Işewür wagt tapyp kabul edilendigi hem-de ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, milli Liderimizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlady hem-de bagt, berk jan saglyk, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan ägirt uly maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde üstünlikler arzuw etdi.
Myhman ýola goýlan netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirilýändigini beýan edip, bütin dünýäde bolşy ýaly, onuň ýurdunda hem Türkmenistanda amala aşyrylýan iri möçberli ykdysady we durmuş özgertmelerine gyzyklanma bilen syn edilýändigini, hormatly Prezidentimiziň daşary ýurt maýalaryny çekmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny höweslendirmekde has amatly şertleri döretmek babatynda alyp barýan täzeçil ädimlerine ýokary baha berilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Günorta Koreýanyň iri işewürliginiň wekiline mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeler strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de iň gowy dünýä tejribesini öwrenmegi ugur edinendigini nygtady.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň nebitgaz ulgamyny ösdürmek boýunça iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan Koreýa Respublikasynyň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň geljegine ýokary baha berip, köpýyllyk hyzmatdaşlygyň hem-de onuň anyk netijelere gönükdirilen häsiýetini kanagatlanmak bilen belledi.
Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyz tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan döwlet hökmünde diňe bir energetika pudagynda uly kuwwaty bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ünsüni çekmek bilen çäklenmän, milli ykdysadyýetimiziň täze, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri ýola goýmaga gönükdirilendigi bilen hem hyzmatdaşlarymyzda uly gyzyklanma döredýär, munuň özi köp ýurtlaryň kompaniýalary bilen tehnologiýa babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Döwlet Baştutanymyz koreý kompaniýasynyň Türkmenistanyň strategiki hyzmatdaşlarynyň biridigini aýdyp, bu ugurda alyp barýan netijeli işleri üçin işewüre minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň barşynda köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, bilelikdäki özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy barada pikir alyşmalar boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kompaniýa berilýän yzygiderli goldaw hem-de bildirilýän ynam netijesinde soňky ýyllarda dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz käninde gazy kükürtden arassalamak boýunça zawodyň gurluşygyny hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi, Gyýanly şäherçesinde polietileniň we polipropileniň önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygyny möhletinden öň, ýokary hil derejesinde tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Koreýaly işewür häzirki wagtda Türkmenistanda amala aşyrýan ähli taslamalarynyň diňe bir sebit möçberinde däl-de, halkara derejesinde hem ägirt uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirip, öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Milli Liderimiz bütin dünýäde meşhurlyk gazanan bu kompaniýa bilen netijeli gatnaşyklaryň köp ugurlydygyny belläp, Türkmenistanyň ýolagçy gatnadýan awtobuslaryň täze tapgyryny satyn almak kararyna gelendigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “Hyundai Engineering Co. Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy däp bolan türkmen-koreý gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönüden-göni ýardam berýän, göz öňünde tutulan hyzmatdaşlyk meýilnamalarynyň hemmesiniň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler.