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň häzirki döwürde kuwwatly ulag-üstaşyr düzümini döredýändigini belledi. Bu ýagdaýy we amatly geografiki şertleri nazara almak bilen, Demirgazyk—Günorta, Gündogar—Günbatar ugurlary, Gündogar we Merkezi Ýewropa, Baltika sebitine, Ýakyn Gündogaryň, Günorta Aziýanyň ägirt uly bazarlaryna çykalgany üpjün edýän ulgamyň Ýewraziýa ulag-üstaşyr gatnaşyklaryna has işjeň goşulmagy üçin bu ýörelgeleriň peýdalanylmagy iki ýurt üçin oňyn mümkinçilikleri açýar. Bilelikdäki uzakmöhletleýin daşary syýasaty kemala getirmekde şunuň ýaly geljegi uly ugurlaryň nazarda tutulmagy wajyp ýagdaýdyr. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny meýilleşdirmekde häzirki döwürde strategik çemeleşmeler, pikirlenişiň giň ulgamy zerur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde emele gelýän çynlakaý ýagdaýlaryň we öňe gidişlikleriň ulgamynda giň möçberli maksatlaryň bolmagynyň möhüm şertidigini nygtady. Türkmenistan we Belarus bu ulgamda mynasyp orun eýelemäge çalyşmalydyrlar.

Milli Liderimiz iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanmanyň bardygyny belläp, bilelikdäki işewür maslahatlaryň, belarus we türkmen harytlarynyň bilelikdäki sergi-ýarmarkasynyň yzygiderli guralýandygyny nygtady. Munuň özi iki tarapyň gatnaşyklarynyň şeýle görnüşine uly goldaw berýändigini, munuň üçin amatly mümkinçilikleriň döredilýändigini tassyklaýar. Döwlet Baştutanymyz “Belarus-türkmen söwda öýi” hojalyk jemgyýetiniň sergi merkeziniň, hyzmatdaşlyk boýunça Işewürler geňeşiniň durmuşa geçirýän çärelerini, Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-ynsanperwer ulgamy döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, häzirki döwürde türkmen we belarus halklaryny baglanyşdyrýan gadymy dostluk gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. Türkmenistan we Belarus köp ýyllaryň dowamynda bilim ulgamynda üstünlikli gatnaşyk saklaýar. Häzirki döwürde türkmen ýaşlarynyň 9 müňe golaýy Belarusuň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýar. Şunda, Belarus Respublikasy Türkmenistanyň wajyp hyzmatdaşlarynyň biridir. Milli Liderimiz ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etmäge we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belläp, Belarusuň ýokary okuw mekdepleriniň ýurdumyz üçin ýokary hünärli işgärleri, aýratyn-da, milli ykdysadyýetimizi täzeçil başlangyçlar esasynda özgerdilmegini nazara almak bilen, zerur bolan hünärmenleri taýýarlamakda möhüm wezipäni ýerine ýetirýändigini nygtady. Şunda, gürrüň ýokary tehnologiýalar, maglumatlar, aragatnaşyk we dolandyryşyň häzirki zaman ugurlary ýaly hünärler hakynda barýar.

Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýola goýulýan göni gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýändigini belledi. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda bu ulgamda çäreler, şol sanda professor-mugallymlaryň düzüminden ybarat wekiliýetleri alyşmak, iki ýurduň ýokary mekdepleriniň rektorlarynyň mejlisini geçirmek ýaly çäreler guraldy. Türkmenistanda Belarusuň okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda bilim ýarmarkalary yzygiderli geçirilýär.

Ylym ulgamynda ýola goýulýan gatnaşyklar sazlaşykly häsiýete eýe bolýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Belarus Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň arasynda 2013—2017-nji ýyllarda ylym we tehnologiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna gol çekildi. Ylym we tehnologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-belarus topary döredildi. Ol Minskide we Aşgabatda mejlisini geçirdi.

