Ï Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 797
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Fransua Ollanda “EgyptAir” awiakompaniýasynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň netijesinde ýurduň köp sanly raýatynyň gurban bolmagy zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi.