BMG-niň Merkezi Aziýadaky Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezinde şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçiriljek Ynsanperwer meseleleri boýunça Bütindünýä sammiti barada habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin maslahat geçirildi. Nýu-Ýorkdan on-laýn düzgüninde alnyp görkezilen, wideomaslahat görnüşinde guralan duşuşygy BMG-niň Baş sekretarynyň ynsanperwer meseleleri boýunça orunbasary, BMG-niň Adatdan daşary ýardam boýunça utgaşdyryjysy Stiwen O’Braýen geçirdi. Ol gysgaça beýannama bilen çykyş edip, žurnalistleri gyzyklandyrýan sowallara jogap berdi.
Bellenilişi ýaly, Ynsanperwer meseleler boýunça bütindünýä sammiti Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň 70 ýyllyk taryhynyň içinde ilkinji gezek çagyrylýar hem-de kyn ýagdaýa düşen adamlaryň mertebesini we howpsuzlygyny goramak boýunça çäreleri görmek babatda halkara bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek üçin binýat bolmaga gönükdirilendir.
Ýurdumyz özüni BMG-niň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde tanadyp, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça halkara gatnaşyklarynda işjeň orny eýeleýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen sammitde giň seslenmä eýe bolan çykyşy şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden beýan ede täze netijeli başlangyçlary ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirildi.
BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) şu ýylyň aprelinde geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň bu abraýly halkara guramanyň üç düzümine – 2017—2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Ylym we tehnika baradaky toparyna, 2016-2020-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş toparyna hem-de 2017—2021-nji ýyllar üçin Durmuş taýdan ösüş toparyna saýlanmagy biziň ýurdumyzyň dünýä bileleşiginde eýeleýän ornunyň we abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýär. Toparlarda agzalyk halkara gatnaşyklaryny ýola goýmakda, dünýä döwletleriniň we sebitleriniň halklarynyň durnukly ösüşine goşulmakda BMG-niň ýardam etmegine gönükdirilen bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamaga we kabul etmäge gös-göni gatnaşmaga mümkinçilik berýär.
Biziň ýurdumyzyň adamzady bynjalyk edýan meseleleriň, şol sanda ynsanperwer ulgamda meseleleriň oňaýly çözgüdini gözläp tapmaga gös-göni gatnaşmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2012-nji ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen “Musulman dünýäsinde bosgunlar” diýen halkara maslahatynda hem-de 2014-nji ýylyň iýunynda BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň howandarlygynda geçirilen Migrasiýa we raýatsyzlyk boýunça halkara maslahatynda hem öz beýanyny tapdy.
Alyp barýan ynsanperwer syýasaty netijesinde Türkmenistan dürli sebäpler boýunça mähriban ojagyny taşlamaga hem-de öz ýurtlarynyň çäklerinden çykmaga mejbur bolan adamlaryň ikinji Watanyna öwrüldi. 2011—2014-nji ýyllarda Türkmenistanyň raýatlygyna ýurdumyzda hemişelik ýaşap ýören we raýatlygy bolmadyk adamlaryň 5 müňe golaýynyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 2015-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanyň raýatlygyna adamlaryň ýene-de 361-si kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun bu çärelere halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny iş ýüzünde amala aşyrmak babatda oňyn tejribe hökmünde baha berdi.