Ï Türkmenistanyň VII halkara Gaz kongresine we bu çärä bagyşlanan sergä gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň VII halkara Gaz kongresine we bu çärä bagyşlanan sergä gatnaşyjylara

view-icon 809
Hormatly halkara Gaz kongresine we sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!


Sizi halkara Gaz kongresiniň we bu çärä bagyşlanan serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistan dünýäde uglewodorod serişdelerine baý döwletleriň biri bolmak bilen, bu serişdeleri türkmen halkynyň hem-de Ýer ýüzüniň beýleki halklarynyň bähbitlerine gönükdirmäge çalyşýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny buýsanç bilen bellemek isleýärin.

Döwletimizi senagat taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmek, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň nebitgaz ýataklaryny bilelikde özleşdirmäge maýa goýumlaryny çekmek, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylyşyny artdyrmak boýunça iri maksatnamalary durmuşa geçirmekde bu halkara Gaz kongresiniň we cärä bagyşlanyp geçirilýän serginiň ähmiýeti örän uludyr.

Türkmenistanyň VII halkara Gaz kongresine we sergä gatnaşýan hünärmenlere bu ýerde möhüm meseleler bilen birlikde, tebigy gazyň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we tebigy gazyň eksportyny artdyrmak, gazy gaýtadan işlemek we gazhimiýa ulgamyna maýa goýumlaryny çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik dörär.

Hormatly kongrese we sergä gatnaşyjylar!

Dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistan baý uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda geljekde hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar. Gaz pudagyny ösdürmek, şeýle hem nebithimiýa we gazhimiýa önümçiligini ýola goýmak, pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, bu ugurlarda özara bähbitli sebit we dünýä derejesindäki halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyzyň ykdysady binýadyny has-da berkitmäge, dünýäde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Türkmenistanyň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi iri halkara taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin oňyn şertleri döredýär. Türkmenistandan goňşy döwletleriň ençemesine uzap gidýän gaz geçirijiler hem-de geçen ýyl gurluşygyna badalga berlen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmen topragy tebigy baýlyklaryň hazynasydyr. Geçen ýyl “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň 3-nji tapgyryna badalga berilmegi Türkmenistanyň bu ugurdaky uly mümkinçiliklerini ýene-de bir gezek bütin dünýä äşgär edýär.

Soňky döwürde birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, şol sanda Türkmenistan — Hytaý we Türkmenistan — Eýran gaz geçirijileriniň gurulmagy we ulanmaga berilmegi Ýewraziýa yklymynda täze ýangyç-energetika üpjünçilik ulgamlarynyň döremegine mümkinçilik berýär.

Ýurdumyz häzirki wagtda energetika pudagynda dünýäniň dürli ýurtlary bilen strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar, bu ugurda hyzmatdaşlygy Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar we Günorta — Günbatar ugurlary boýunça giňeldýär. Dünýäniň öňdebaryjy meşhur maliýe we nebitgaz kompaniýalary bilen gatnaşyklary ýola goýýar.

Biz geljekde hem ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan nebitgaz pudagyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge aýratyn üns bereris. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny, baý energiýa serişdelerini netijeli ulanyp, halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün ederis.

Hormatly kongrese we sergä gatnaşyjylar!

Sizi türkmen topragynda geçirilýän VII halkara Gaz kongresiniň we bu çärä bagyşlanan serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmekde we dünýä tejribesini paýlaşmakda bu halkara maslahatynyň we serginiň işiniň netijeli boljakdygyna berk ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadançylyk, nebitgaz pudagyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.