Myhman özara söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda soňky ýyllarda Türkmenistanda bolup geçýän durmuş-ykdysady özgertmelere ýokary baha berdi. “LG International Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysy umumymilli baýramçylyk bilen gutlap, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, ýurdy gülledip ösdürmäge hem-de dostlukly türkmen halkynyň abadançylygyna gönükdirilen köptaraply işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Milli Liderimiz işewüre mähirli sözleri we gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, döwletimiziň Koreýa Respublikasy bilen işewür aragatnaşyklary ösdürmäge, öňdebaryjy dünýä kompaniýalarynyň tejribesini öwrenmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň esasy wezipeleriniň biriniň milli ykdysadyýetiň esasy önümçilik pudaklaryna ylmyň-tehnikanyň pikiriň öňdebaryjy gazananlaryny hem-de täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmakdan ybaratdygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, netijeli özara gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Çi Ho Song “LG International Corporation” üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň uly hormatdygyny aýtdy hem-de ýurdumyzda soňky ýyllarda amala aşyrylýan taslamalaryň ýurduň mundan beýläkki durnukly ösüşine hem-de ykdysady taýdan ýokarlanmagyna ýardam etmäge gönükdirilendigini belledi. Işewür hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Gyýanlyda polietilen we polipropilen öndürjek gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň barşy hem-de bilelikdäki işleriň beýleki ugurlary barada habar berdi.
“LG International Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysy uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagy ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň netijeli işlemegi üçin hemme şertler döredilen geljegi uly türkmen bazaryna gyzyklanma bildirýändigi barada aýdyp, dürli pudaklara degişli birnäçe täze taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow teklipleri kabul edip, bütin dünýä meşhur kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk etmäge anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen şeýle işewür çemeleşmäniň Türkmenistanda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýändigini nygtady. Milli Liderimiz hödürlenen taslamalary makullap, olaryň durmuşa geçirilmegine degişli birnäçe tekliplerini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda myhman kabul edendigi üçin türkmen Liderine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, öz kompaniýasynyň üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge taýýardygyny tassyklady.