Ï VII halkara Gaz kongresi öz işini tamamlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

VII halkara Gaz kongresi öz işini tamamlady

view-icon 772
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde VII halkara Gaz kongresi hem-de bu çärä bagyşlanan sergi öz işini tamamlady. Giň möçberli forum bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi berdi hem-de geljek üçin bilelikdäki meýilnamalary utgaşdyrmaga mümkinçilik berdi.

Türkmenistan bu çärelere gatnaşyjylaryň örän köp sanlysyny jemläp, nobatdaky gezek halkara gepleşikler meýdançasynyň derejesini tassyklady. Bu ýerde energiýa serişdelerini ibermegiň eksport ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, hyzmatdaşlyk we maýa goýumlary, milli hem-de sebit gaz-ulag düzümini ösdürmek bilen baglanyşykly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara Gaz kongresine uly gyzyklanma bildirilmegi häzirki wagtda beýleki energiýa serişdelerinden tapawutlylykda, dünýäniň ýangyç serişdelerini sarp etmek düzüminde “mawy ýangyjyň” udel agramynyň yzygiderli artýandygy bilen şertlendirilendir. Şoňa görä-de, dünýäniň esasy kompaniýalarynyň gaz pudagynda ýurdumyz bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga çalyşýandygy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Galyberse-de, häzirki Türkmenistan özüni dünýä bazarlaryna gazy köp möçberde iberýän döwletleriň arasynda geljegi uly hyzmatdaşlaryň biri hökmünde görkezdi.

Bu iri möçberli foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak boýunça strategik wezipeleriň çözülmegi, innowasion esasda senagat kuwwatynyň, düzümiň hem-de adam maýasynyň ösdürilmegi döwletiň netijeli maýa goýum syýasatyna baglydyr. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän syýasatynyň esasy maksady ykdysadyýetiň durnukly ösüşini saklamakdan, onuň bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmekden hem-de nebitgaz pudagyna netijeli maýa goýumlaryndan ýokary ykdysady görkezijileri gazanmak üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr.

Amatly maýa goýum ýagdaýy, salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy hem-de döwlet tarapyndan berilýän beýleki kepillikler täze gaz ýataklaryny özleşdirmekde, hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmakda we täze önümçilikleri döretmekde, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmakda hem-de gaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Kongresiň işiniň ikinji güni halkara ähmiýetine eýe bolan möhüm düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge degişli wajyp meseleler boýunça pikir alyşmalar “tegelek stollaryň” başyndaky söhbetdeşlikler görnüşinde geçirildi. Onuň birinjisiniň çäklerinde Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmak taslamasyny maliýeleşdirmegiň hem-de maýa serişdelerini çekmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunlukda, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşjak ugurlarynyň üçüsine seredildi. Olаr:

- taslamany turba önümleri we gaz enjamlary bilen üpjün etmegi meýilleşdirýän söwda ulgamyndan;

- karz serişdelerini bermegi göz öňünde tutýan maliýeleşdirmekden;

- Türkmenistanyň “Galkynyş” iri gaz känini özleşdirmegi öz içine alýan maýadarlar üçin geljegi uly bolan maýa goýumlaryny gönükdirmek we “TAPI Pipeline Compani Limited” konsorsiumyna gatnaşmak ulgamyndan ybaratdyr.

“Tegelek stoluň” başynda geçirilen maslahatyň ikinjisinde türkmen energo serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak mümkinçiliklerini emele getirýän “Gündogar—Günbatar” gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman dünýäsinde Türkmenistan özüniň ykdysady we energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga isleg bildirýän islendik beýleki döwlet ýaly, özüniň milli bähbitlerini goramaga jogapkärli çemeleşýär.

Ýurdumyz döwlet strategiýasynyň takyk işlenip düzülen ýörelgelerine eýe bolmak bilen özüniň serişdeler binýadyna we ony netijeli peýdalanmagyň mümkinçiliklerine anyk baha berip, energiýa serişdeleriniň ugurlarynyň geografiýasyny üýtgetmek görnüşini däl-de, täze bazarlara, dünýäniň dürli döwletlerine hem-de sebitlerine çykmak arkaly ony giňeltmegiň we üstüni ýetirmegiň ýoluny saýlap alýar.

Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly giň möçberli taslama gyzyklanmasynyň barha artýandygyny bellemelidiris.

TOPH-nyň Ýolbaşçy komitetiniň 24-nji mejlisinde “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän “TAPI Pipeline Company Limited” konsorsiumynyň agzalarynyň Maýa goýum ylalaşygyna gol çekildi. Munuň özi taslamanyň çalt durmuşa geçirilmegine täze itergi berdi hem-de maýa serişdelerini çekmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.

