Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmalžon Kuçkarowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimowyň salamyny hem-de türkmen halkyna beýan eden iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Myhman Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady. Türkmenistany Özbegistan bilen öňden gelýän dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde şol gatnaşyklar täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine mähirli salam aýdyp, ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de birek-birege hormat goýmak we özara ynanyşmak häsiýetine eýe bolan türkmen-özbek gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak ugrundaky işinde üstünlikler arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn goňşular, şol sanda Özbegistan bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan strategik ugry bolup durýandygyny belledi we şunda iki ýurduň möhüm sebit hem-de ählumumy meseleler boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny aýtdy.
Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz hem-de myhman ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly sebit we halkara guramalarynyň, şeýle-de düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejededigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamda we beýleki geljegi uly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygy bellenildi. Bu babatda, hususan-da, Türkmenistanyň obasenagat toplumynda isleg bildirilýän özbek oba hojalyk tehnikasyny ibermekde özara gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribesi bar. Şunda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň hem-de ony täze sepgitlere çykarmagyň netijeli guraly hökmünde bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işine möhüm orun degişlidir.
Energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu ulgamda Türkmenistan oňyn başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi. Şol başlangyçlar bolsa özbek tarapynyň goldawyna mynasyp boldy. Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy baradaky iri bilelikdäki taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem-de ýurtlaryň ikisiniň hem Orta Aziýa — Ýakyn Gündogar ugry boýunça halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek hakyndaky Ylalaşyga gatnaşmagy bu babatda tagallalary birleşdirmegiň netijeliliginiň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu geçelge dünýä bazarlaryna täze çykalgalary üpjün edýär. Şunda hyzmatdaşlygyň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň iki döwletiň milli bähbitlerine hem-de tutuş sebitiň durnukly ösüşiniň maksatlaryna laýyk gelýändigi nygtaldy. Türkmenistan hem-de Özbegistan ählumumy abadançylyga we ösüşe ýardam etmek bilen sebitde oňyn ýagdaýlary işjeňleşdirmäge goldaw bermäge çalyşýarlar.
Häzirki döwrüň ýagdaýlary babatda ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamy hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2015—2016-njy ýyllar döwri üçin Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynda başlyklyk edýär.
Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bellenildi. Munuň özi türkmen we özbek halklarynyň medeni kökleriniň, ruhy gymmatlyklarynyň hem-de köpasyrlyk däp-dessurlygynyň umumylygy bilen şertlendirilendir.
Duşuşygyň ahyrynda Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmalžon Kuçkarow öz tarapyndan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam beriljekdigine ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.