Ï Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy

view-icon 905
Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna we Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy.

Şu ýyl—eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda umumymilli dabaralar giň gerimi bilen tapawutlanýar. Ine, şu gün hem Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan öz şanly seneleriniň birini - Konstitusiýanyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi giňden hem-de dabaraly belleýär. Bu şanly baýramçylyk döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygynyň, türkmen halkynyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň, onuň parahatçylygyň, döredijiligiň hem-de ösüşiň belent ynsanperwer gymmatlyklaryna we maksatlaryna ygrarlylygynyň beýanydyr.

Şu gün irden Köpetdagyň gözel künjeginde seleňläp duran Konstitusiýa binasynyň ýanynda Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, Mejlisiň Başlygy we deputatlary, Aşgabat şäheriniň häkimi, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary ýygnandylar. Çärä gelen myhmanlaryň arasynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly işewürler bar. Şeýle hem dabara gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzyň zähmetkeşler toparlarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, medeniýet we sungat işgärleri bar.


Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Konstitusiýa binasynyň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançada saklanýar. Bu ýere ýygnananlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň başyny başlaýjy we ruhlandyryjysy - milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar.

Döwlet Baştutanymyz iki tarapynda elleri baýdakly dabara gatnaşyjylar düzülen haly ýodasy bilen ýöreýär.

Milli Liderimiz Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada ýörite bellenilen ýere barýar. Türkmenistanyň Döwlet senasy dabaraly ýaňlanýar.

Milli Liderimiz özygtyýarly Türkmenistanyň döwlet esaslarynyň mizemezligini, gadymdan gözbaş alýan demokratik sütünlerini we halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk däplerini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna gül çemenini goýýar. Adamy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň iň gymmatly hazynasy diýip yglan eden Türkmenistanyň Esasy Kanuny raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ygtybarly kepili, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýaýbaňlandyrylan hem-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, türkmenistanlylaryň bagtly we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen oňyn özgertmeleriň hem-de iri möçberli durmuş-ykdysady özgerişlikleriň mäkäm hukuk binýadydyr.


Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň mizemez düzgünleri döredijilikli ösdürilýän resminama bolup durýar. Ol ýurdumyzdaky özgerişlikleri, durmuşyň ähli ugurlarynyň sazlaşykly ösüşini nazara almak bilen kämilleşdirilýär. Milli Liderimiziň başyny başlan ähli özgertmeleri ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmaga täzeçil çemeleşme bilen häsiýetlenýär. Bu çemeleşme kanunçylyk-hukuk binýadynyň berkidilmeginde hem-de Esasy Kanunyň rejelenen görnüşini işläp taýýarlamakda beýanyny tapdy.

Milli Liderimiziň baýramçylyk mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, häzirki döwürde Esasy Kanunymyzy dünýä ölçeglerine, döwrüň talabyna laýyk getirmek wezipeleri hem tapgyrma-tapgyr amala aşyrylýar, milli kanunçylygymyzyň binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasy gelip gowuşýan teklipler nazara alnyp,

2016-njy ýylda geçiriljek Ýaşulularyň maslahatynyň garamagyna hödürlener.

Ýurdumyz şanly baýramçylygyna—mukaddes döwlet Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna taýýarlyk görýär. Türkmen halky özbaşdak taryhy döredijiligiň giň ýoluna düşmek bilen, ösüşiniň häzirki tapgyrynda ykbalçözüji başlangyçlary durmuşa geçirýär, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge täzeçil çemeleşýär. Bu gün Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiniň beýik üstünliklerine buýsanmaga haklydyr. Bu üstünlikler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly içeri we daşary syýasatynyň amala aşyrylmagy netijesinde gazanyldy.

Konstitusiýanyň girişinde ata-babalarymyzyň eziz Watanymyza söýgini we wepalylygy, ýagşylyga hem-de adadatlylyga ynamy mukaddeslik hökmünde nesillerine wesýet etmegi tötänden däldir. Şonuň üçin häzir Türkmenistanyň halky Garaşsyz ýurduň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň senesini gadymy taryhymyzyň beýikligine, ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine uly hormat we sarpa goýmak ruhunda belleýär.


Bu baýramçylygyň adynda halkymyzyň bir bitewi, kuwwatly we ösen döwlet hakynda köpasyrlyk arzuwynyň dabaralanmagy öz beýanyny tapýar. Halkymyzyň döretmegiň we ösüşiň ýoly bilen öňe sary bedew batly gadamy beýik işlere we üstünliklere beslenendir.

Milli Liderimizden soňra Konstitusiýa binasyna Türkmenistanyň hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň işewürleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri we talyp ýaşlar ter gül desselerini goýýarlar.

Tiz wagtdan ajaýyp binanyň öňünde ter gül çemenlerinden misli owadan haly döredi. Munuň özi türkmenistanlylaryň ýurduň Esasy Kanunyna, türkmeniň häzirki zamanda döwletliliginiň binýady bolan halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna we demokratik däplerine çuňňur tagzym edýänliginiň nyşany boldy.

Soňra müňlerçe aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary, Magtymgulynyň adyny buýsanç bilen göterýän şaýoluň ugrunda, türkmen şahyrynyň we akyldarynyň ýadygärligi ýerleşen seýilbagynda guralan dabaraly çäräniň şaýady boldular.


Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününiň Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabat gelmegi her bir raýat üçin mukaddes bolan parahatçylyk, adalat, agzybirlik we döwletlilik ýaly düşünjeleriň belent mazmuna eýediginiň alamatydyr. Döwürdeşleri tarapyndan milletiň ruhy Konstitusiýasy hökmünde kabul edilen Magtymgulynyň garaýyşlary umumadamzat gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan halklara ýakyndyr hem-de düşnüklidir. Hut şu sebäpli hem meşhur türkmen akyldarynyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, beýleki ýurtlarda bina edilen ýadygärlikleri Magtymgulynyň parasatly dünýägaraýyşlaryna dünýä ýüzünde örän uly ähmiýet berilýänligine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy paýtagtymyzyň merkezine -- Magtymguly seýilgähine gelýär. Bu ýerde beýik Pyragynyň heýkeli bar. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy mähirli garşylaýar.

Ýadygärligiň öňüne ilki bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beýik türkmen şahyrynyň mertliginiň we şahyrana zehininiň öňünde tagzym edip, ajaýyp gül çemenini goýýar.


Soňra Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, hormatly ýaşulular, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň we döredijilik birleşmeleriniň wekilleri, aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary ýadygärlige gül desselerini goýdular.

Ýadygärligiň etegindäki gül çemenler milletiň beýik ogluna halkymyzyň çäksiz söýgüsini we hormatyny alamatlandyrdy. Bu güller ildeşlerimiziň hoşallyk duýgularynyň beýanyna öwrüldi. Bu seýilgäh indi ençeme ýyldan bäri Aşgabadyň iň bir hem-de medeniýet we sungat işgärleriniň däbe öwrülen duşuşyklarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Elbetde, bu gün hem türkmen şahyrlary we ýazyjylary, köpsanly edebiýat muşdaklary beýik Pyraga bagyşlanyp geçirilýän ajaýyp baýramçylyga gatnaşmak üçin bu ýere geldiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Magtymguly we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň çatrygyna çykyp, paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde bina edilýän desgalarda işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasarynyň ünsüni bu möhüm desganyň halkara ölçeglerine kybap gurulmalydygyna çekdi, onuň möhletinde hem-de ýokary derejede tamamlanmagyna berk gözegçilik etmek barada anyk tabşyryklary berdi.

* * *

Ählihalk baýramçylygy mynasybetli Magtymgulynyň ýadygärligine gül goýmak dabaralary ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezlerinde hem boldy. Türkmen halkynyň ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulan milli häsiýetine gabat gelýän ajaýyp baýrama Türkmenistanyň sungat ussatlary hem döredijilik işlerini, zehinini we ylhamyny bagyşladylar. Ajaýyp baýramçylykda köpsanly döredijilik duşuşyklary we şahyrana agşamlar geçirildi.


Sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen dabaralaryň esasysy boldy. Oňa ýurdumyzyň iň ussat ýerine ýetirijileri, aýdym-saz, tans we folklor toparlary gatnaşdylar. Olar döredijilik joşguny hem-de ruhubelentlik bilen milli aýdym-sazlarymyzy we tanslarymyzy ýerine ýetirdiler.

Bu gün Garaşsyz Watanymyzy, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, mähriban topragymyzyň gözelligini hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň dörediji güýjüni wasp edýän ajaýyp aýdymlar belentden ýaňlandy.