Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň töweregine iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň eteklerinde abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyk döretmek, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge giňden taýýarlyk görmek bilen baglylykda paýtagtymyzyň täze depgine eýe bolan döwrebap keşbini kemala getirmek boýunça işleriň gidişi bilen tanyşdy.
Aziýanyň merjen şäherine öwrülen ak mermerli paýtagtymyz barha gözelleşýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň baş şäherinde dürli maksatly desgalar, ýokary amatlykly belent ýaşaýyş jaýlary, edara binalary, okuw mekdepleri we beýlekiler bina edilýär. Täze taryhy döwürde batly depginler bilen ösýän şäherde paýtagtymyzyň döwrebap keşbini kesgitleýän täze binagärlik toplumlary kemala geldi.
Milli Liderimiz paýtagtymyzyň batly depginler bilen ösdürilmegi üçin esasy ugurlary kesgitläp, şäheriň çäginiň giňeldilmegini we ilatyň awtoulaglarynyň artmagyny nazara almak bilen, ulag we degişli düzümiň deňagramly ösüşini üpjün etmek üçin ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny nygtaýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabadyň dünýäniň iň ajaýyp şäherleriniň birine öwrülmegi barada edýän taýsyz tagallalary paýtagtymyzyň ýanaşyk çäklerini hem toplumlaýyn ösdürmek, bu künjegi bagy-bossanlyga öwürmegiň çäklerinde giň tokaý zolaklaryny döretmek wezipelerini öz içine alýar.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny, dag eteklerini, akabalaryň we derýalaryň, deňziň kenarlaryny bagy-bossanlyga öwürmek boýunça iri möçberli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Tebigata aýawly çemeleşmek geljekki nesilleriň abadançylygy hakyndaky aladadyr diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.
Aşgabadyň eteklerinde we ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde döredilen ýaş tokaý zolaklaryny synlanyňda, diňe bir gözellikden lezzet almak bilen çäklenmän, olaryň haýwanat dünýäsiniň köp sanly wekilleriniň mesgen tutan künjegine öwrülýändigine, topragyň ýaramazlaşmagynyň öňüni alýandygyna, çyglylygy saklaýandygyna, amatly howa ýagdaýyny döredýändigine göz ýetirýärsiň. Çäkleriniň köp bölegini çöller eýeleýän hem-de yssy howaly ýurdumyzyň ilaty häzirki wagtda ençeme ýyllaryň dowamynda döredilen bagy-bossanlygyň hözirini görýär, bu işlerde iň häzirki zaman tehnologiýalary işjeň peýdalanylýar.
Gök zolaklary döretmek strategiýasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň, öňdebaryjy tejribelere, innowasiýa tehnologiýalaryna hem-de köpasyrlyk milli ýörelgelere esaslanýan durnukly ösüşiň gurallarynyň biri hökmünde öňe sürülýär. Ösüşiň ekologiýa häsiýetli konsepsiýasy ahyrky netijede adamlaryň durmuşynyň hil derejesini täsin türkmen tebigaty bilen sazlaşykda ýokarlandyrmaga, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmaga hem-de ýurdumyzyň gülläp ösüşine gönükdirilendir. Türkmen Lideri dünýä derejesinde ekologiýa başlangyçlaryny öňe sürmek bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň ygtybarly binýadyny döredýär, ýurdumyz üçin gymmatly tejribäniň toplanylmagyna ýardam berýär, bu bolsa ählumumy meseleleri çözmäge uly goşant bolar.
...Milli Liderimiz iş saparynyň barşynda Aşgabadyň eteginde ýerleşýän serhet galalarynyň biriniň çägine geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň etekleri boýunça iş saparynyň barşynda aýry-aýry edaralara berkidilen käbir ýer böleklerinde agaç nahallaryna göwnejaý ideg edilmeýändigini belledi. Şeýle ýer bölekleriniň biri, hususan-da, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň Aşgabat çakyr kärhanasyna degişlidir.
Şunuň bilen baglylykda, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmaga hem-de onuň keşbini gözelleşdirmäge ýardam berýän bagy-bossanlyga öwürmek boýunça çärelere gözegçiligi gowşadandygy hem-de ösümliklere ideg etmek boýunça usulyýet goldawynyň berilmeýändigi üçin nägilelik bildirildi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ösüp oturan, görnüşi gözüňi dokundyrýan we beýleki baglaryň arasynda özüniň aýratyn bezegli görnüşi bilen tapawutlanýan agaç nahalyny synlap, şunuň ýaly agaç nahallary paýtagtymyzda hem ösdürilip ýetişdirilse, ajaýyp şäherimiziň estetiki görküniň ýokarlanjakdygyny belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbiniň onuň barha belende göterilýän halkara derejesindäki ornuna kybap gelmelidigini, şeýle hem 2017-nji ýylda Aziýanyň sport paýtagtyna öwrülmegi ýaly hormatly we jogapkärli wezipä mynasyp keşbe girmelidigini belleýär. Bu talap şäheri abadanlaşdyrmagyň, onda seýilgäh zolaklaryny, estetiki talaplara laýyk gelýän amatly gurşawyň döredilmegi boýunça ähli ugurlary öz içine alýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Aşgabatda toplanylýan tejribe ýurdumyzyň beýleki şäherleri üçin görelde bolar, şol sebäpli hem şäher düzümini, paýtagtymyzyň köpugurly ykdysadyýetini, hyzmatlary guramak ulgamyny we beýlekileri dolandyrmagyň usullaryny yzygiderli kämilleşdirmek zerurdyr. Şunda döwlet Baştutanymyz diňe bir Aşgabadyň merkezinde, esasy şaýollaryň ugurlarynda däl-de, eýsem, paýtagtymyzyň ýanaşyk ýerlerinde hem berk düzgün-tertibiň üpjün edilmelidigini belleýär. Diňe şeýle ýagdaýda bu işler many-mazmuna eýe bolar.
Hormatly Prezidentimiz ýoluň iki tarapynda hem ýaýylyp ýatan gök zolaklary gözden geçirmegiň barşynda bar bolan kemçiliklere ünsi çekip, birnäçe düýpli bellikleri aýtdy. Ýerli yssy howa şertleriniň hem-de gurak tomus paslynyň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, ýangyn howpsuzlygynyň ähli kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň möhümdigi, zerur enjamlar bilen üpjün edilen ýangyna garşy göreş nokatlaryny guramagyň zerurdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow serhet galasynyň çäklerinde ösüp oturan agaç nahallaryny synlap, olara degişli ideg edilmeýändigine nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli görkezmeleri berip, saýaly we bezeg agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek bilen bir hatarda, esgerleriň ekologiýa taýdan arassa, ýokumly iýmitlenmegine hem ýardam berjek miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmäge üns berilmeginiň zerurdygyny belledi. Öz elleri bilen ösdürilip ýetişdirilen miweleriň harby gullukçylaryň sagdyn iýmitlenmeginde ähmiýeti uly bolar.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet serhet gullugynyň ýolbaşçysy B.Gündogdyýewe serhet galasynyň abadanlaşdyrylyşy, bu ýerdäki ýollaryň ýagdaýy hem-de agaç nahallaryna ideg edilişi babatda nägileligini bildirip, ähli serhet galalarynda serhetçileri tutuş ýylyň dowamynda ýokumly gök önümler bilen üpjün etmek üçin ýyladyşhana hojalygyny döretmek barada görkezme berdi. Döwlet Baştutanymyz Içeri işler ministrliginiň düzüm böleklerine hem ýyladyşhanalary we kömekçi hojalyklary gurmak barada tabşyryk berdi.
Milli Liderimiz iş saparynyň jemleri boýunça gök zolaklary döretmek babatdaky işlerde, öňki ýyllarda ekilen nahallara ideg etmekde geleňsizlige ýol berilmeli däldigine, bu ýerde käbir ýer böleklerinde, esasan, ýaş agaç nahallarynyň bardygyna ünsi çekip, Aşgabat şäheriniň we paýtagtymyzyň etraplarynyň häkimleriniň adyna bu babatda tankydy bellikleri aýtdy. Şeýle hem Saglyk ýoluna göwnejaý gözegçilik edilmeýändigini belläp, kemçilikleri aradan aýyrmak üçin ähli degişli çäreleriň görülmegini talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň töweregi boýunça iş saparyny jemläp, şu ýylky bahar paslynyň ygala baý bolandygyny, munuň bolsa bu künjege bezeg berýän dürli görnüşli baglaryň we gülleriň çalt ösmegine ýardam berýändigini hem-de bu mümkinçilikden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Serhet institutyna tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza institutyň rektory hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde ýokary okuw mekdebiniň çäkleriniň arassaçylyk, agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmek, daşky yşyklandyryş ulgamynyň, degişli düzümleriň göwnejaý ýagdaýda saklanylyşy bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz bu ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylarynyň adyna tankydy bellikleri aýdyp, ýurdumyzyň mukaddes çäklerini goramak boýunça hünärmenleri taýýarlaýan bu okuw mekdebiniň ähli babatda nusgalyk bolmalydygyny, şol sanda öz çäginiň abadançylygyny nusgalyk derejede saklamakda hem görelde bolmalydygyny belläp, bu meseleler babatynda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary okuw mekdebiniň harby talyplarynyň, serkerdeleriniň, mugallymlarynyň gulluk we durmuş şertleri bilen gyzyklanyp, Watanymyzyň çäklerini goramak ýaly belent jogapkärçilik ynanylan geljekki harby hünärmenleri watançylyk ruhunda terbiýelemegiň möhümdigini belledi.