Şunuň bilen birlikde, ýurtlarymyzyň paýtagtlarynda we beýleki şäherlerinde Türkmenistanyň hem-de Belarusuň halklarynyň birek-birege düşünişmegine we ýakynlaşmagyna ýardam edýän Medeniýet günleri, Kino günleri, aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary, döredijilik toparlarynyň duşuşyklary guralýar.

Sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirildi. Syýahatçylyk ulgamyndaky özara gatnaşyklary giňeltmek üçin oňyn tejribe toplanyldy. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz iki halkyň baý ruhy mirasynyň, ýokary intellektual derejesiniň ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek, medeniýetleri özara baýlaşdyrmak üçin oňyn mümkinçilikleri döredýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen we belarus halklary birek-birege hemişe uly hormat goýýarlar. Bizi diňe bir döwletara gatnaşyklary däl, eýsem, umumy ruhy gymmatlyklar, watansöýüjilik, däp-dessurlara sarpa goýmak ýaly ahlak ýörelgeleri baglanyşdyrýar. Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň garaşsyz ösüş ýoly bilen ynamly gadam urýan häzirki taryhy döwründe bu ýörelgeler iki halkyň we döwletiň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň möhüm şertidir.

Milli Liderimiz bu gezekki resmi sapar gatnaşyklaryň ägirt uly mümkinçiliklerini ýüze çykarjakdygyny we halkara durmuşynyň möhüm meseleleri boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň möhümdigini tassyklajakdygyny hem-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin bilelikde işlemäge bolan gyzyklanmalary äşgär etjekdigini belledi. Şu günki gepleşikleriň jemleri boýunça iki ýurduň öňe okgunly hereket etmäge, Türkmenistanyň we Belarusuň halklarynyň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň täze çäklerini özleşdirmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerine ýetirilen işler, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli meselelerini işjeň ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlyk hem-de netijeli çemeleşmeler üçin belarusly hyzmatdaşlara minnetdarlyk bildirip, türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň aýratyn hyzmatynyň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz belarus kärdeşine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Belarus Respublikasynyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk we döredijilikli işinde üstünlikler arzuw etdi.

Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikler tamamlanandan soň, Belarus tarapynyň adyndan hormatly Prezidentimize ýadygärlik sowgat gowşuryldy.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Belarus Respublikasynyň çägine Türkmen-belarus söwda öýüniň hem-de Türkmenistanyň çägine Belarus-türkmen söwda öýüniň getirýän harytlaryna goşulan bahalar üçin salgytdan boşatmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet we sungat babatda 2017—2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Belarus Respublikasynyň Sport we syýahatçylyk ministrliginiň arasynda bedenterbiýe we sport babatda hyzmatdaşlygyň 2016—2017-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna; Özara hyzmatdaşlyk hakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Belarus döwlet agrar tehniki uniwersitetiniň arasynda Şertnama; Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty bilen Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersitetiniň arasyndaky Şertnamanyň çäklerinde 2016—2017-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna; Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty bilen Belarus döwlet aragatnaşyk akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Şertnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Belarus milli tehniki uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy ýerine ýetirmek boýunça 2016—2020-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasyna; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Belarus Respublikasynyň Döwlet milli teleradio kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi.

Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Bu sanawdan görnüşi ýaly, gol çekilen resminamalar toplumy iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilendir. Munuň özi ylym-bilim ulgamy ýaly möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlyga bolan ulgamlaýyn çemeleşmeleri, gatnaşyklaryň anyk netijä gönükdirilendigini alamatlandyrýar. Şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň bar bolan mümkinçilikleri uzakmöhletleýin esasda durmuşa geçirmegi, uzak geljege niýetlenen döwrebap meýilleri nazara almak bilen, ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmagy nazarlaýan daşary syýasat strategiýasynda oýlanyşykly we öňdengörüjilikli çemeleşmeleriň bardygyny bellemeli.

Ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanansoň, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, Belarus Respublikasynyň Baştutany ýokary derejedäki gepleşikleriň açyklyk we işjeň ýagdaýda geçendigini belledi.

Taraplar belarus-türkmen gatnaşyklarynyň giň ugruny ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn hem-de netijeli häsiýete eýedigini bellediler.

Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Belarus Respublikasy üçin dostluk hem-de hoşniýetli gatnaşyklary baglanyşdyrýan möhüm hyzmatdaş bolup durýar. Minskide we Aşgabatda döwlet Baştutanlarynyň her ýylda geçirýän gepleşikleri munuň tassyknamasydyr.

Daşary syýasatda we ählumumy, sebitleýin ýagdaýlarda iki ýurduň çemeleşmeleriniň ýakyndygyny belläp, belarus Lideri Belarusuň we Türkmenistanyň halkara giňişliginde birek-birege goldaw berýändiginiň ähmiýetlidigini nygtady we munuň geljekde hem şeýle boljakdygyna ynam bildirdi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk we ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy barada aýtmak bilen, Prezident Aleksandr Lukaşenko bilelikdäki işiň täze görnüşleriniň we usullarynyň gözleglerini nazara almak bilen, gatnaşyklary mundan beýläk-de artdyrmak üçin zerur tagallalaryň görülmeginiň möhümdigini belledi. Şu günki geçirilen gepleşiklerde şu ugurlara aýratyn üns berildi. Şu ýylyň ilkinji aýlarynyň netijeleri boýunça özara söwdanyň sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny, haryt dolanyşygynyň 75 göterime golaý ýokarlanandygyny nygtap, Belarus Respublikasynyň Baştutany duşuşygyň barşynda senagat, oba hojalygy, ulag pudaklarynda, ylymda täze ugurlaryň hem-de anyk taslamalaryň kesgitlenendigini aýtdy.

Belarus Lideriniň belleýşi ýaly, taraplaryň umumy pikirine görä, hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini işjeň herekete girizmek zerurdyr. Bellenilişi ýaly, Belarus Respublikasy Türkmenistanyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmaga, häzirki zaman oba hojalyk, awtomobil we ýolagçy tehnikalaryny ugratmaga taýýardyr. Ulag-üstaşyr düzümini ösdürmek babatda ýol gurluşygynda, ulag ýollarynyň taslamalaryny taýýarlamakda, gaz we turba geçirijileri, energetika desgalaryny gurmakda Belarusuň türkmen hyzmatdaşlaryna oňyn tejribelerini hödürläp biljekdigi aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Aleksandr Lukaşenko sebitleýin möçberdäki düzümleýin taslamalary bilelikde durmuşa geçirmek üçin bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady.

Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy barada aýtmak bilen, Belarus Respublikasynyň Baştutany bilelikdäki möhüm taslamanyň durmuşa geçirilmegine belarus tarapy hem ähmiýet berýär diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Aleksandr Lukaşenko geçirilen gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, bu möhüm senagat desgasynyň bellenilen möhletlerde ulanmaga beriljekdigi barada aýtdy.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, belarus Lideri döwletara söwda-ykdysady we syýasy gatnaşyklaryň gün tertibiniň ynsanperwer hyzmatdaşlyk arkaly üstüniň ýetirilýändigini belledi. Şu gün geçirilen gepleşiklerde birnäçe ylalaşyklar gazanyldy. Olar bilim, medeniýet we sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam berer. Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň belleýşi ýaly, Belarus Respublikasy mundan beýläk-de Türkmenistan üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga hemmetaraplaýyn goldaw berer. Ylym, täze tehnologiýalar, şeýle hem saglygy goraýyş pudaklaryndaky gatnaşyklary ösdürmek iki ýurduň bähbidine laýyk gelýär.

Türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi döwletara gatnaşyklarynyň möhüm wakasydyr diýip bellemek bilen, Belarusuň Baştutany Minskide Türkmenistanyň ilçihanasynyň täze binasynyň açylmagyny şanly waka hökmünde kesgitledi.

