Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi, sebitlerde ýaýbaňlandyrylan Milli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişiniň barşy, öňde boljak baýramçylyklara we tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görlüşi bilen baglanyşykly wajyp meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyzyň iş maslahatynyň başynda oňa gatnaşyjylary ýakynlaşyp gelýän ählihalk baýramçylygy—Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlady hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylaryna we olaryň üsti bilen ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewi çagyrdy. Ý. Berdiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky Toparyň geçiren işleri hem-de iş kesilen raýatlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda taýýarlanan Permanyň taslamasy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alnyp, ýurdumyzda jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň günäsini geçip, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, assyly däbe eýerip, ýetip gelýän ählihalk baýramçylygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz iş kesilen raýatlaryň 853-siniň günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz Ý.Berdiýewe günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň baýramçylyk güni öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek meselesini çözmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere öz goşantlaryny goşmaklaryny, Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahaty Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde işleriň häzirki ýagdaýy, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy hem-de welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hususan-da, galla oragyna taýýarlyk görlüşiniň barşy, gowaça ideg etmek boýunça geçirilýän agrotehniki çäreler barada habar berildi. Häkim welaýatda bina edilýän desgalarda alnyp barylýan işler, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk derejesi hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dabaralary guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz öňde boljak galla oragy möwsümini guramaçylykly we öz wagtynda geçirmegiň wajyplygyna ünsi çekip, oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işlemegini, ýetişdirilen bugdaý hasylyny iň soňky dänesine çenli ýygnap almagy hem-de ony zerur derejede saklamak üçin şertleri üpjün etmek boýunça degişli çäreleri görmegi talap etdi. Milli Liderimiz şeýle hem gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek meselelerine hem-de ekin zyýankeşlerine garşy göreşmek üçin zerur çäreleriň görülmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 24 ýyllygyna hem-de beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçiriljek dabaralara degişli meselelere geçip, bellenilen baýramçylyk çäreleriniň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. Şeýle-de bina edilýän desgalaryň gurluşygy boýunça işleriň depginini çaltlandyrmagyň hem-de çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň tomusky dynç alyş möwsümine göwnejaý taýýarlamagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew welaýatyň meýdanlarynda işleriň ýagdaýy, şol sanda galla oragyna görülýän taýýarlyk, bu ugurda zerur agrotehniki çäreleriň geçirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň, hususan-da, welaýatda gurulýan iri desgalarda iş depginlerini artdyrmak, 18-nji maýda bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi guramaçylykly geçirmäge, şeýle hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragyna gatnaşýan ähli düzümleriň işini utgaşdyrmagyň möhümdigini belläp, bu möhüm möwsümiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň senagat we durmuş-medeni düzümini has-da ösdürmek boýunça amala aşyrylýan çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, obany özgertmek boýunça milli maksatnamanyň çäklerinde bina edilýän ähli desgalaryň bellenilen möhletlerde, ýokary hilli we häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gurulmalydygyny aýtdy.
Mundan başga-da, hormatly prezidentimiz Balkan welaýatynyň häkimine çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine, umuman tomusky dynç alyş möwsümine sagaldyş we şypahana merkezlerinde, ozaly bilen "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda taýýarlyk işleriniň depginlerini artdyrmak boýunça anyk tabşyryklar berildi. Olar eýýäm ýakyn wagtda dynç alýanlaryň köp sanlysyny kabul edip, adamlaryň göwnejaý dynç almagyny hem-de wagtyny gyzykly geçirmegini üpjün etmelidir.
Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow sebitde işleriň ýagdaýy we milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, gowaça edilýän ideg agrotehniki kadalaryna laýyklykda geçirilýän işler hem-de oba hojalyk zyýan berijilere garşy göreşmek, galla oragynda ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak we olara tehniki taýdan hyzmat etjek ýörite toparlary döretmek boýunça geçirilen işler barada habar berildi. Bulardan başga-da, welaýatda gurulýan desgalarda gurluşyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi guramaçylykly bellemek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, demirgazyk welaýatyň etraplarynyň ýolbaşçylarynyň hojalyklarda we daýhan birleşiklerinde geçirilýän oba hojalyk işlerini hemişe gözegçilikde saklap, ýüze çykýan ähli meseleleri öz wagtynda çözmegini, pagtaçylary we gallaçylary zerur bolan ähli zatlar bilen üpjün etmegini hem-de degişli çäreleri bellenilen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegini talap etdi. Döwlet Baştutanymyz gowaça degerli ideg etmegiň möhümdigini belledi. Şonuň bilen birlikde, galla oragyna taýýarlyk görmek boýunça meýilnamalaýyn çäreleri işläp taýýarlamak, şol sanda bu möhüm möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlygyny üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyklara, ýetip gelýän çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine degişli derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini aýtdy.
Öz gezeginde Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew sebitiň oba hojalyk pudagynda, hususan-da, gowaça idegi üpjün etmekde işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler, meýilleşdirilen ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilişi, ekin zyýankeşlerine garşy göreşmekde görülýän çäreler hem-de bugdaý oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Welaýatyň ýolbaşçysy, gurulýan möhüm desgalarda işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek çäreler hem-de çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine ähli taraplaýyn taýýarlyk görlüşi barada hem habar berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möhüm oba hojalyk işleriniň geçirilmegi bilen baglanyşykly ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi. Hususan-da, welaýatyň ýolbaşçysyna agrotehniki kadalara pugta laýyklykda gowaçalara zerur derejede idegi üpjün etmek, bugdaý oragyny öz wagtynda guramaçylykly geçirmek boýunça degişli düzümleriň sazlaşykly işini amala aşyrmak tabşyryldy.
Milli Liderimiz ozal beren tabşyryklaryna degip geçmek bilen, welaýaty hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bir hatarda, Oba milli maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam edýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, sebitde desgalaryň gurluşyklarynyň barşyna gözegçiligi gowşatmazlygyň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Häkime ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyk dabaralaryna we beýleki medeni çärelere hem-de çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işlerini zerur derejede üpjün etmäge degişli anyk görkezmeler berildi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow hasabat bilen çykyş etdi. Häkim möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, gowaça ideg etmek hem-de bugdaý oragyna taýýarlyk görmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Häkimiň habar berşi ýaly, sebitde orak möwsüminde hereket etjek tehnikalar eýýäm doly taýýarlyk hataryna çykaryldy, bugdaý oragyny bökdençsiz geçirmek boýunça meýilnama işlenip taýýarlanyldy.
Döwlet Baştutanymyza welaýatyň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen geçirilýän toplumlaýyn çäreler, gurluşyk meýdançalarynda işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreler hem-de tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görlüşi barada-da habar berildi.
Milli Liderimiz häzirki wagtda welaýatyň oba hojalyk ulgamynda ýerine ýetirilýän çäreleriň wajypdygyny nygtap, pudagy ösdürmegiň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Bellenilişi ýaly, gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegine hem-de oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerine garşy göreşmek boýunça anyk çäreleriň görülmegine aýratyn üns berilmelidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bugdaý oragyny guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny nygtap, welaýatda hemme elewatorlary we bugdaý ammarlaryny dänäniň täze hasylyny kabul etmäge doly taýýarlamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagyna hem-de gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegine yzygiderli gözegçilik edilmegini tabşyrdy. Mundan başga-da, öňde boljak baýramçylyk senesi mynasybetli dabaralara we çagalaryň tomusky dynç aljak möwsümine düýpli taýýarlyk görmek barada görkezme berildi.
Milli Liderimiz ösüp gelýän ýaş nesil, olaryň abadançylygy we saglygy baradaky aladanyň mundan beýläk-de döwletiň esasy üns merkezinde boljakdygyny nygtap, welaýatda bar bolan hemme çagalar sagaldyş merkezlerini tomusky dynç alyş döwrüne taýýarlamagyň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmäge, türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga hem-de Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen öňde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.