Ï Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzy ösdürmegiň meseleleri boýunça maslahat geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzy ösdürmegiň meseleleri boýunça maslahat geçirdi

view-icon 715
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahat geçirdi, onuň gün tertibine paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň hem-de eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk görmegiň meseleleri girizildi.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň häkimligine geldi, şol ýerde maslahat geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň we onuň etraplarynyň häkimlikleriniň hem-de şäheriň we etraplaryň degişli gulluklarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, bu meselä bagyşlanyp geçirilen soňky maslahatdan bäri edilen işlere serediljekdigini, şol döwürde geçirilen işleriň netijeleriniň seljeriljekdigini, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny, täze sepgitleriň belleniljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, gözel paýtagtymyzy ösdürmäge uly üns berilýär. Şäher gözümiziň alnynda, çalt depginler bilen ösýär. Soňky ýyllarda Aşgabadyň çäginde täze häzirki zaman şäherçeleri peýda boldy. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy ýakynlaşyp gelýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýerine ýetirilen işler barada hasabat bermek üçin degişli ýolbaşçylara söz berdi.

Ilki bilen Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç.Gylyjow çykyş edip, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak, ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň ýagdaýyna hem-de paýtagtymyzda jemagat hojalygy gulluklarynyň ýerine ýetirýän işlerine geçirilen seljermeleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu babatda birnäçe kemçilikleriň ýüze çykarylandygy aýdyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli barlaglary geçirmegi dowam etmegi hem-de paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew paýtagtymyzda amala aşyrylýan işlere hem-de käbir ýolbaşçylaryň işine geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi. Geçirilen barlaglaryň netijesinde düýpli kemçiliklere ýol berlendigi ýüze çykaryldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, prokuratura edaralaryna döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda kanunçylygyň berk berjaý edilmegine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak ýaly wajyp meselä mundan beýläk-de uly üns bermegi tabşyrdy.

Soňra paýtagtymyzy ösdürmegiň meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow hasabat berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň baş şäherinde dürli maksatly desgalaryň, şol sanda häkimligiň buýurmasy boýunça desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Degişli meýilnama laýyklykda, paýtagtymyzyň etraplarynda abadanlaşdyrmak, binalaryň durkuny täzelemek hem-de täzelerini gurmak, ulag we inžener-tehniki düzümleri döwrebaplaşdyrmak, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän iri möçberli işleriň heniz bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigini belläp, häkime goýberilen kemçilikleri çalt düzetmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmek üçin bir aý möhlet berdi. Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilowa berk käýinç yglan etdi.

Soňra Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministri K.Gurbanow ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat bilen çykyş etdi. Habar berlişi ýaly, milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, paýtagtymyzyň durmuş üpjünçiligi ulgamyny ýokarlandyrmak boýunça meseleleri çözmek ugrunda zerur çäreler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, işleriň haýal alnyp barylýandygy hem-de gulluklaryň ýaramaz işleýändigi üçin ministriň işine nägilelik bildirdi hem-de wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministri K.Gurbanowa berk käýinç yglan etdi.

Soňra ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Harby doktrinasyna pugta laýyklykda, milli Liderimiziň tagallalary bilen Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda bu binýadyň üsti täze awiasion we beýleki zerur bolan harby tehnikalar bilen ýetirildi. Bu döwrebap tehnikalar harby ýörişde görkeziler we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ýokary goranyş ukybynyň aýdyň subutnamasyna öwrüler.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň oktýabrynda geçiriljek uly harby ýörişiň ýokary derejeli hünärmenlere eýe bolan hem-de iň döwrebap harby tehnikalar bilen birkemsiz üpjün edilen milli goşunymyzyň kuwwatyny aýdyň görkezmelidigini belledi hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly birnäçe teklipleri aýtdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň çäklerinde döwletimiz tarapyndan özygtyýarly Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli goşun kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga, harby hünärmenleri taýýarlamaga, ata Watanymyzyň edermen goragçylarynyň gulluk etmegi we ýaşaýyş-durmuşy üçin mynasyp şertleri döretmäge ilkinji derejeli üns beriljekdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri beýan edilýär, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça we ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça işler geçirilýär.

Şöhratly şanly senä bagyşlanyp, kitaplar hem-de dürli neşir önümleri çap etmäge taýýarlanylýar, baýramçylyk gutlaglaryny beýan etmäge niýetlenen neşir önümleriniň birnäçe nusgalary taýýarlanyldy.

Wise-premýer ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde alnyp barylýan dabaraly ýörişe taýýarlyk görlüşiniň meselelerini beýan etdi. Garaşsyzlygyň 25 ýyllygynyň hormatyna paýtagtymyzda geçiriljek dabaraly ýöriş döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini aýdyň görkezer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şanly senä bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynyň milliligini emele getirýän düzümlerine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, milli öwüşgine beslenen dabaralar şatlyk-şowhun bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuny özünde jemlemelidir, ýurdumyzyň agzybir halkyny mähriban Watanymyzyň şöhratyny artdyrmak ugrunda täze üstünliklere ruhlandyrmalydyr.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny giňden we dabaraly ýagdaýda bellemek maksady bilen, degişli Guramaçylyk topary döredildi we şanly baýramyň ýokary guramaçylyk derejesinde garşylanmagy babatda anyk tabşyryklar berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu işe Gurluşyk we binagärlik, Energetika, Jemagat hojalygy ministrlikleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni, Aşgabat şäher häkimligi we beýleki düzümler işjeň gatnaşýar.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň oktýabr aýynda belleniljek Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Aşgabat şäheriniň etraplaryny 2015—2016-njy ýyllarda ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda, şu ýyl iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň 383-si guruldy we eýýäm ulanylmaga berildi. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de dürli maksatly desgalaryň 276-synyň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, täze inženerçilik we kabel ulgamlaryny çekmek, seýilgähleriň we seýilbaglaryň durkuny täzelemek, ýaşaýyş toplumlaryny abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Milli Liderimiz okgunly ösýän Türkmenistanyň ajaýyp nyşany bolan ak mermerli Aşgabat şäheriniň gaýtalanmajak keşbiniň kemala gelmeginiň durmuşa geçirilýän iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna gönüden-göni baglydygyny belläp, baş şäherimizi mundan beýläk-de abadanlaşdyrmagyň, durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň, jemagat hojalygy düzüminiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň paýtagty Aşgabat tutuş ýurdumyzyň abraýyny kesgitleýär. Berkarar döwletimiziň ykdysady we syýasy taýdan ösüşini, jemgyýetimiziň medeni hem-de ruhy durmuşynyň derejesini, aň-bilim taýdan mümkinçiligini görkezýär. Şoňa görä-de, biz paýtagtymyzy ösdürmäge hemişe aýratyn üns bereris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz ak mermerli paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna mundan beýläk hem serediljekdigini aýtdy. Aşgabady hemmetaraplaýyn abadanlaşdyrmak we şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin zerur çäreler görler. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň fewralynda geçirilen maslahatda degişli wezipeler kesgitlenildi.

Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz işde goýberen kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň ähli etraplarynyň häkimlerine, şeýle hem şäheriň prokuroryna käýinç yglan edip, degişli resminamalara gol çekdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň ähli etraplarynda köçeleri, baglary we seýilgähleri abadanlaşdyrmak işleriniň haýal alnyp barylýandygyny aýdyp, işleriň depginini güýçlendirmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ş.Durdylyýewden we Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilowdan bu ýagdaýy düýpli seljermegi talap edip, eger zerur bolsa, şäherde ýene-de birnäçe gurluşyk guramalaryny döretmek meselesine seretmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa şäheri abadanlaşdyrmak bilen bagly göz öňünde tutulan işleri ýerine ýetirmek üçin maliýe serişdelerini üpjün etmek tabşyryldy. Milli Liderimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýewe ýüzlenip, onuň ýolbaşçylyk edýän düzümine Aşgabat şäheriniň häkimliginde şähere degişli ähli meseleler boýunça baş potratçy bolup çykyş etmäge rugsat berdi.

Hormatly Prezidentimiz şäher we etrap prokuraturalarynyň Hökümetiň kabul eden resminamalarynyň, Permanlaryň hem-de Kararlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmelidigini aýdyp, Baş prokuror A.Hallyýewe şäher hojalygyny ösdürmäge degişli we geçirilýän maslahatlarda berilýän tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleler boýunça her aýda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewe şäheriň ähli ýolbaşçylarynyň öz garamagyndaky edaralarynda işleriň ýagdaýyny seljermegini ýola goýmak hem-de kemçiliklere ýol beren ýolbaşçylara çäre görmek tabşyryldy. Milli Liderimiz wise-premýere geçirilmeli işleriň meýilnamasyny düzmek hem-de Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri has-da gowulandyrmak baradaky teklipleri bermek babatda anyk görkezmeleri berdi.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy D.Gulgeldiýew paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynda halkara synag ýaryşlaryny, hususan-da, 26—30-njy maýda sambo boýunça Aziýa çempionatyny geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu ugurda düzümine dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri giren ýörite döredilen guramaçylyk toparynyň alyp barýan işleri barada habar aýdyldy.

Sambo boýunça Aziýa çempionatyny 5 müň tomaşaça niýetlenen başa-baş we söweş sungatlary boýunça sport toplumynda geçirmek meýilleşdirilýär. Ýaryşa dünýäniň 22 ýurdundan 500-e golaý türgen hem-de 400-den gowrak meýletinçiler — ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sambo boýunça geçiriljek Aziýa çempionatynyň Aziada — 2017-ä taýýarlyk görmekde, Türkmenistanda barha giň gerime eýe bolýan olimpiýa hereketinde möhüm tapgyrdygyny belläp, bu ýaryşlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkmen türgenleriniň ussatlyk derejesini ýokarlandyrmagyň hem-de iri sport çärelerini geçirmekde başarnyklaryny kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň jemini jemlemek bilen, Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň ýokary derejede geçirilmegi üçin maksadalaýyk çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hemmeleriň ýurdumyzyň şöhratly baýramyna düýpli taýýarlyk görmelidigini hem-de bu şanly senäni ýokary zähmet üstünliklerini gazanmak bilen garşylamalydygyny aýratyn nygtady.

Maslahatyň barşynda beýleki käbir möhüm meselelere hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz maslahaty jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

***

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Mejlisiň Başlygynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlar diňlenildi.

Şunuň bilen birlikde, şu gün paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça geçirilen maslahatdan gelip çykýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görlüşi hem-de bu şanly senäni mynasyp garşylamak boýunça guramaçylyk çäreleriniň işlenip taýýarlanylyşy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykowa berk käýinç yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň jemini jemläp, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen ähli tagallalary etmegiň wajypdygyny nygtady.