Prezident Aleksandr Lukaşenko bu gezekki gepleşiklerde gazanylan ylalaşyklar we olaryň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalaryň Belarusuň we Türkmenistanyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine ýardam berjekdigine we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňaýly şertleriniň berkidilmegini üpjün etjekdigine ynam bildirdi. Belarus Lideri sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Belarus üçin strategik hyzmatdaş we doganlyk ýurt bolup durýandygyny ýene bir ýola nygtady. “Biz dostluk gatnaşyklarymyza we ähli ugurlardaky netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýäris” diýip, Belarus Respublikasynyň Baştutany aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri barada aýdyp, Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Belarus Respublikasynyň Prezidentine myhmansöýerlik, açyk göwünlilik hem-de netijeli işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin, onuň wekiliýetiniň agzalaryna bolsa açyklyk, özara ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Belarusuň iki döwletiň hem bähbitlerine laýyk gelýän ysnyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy, dürli ulgamlarda geljekki gatnaşyklar üçin zerur kuwwatyň bardygy bellenildi.

Taraplaryň ählumumy durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa sebitlerinde ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýagdaýyny pugtalandyrmaga ýardam etmäge çalyşýandygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň deňhukuklylyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyna hem-de öz ösüş ýoluny seçip almak hukugyna hormat goýmak ýörelgelerine eýermäge meýillidiklerini belledi. Taraplar şundan ugur alyp, hyzmatdaşlygy dowam etmek we abraýly halkara guramalarynda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda hem-de Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde öz ornuny utgaşdyrmak barada ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, mundan beýläk hem dünýä syýasy giňişliginde birek-biregi goldamak babatda ýola goýlan tejribe ulanylar. Bu tejribe özüniň netijelidigini subut etdi.

Taraplar Ýer ýüzüniň dürli sebitlerinde ýagdaýyň çylşyrymlaşýandygyna çuňňur alada bildirip, Türkmenistanyň hem-de Belarusuň ähli dawalaryň we gapma-garşylyklaryň diňe parahatçylykly ýol arkaly, syýasy-diplomatik çäreleriň çäginde çözülmelidigi barada eýeleýän berk ornuny tassykladylar diýip, milli Liderimiz nygtady. Biziň ýurtlarymyz häzirki döwrüň ählumumy howplaryna — halkara terrorçylygyna, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy netijeli göreşmek işinde hyzmatdaşlygy dowam etdirerler. Şeýle özara gatnaşyklar ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalarynyň çäklerinde amala aşyrylar.

Şu günki duşuşyk söwda-ykdysady ulgamda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň esasyny pugtalandyrdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Türkmenistan Belarus Respublikasyny köpden bäri gelýän, ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýar. Türkmenistanda kuwwaty ýylda 1 million 400 müň tonna önüme barabar bolan Garlykdaky kaliý dökünlerini öndürmek boýunça dag-magdan – baýlaşdyryjy kärhanasynyň gurulmagy bilelikdäki kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu desga 2017-nji ýylyň mart aýynyň ahyrynda işe giriziler.

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, senagatda, oba hojalygynda, gaýtadan işleýän pudaklarda, dokma senagatynda, gurluşykda we beýleki birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşylandygyny belledi. Özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak we ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin zerur çäreler görler. Ýangyç-energetika toplumyny hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde kesgitläp, milli Liderimiz Türkmenistanyň Belarusa iberilýän ýangyç-energetika toplumynyň önümleriniň möçberlerini artdyrmaga, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegine uly üns berilýär diýip nygtady. Häzirki döwürde Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar—Günbatar we Demirgazyk—Günorta ugry boýunça utgaşykly ulag-üstaşyr hem-de logistiki düzümiň köp şahaly ulgamyny döredýär. Ol özüne Hazar deňzi, Gara deňzi, Baltika sebitlerine çykýan üstaşyr yklymlaýyn geçelgeleri birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Belarusy döwrebap düzüme eýe bolan hem-de amatly ýerleşen, bu meýilnamalary amala aşyrmakda geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar.

Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Bu babatda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, bilelikdäki kärhanalary, önümçilik, hyzmat ediş, gaýtadan işlemek ulgamlarynda ýakynlaşmagyň täze usullaryny döretmek üçin uly mümkinçilikler bar. Döwletleriň özara işewürlik gatnaşyklaryny goldamagy barada ylalaşyk gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň halklaryny öňden gelýän dostluk, birek-birege hormat goýmak hem-de hoşniýetlilik gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Şoňa görä-de, biz gatnaşyklarymyzyň ynsanperwer ulgamyna aýratyn ähmiýet berýäris hem-de türkmen we belarus halklarynyň ysnyşykly gatnaşyklary ösdürmäge, iki ýurduň baý medeni-taryhy mirasyny öwrenmäge gyzyklanmasyny hemmetaraplaýyn goldarys, iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik hyzmatdaşlygy üçin şertleri dörederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ylym we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň görnüşlerini hem-de ugurlaryny has-da giňeltmek barada ylalaşyk gazanyldy. Bu hyzmatdaşlyk köpýyllyk oňat däplere eýedir. Biz Belarus Respublikasyna işgärleri taýýarlamak babatda esasy hyzmatdaşlarymyzyň biri hökmünde garaýarys hem-de bu ugurda özara gatnaşyklary yzygiderli ösdüreris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Aýdylanlary jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu saparyň barşynda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň ysnyşykly hem-de köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny we çalyşýandyklaryny ýene-de bir gezek görkezendiklerini nygtady. Bu hyzmatdaşlyk ýurtlarymyzyň halklarynyň jana-jan bähbitlerine, döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ösüşiniň ýagdaýyna laýyk gelýändigini nygtady.

Häzirki wagtda iki ýurduň gatnaşyklary deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, dostluk esasynda guralýar. Döwlet Baştutanymyz çuň taryhy köklere, medeni, ynsanperwer gatnaşyklaryň baý däplerine, iki ýurduň hem ägirt uly kuwwatynyň bardygyna göz ýetirmäge esaslanýandygyny aýtdy. Saparyň netijeleri türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň uzak möhletli, strategik ugurlydygyny görkezdi. Onuň barşynda dürli ulgamlarda möhüm resminamalara gol çekildi. Hyzmatdaşlyk daşky ýagdaýlara bagly däldir, biziň halklarymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belarus kärdeşiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde we berkitmekde uly şahsy hyzmatynyň bardygyny belledi.

Milli Liderimiz ýokary derejede geçirilen duşuşygyň netijelerine kanagatlanma bildirdi we pursatdan peýdalanyp, Belarus Respublikasynyň ähli halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Prezident Aleksandr Lukaşenkony islendik amatly wagtda Türkmenistana gelip görmäge çagyrandygyny aýtdy. Metbugat maslahaty tamamlanandan soň, iki ýurduň Baştutanlary Garaşsyzlyk köşgünden çykyp, bilelikde Hormatly myhmanlaryň seýilbagyna bardy. Bu ýerde, asylly däbe görä, şu günki wakanyň hormatyna milli Liderimiz iki ýurduň we halklaryň arasyndaky bozulmaz dostluk gatnaşyklarynyň nyşany bolan ýaş agaç nahalyny oturtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz faşizme garşy bolan söweşlerde wepat bolan milli gahrymanlaryň ýadygärligini, 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda belarus halkynyň görkezen edermenligini ebedileşdirýän binanyň oturdylan Ýeňiş meýdanyna geldi. Ýadygärlik çal reňkli granit daşy bilen örtülipdir, onuň ýüzünde Ýeňiş ordeniniň şekili suratlandyrylypdyr. Ýadygärligiň eteginde Baky alaw ýanýar.

Bina tarap barýan ýoluň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama durzuldy. Harby orkestriň ýerine ýetirmeginde ýaňlanýan dabaraly sazyň astynda hormatly Prezidentimiz belarus halkynyň gahrymançylygyny hatyralap, Ýeňiş binasynyň etegine ajaýyp gül dessesini goýdy.

Soňra Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlandy. Ýeňiş binasynyň öňünden Hormat garawulynyň esgerleri we harby orkestriň sazandalary dabaraly ýöriş bilen geçdiler.

Şu gün belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Belarus Respublikasynyň Prezidenti resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda iki ýurduň döwlet Baştutanlary söz sözlediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Belarus Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.