Ï Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 748
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah El-Sisä “EgyptAir” awiakompaniýasynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň netijesinde ýurduň köp sanly raýatynyň gurban bolmagy zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi.