Ï Türkmenistanda Wengriýanyň ilçisi işe başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Wengriýanyň ilçisi işe başlady

view-icon 793
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ýanoş Kowaçeden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ýanoş Kowaçeni ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde we dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikler arzuw etdi.

Diplomat hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize öz ýurdunyň ýolbaşçylygynyň adyndan mähirli salamy hem-de iň gowy arzuwlary ýetirdi.

Ilçi sebitde durnuklylygy pugtalandyrmaga hem-de dünýäniň ähli döwletleri bilen oňyn gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna ýokary baha berip, Wengriýanyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň, BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýokary gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda wenger diplomaty döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan iri taslamalar we maksatnamalar bilen tanyşdyryldy, oňyn halkara hyzmatdaşlygy hem-de iň gowy dünýä tejribesini we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bu özgertmeleriň ileri tutulýan ugrudyr.

Ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmegiň geljegi, türkmen-wenger hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge ýardam bermek ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy.

Söwda-ykdysady ulgam, energetika, derman we azyk senagaty, oba hojalygy, suw serişdelerini dolandyrmak we beýlekiler döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Ilçi ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmegiň möhümdigini nygtap, Wengriýanyň işewürler toparlarynyň wekilleriniň geljegi uly türkmen bazaryna gyzyklanma bildirýändiklerini belledi. Şeýle hem ikitaraplaýyn işewürler maslahatlarynyň hem-de medeni alyşmalaryň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy baradaky pikir beýan edildi, munuň özi iki dostlukly halkyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam eder.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Ýanoş Kowaçe öz ýurdunyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili hökmünde iki halkyň hem-de döwletiň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly we oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge işjeň ýardam berjekdigine ynandyrdy.

* * *

Diplomatyň ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we pudak edaralarynda geçiren duşuşyklary türkmen-wenger gatnaşyklarynyň anyk ugurlaryna bagyşlandy.