Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyndan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi.
Bu ýere ýygnananlar ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kabul edilen senesini hem-de türkmen nusgawy edebiýatynyň şamçyragy Magtymguly Pyragy baradaky hakydany ebedileşdiren umumymilli baýramçylygyň uly ähmiýetini belläp, bu goşa baýramçylygyň beýik şahyryň, Gündogaryň ajaýyp akyldarynyň we öňdengörüjisiniň baky setirlerinde wasp edilen halkymyzyň kuwwatly, özbaşdak döwlet hem-de parahat, abadan durmuş baradaky arzuwynyň amala aşandygynyň nyşanyna öwrülendigini nygtadylar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda zähmetsöýer, agzybir türkmen halky ägirt uly gazanylanlar we beýik ýeňişler bilen alamatlanan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gülläp ösüşiň hem-de rowaçlygyň ýoly bilen, täze beýik üstünliklere tarap ynamly öňe barýar.
Ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy ajaýyp baýram bilen gutlap, mähriban Arkadagymyza saglyk, abadançylyk hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan köptaraply işlerinde mundan beýläk-de üstünlikler arzuw etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözleri we tüýs ýürekden gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bagtyýar halkymyzyň ýüreklerinde mähriban Watanymyzyň şöhratly geçmişi hem-de şu güni üçin buýsanç duýgularyny artdyryp, taryhy döwürler bilen nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyna, ynsanperwerligiň beýik gymmatlyklaryna, parahatçylygyň we döredijiligiň ýörelgelerine aýratyn ygrarlydygymyzyň alamaty bolup durýandygyny nygtady.
Hut şu gün biziň däp boýunça türkmen topragynyň beýik ogly we hakyky watançysy Magtymgulynyň sarpasyny belent tutýandygymyzda hem aýratyn çuňňur many jemlenýär. Onuň Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinde meşhur we hormatlanylýan döredijiligi mähriban halkymyzyň azatlygynyň, agzybirliginiň we jebisliginiň senasy bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de Pyragynyň goşgy setirlerinden mysal getirdi. Akyldar şahyryň parahatçylyk we ynsanperwerlik barada wasp eden asylly pikirleriniň, dost-doganlyk kanunlary boýunça ýaşamak barada beren mukaddes ündewleriniň hatyrasyna Garaşsyzlyk ýyllarynda “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli alyp barýan Türkmenistan ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerini ýyl-ýyldan giňeldýär.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen täze görnüşdäki taslamasynyň üstünde alnyp barylýan işlere örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny nygtap, adamy döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy diýip yglan eden esas goýujy resminamanyň Watanymyzy has-da gülledip ösdürmäge, raýat jemgyýetiniň, türkmen halkynyň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň üpjün edilmegine we pugtalandyrylmagyna gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýat bolmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary hem-de tutuş türkmen halkyny özygtyýarly Türkmenistanyň iň täze taryhynyň ägirt uly gazananlarynyň we üstünlikleriniň nyşanyna öwrülen baýramçylyk bilen ýene-de bir gezek gutlap, hemmelere berk jan saglyk, parahatçylyk hem-de döredijilikli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.