Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Renaissance Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň ýolbaşçysy Erman Ylyjagy kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Renaissance Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň ýolbaşçysy Erman Ylyjagy kabul etdi

view-icon 780
Duşuşmak üçin mümkinçilik döredilendigine hoşallygyny beýan edip, işewür pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan köptaraplaýyn işlerinde täze uly üstünlikleri arzuw etdi. “Renaissance Holding” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň özara ynam we bähbitlilik esasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, innowasiýa häsiýetli ykdysadyýeti kemala getirmek ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň, döwlet maksatnamalaryny dünýäniň gazananlarynyň hem-de öňdebaryjy tehnologiýa işläp taýýarlamalarynyň esasynda durmuşa geçirmegiň aýrylmaz şerti bolup durýar diýip nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň iri kompaniýalarynyň ençemesiniň örän möhüm milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak bilen, ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary hökmünde çykyş edýändigini kanagatlanma bilen nygtady.

Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, ony ösdürmek üçin bolsa ähli şertler we mümkinçilikler bar. Türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahal welaýatynyň çäklerinde tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz we işewür şeýle hem halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly emele gelýän mümkinçilikler barada pikir alyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow guruljak gazy gaýtadan işleýän häzirki zaman zawodynyň gurluşygynyň möhüm ähmiýeti barada aýtmak bilen, bu iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim boljakdygyny belledi, milli ykdysadyýetimiziň düzüminde bu pudagyň ösdürilmegine ilkinji derejeli ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ähli işleriň şertnamada bellenilen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyna “Renaissance Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda türk işewüri döwlet Baştutanymyza uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, bildirilýän talaplary doly ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.