Şu günler Aşgabatda “Ýyldyz”myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy (BMG ÝYK) we Bütindünýä söwda guramasy (BSG) bilen bilelikde guralan “Merkezi Aziýa we köptaraply söwda ulgamy” atly ýokary derejeli üç günlük maslahat geçirilýär.
Köptaraply duşuşyga gatnaşyjy daşary ýurtlularyň arasynda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) girýän ýurtlaryň — Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Eýranyň wekilleri, şeýle hem “Merkezi Aziýada sebitleýin söwda goldaw bermek” (Germaniýa) diýen GIZ Maksatnamasynyň, UNCTAD (Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş boýunça maslahaty), UNDP (BMGÖM) hem-de Bütindünýä Bankynyň wekilleri bar.
BSG-ä agza bolmagyň, şol sanda Merkezi Aziýada söwda işlerini ýönekeýleşdirmek üçin oňa girmegiň artykmaçlyklary, sebitleýin ýakynlaşma ara alyp maslahatlaşmagyň esasy meselesi boldy. Şeýle hem forumyň barşynda oňa gatnaşyjylar halkara söwdasyny ilerletmek hem-de bu ulgamda agza döwletleriň gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek üçin 1995-nji ýylda döredilen BSG-niň işiniň maksatlary we ýörelgeleri bilen tanyşdyryldy. BSG täze söwda ylalaşyklaryny işläp düzmäge hem-de ornaşdyrmaga jogap berýär, şeýle hem dünýäniň köp ýurtlary tarapyndan gol çekilen we olaryň parlamentleri tarapyndan goldanylan şertnamalaryň guramanyň agzalary tarapyndan berjaý edilmegine gözegçilik edýär.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy daşary ýurt işewür toparlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär. Dünýäniň ykdysady giňişligine has işjeň ýakynlaşmak üçin ýurdumyzda kanunçylygyň tapgyrlaýyn kämilleşdirilmegi alnyp barylýar, hususan-da, daşary söwda gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaýyn-hukuk namalar kämilleşdirilýär. Mundan başga-da, Türkmenistan halkara maliýe we ykdysady guramalar tarapyndan geçirilýän geňeşmelere we duşuşyklara örän işjeň gatnaşýar, harytlaryň halkara bazaryna seljeriş geçirýär.
Gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek milli Liderimiziň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, ilatyň ýal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirip, alyp barýan syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýörite döredilen toparyň bilermenleriniň öňünde ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna ygtybarly we netijeli ýakynlaşmagy, ýurdumyzda döredilýän önümçilikleriň hem-de çykarylýan önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, kanunçylyk esasynda halkara derejesine laýyklykda bazar gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça wezipäni goýdy.
Toparyň wezipesine Bütindünýä söwda guramasynyň ylalaşyklaryny we düzgünlerini öwrenmek, ýurduň BSG-ä girmeginiň milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna täsir edişine seljeriş geçirmek, degişli teklipleri taýýarlamak meseleleri girýär.
Şeýlelik bilen, BSG-ä girmek boýunça geçirilýän işler ýurdumyzyň dünýäde geljekki ösüşlere niýetlenen ýörelgelerini berkitmäge, ählumumy işlere diňe bir işjeň gatnaşmaga däl, eýsem, özüniň bäsdeşlige ukyplylyk artykmaçlyklaryndan has oňat derejede peýdalanmak mümkinçiligine gönükdirilendir. Bu bolsa halkara giňişliginde ýurdumyzyň ykdysady derejesiniň artmagyna getirer, karzlaryň we maýa goýumlaryň gelmegine ýardam berer.
Ýurdumyzda “Merkezi Aziýa we köptaraply söwda ulgamy” atly ýokary derejeli maslahatyň geçirilmegi sebitiň we dünýäniň işewür toparlarynyň durmuşyň ähli ulgamlarynda ösüşlere beslenen özgertmeler syýasatyny durmuşa geçirýän hem-de öz durmuş-ykdysady ösüşinde täsir galdyrýan üstünlikleri gazanyp, depginli ösýän türkmen döwletiniň oňyn tejribesine bolan barha artýan gyzyklanmasynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Garaşylyşy ýaly, Merkezi Aziýanyň köptaraply söwda ulgamyna ýakynlaşmagyna ýardam bermäge gönükdirilen häzirki maslahatyň netijeleri boýunça Aşgabat Beýannamasyna gol çekiler.
Şeýle hem 13-nji maýda, söwda syýasaty boýunça maslahatyň jemleýji gününde onuň çäklerinde “Merkezi Aziýada söwdada durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek” diýen söwda boýunça SPEKA-nyň mowzuklaýyn işçi toparynyň onunjy mejlisi geçiriler.