Bu taslama dört döwletiň arasynda baglaşylan hökümetara ylalaşyklaryň esasynda amala aşyrylýar. TOPH gaz geçirijisiniň uzynlygy, takmynan, 1814 kilometre barabar bolar. Gaz geçirijiniň 214 kilometri biziň ýurdumyzyň çäginde gurlar, soňra ol Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň, Pakistanyň Kwetta hem-de Multan şäherleriniň üstünden geçer we Hindistanyň Fazilka diýen ilatly ýerine baryp ýeter. Täze gaz geçirijisiniň gurulmagy netijesinde goşmaça iş orunlarynyň 12 müňe golaýy dörediler. Munuň özi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsir eder. Täze gaz geçirijisiniň ýyllyk geçirijilik ukyby 33 milliard kub metre barabar bolar. Ony, şol sanda kömekçi ýerüsti düzümi 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu döwletara turbageçirijiniň türkmen böleginde “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň hünärmenleri diametri 1420 millimetre barabar bolan turbalary kebşirlemek işlerini birnäçe ugurda alyp barýarlar. Munuň özi işleriň depginini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmen gazy Hindistanda we Pakistanda “mawy ýangyja” bolan islegleri kanagatlandyryp biler. Şol ýurtlarda 2030-njy ýyla çenli gaza bolan islegler iki esse artyp biler. Mundan başga-da, ol üstaşyr ýurt bolan Owganystanda energiýa serişdeleriniň ýetmezçiligini azaldar. Bangladeş hem bu taslama öz gyzyklanmasyny beýan etdi. TOPH taslamasy durmuşa geçirilenden soň, Hindistan özüniň ilkinji transmilli gaz geçirijisine eýe bolar. Häzirki wagtda bu ýurt gazy suwuklandyrylan görnüşde satyn alýar hem-de ony tankerler arkaly daşaýar.

Şu forumda iri nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri taslamany durmuşa geçirmekde işjeň hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Ikinji “tegelek stoluň” meselesi hem örän wajypdyr. Çünki, “Gündogar—Günbatar” gaz geçirijisi milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, eksport kuwwatyny artdyrmak ulgamynda möhüm wezipeleri, şol sanda ýurdumyzyň baý ýangyç serişdelerini doly möçberde ulanmak arkaly çözmäge ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça öz güýjümiz — ýurdumyzyň kärhanalarynyň ýokary hünärli hünärmenleriniň toparlary tarapyndan gurlan täze gaz geçirijisi Türkmenistanyň uly ykdysady we maliýe mümkinçiliginiň bardygyny aýdyň görkezýär. Ol ýurdumyzyň soňky ýyllarda tehniki we tehnologik üpjünçilik babatda ýokary derejä ýetendigini, örän çylşyrymly we giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge ukyplydygyny doly subut edýär.

Bu gaz geçirijiniň esasy wezipesi Türkmenistanyň merkezi we gündogar sebitlerindäki örän baý serişdeli gorlary ýurduň günbatar sebitindäkiler bilen birleşdirmekden ybaratdyr. Netijede, döwletimiziň günbatar sebitini senagat taýdan çalt depginler bilen ösdürmek, bu ýerde häzirki zaman senagat we ulag üpjünçilik ulgamlaryny gurmak, täze iş orunlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmaga ýardam berýär.

Şonuň bilen birlikde, «Gündogar—Günbatar» gaz geçirijisiniň ähmiýeti milli çäklerden daşary çykýar. Bu taslama energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny goldamaga niýetlenendir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ol türkmen uglewodorod serişdelerini ugratmakda täze sebitleriň serhetlerine baglanyşmaga we iň azyndan dört — demirgazyk (Hazarýaka gaz geçirijisi), günbatar (Ýewropa ugruna çykalga), günorta (türkmen uglewodorod serişdeleriniň Eýran Yslam Respublikasyna ugradylýan möçberlerini artdyrmak) we gündogar (yklymyň Günorta-Gündogar künjeginde ýerleşen döwletlere) ugratmak ýaly täze ugurlary açmaga mümkinçilik berer. Netijede, biziň ýurdumyz Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda giň gerimli köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Halkara Gaz kongresine gatnaşyjylaryň pikirine görä, turbageçirijiniň Günbatar—Ýewropa ugry boýunça taslamasynyň geljegi uludyr. Häzirki wagtda ony gurmak bilen baglanyşykly mesele işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň täze möhüm ugrunyň iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanmagyny alamatlandyrar. Gaz geçirijisiniň günbatar ugurda gurulmagy atom elektrik stansiýalar tarapyndan energiýa üpjünçiliginiň paýynyň azalmagy bilen baglylykda, energetika ulgamynda ählumumy strategik deňagramlylygy üpjün etmäge mümkinçilik berer. Energiýa serişdeleriniň Ýewropa ugry boýunça eksport edilmegi döwletimiziň halkara strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýewropaly hyzmatdaşlar bilen işler işjeň hem-de oňyn ugurda alnyp barylýar we bu iş dowam etdiriler.

Çykyşlarda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda düýpli özgertmeleriň okgunly amala aşyrylýandygy, türkmen energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin önümçilik düzümleriniň döredilýändigi bellenildi. Ýangyç serişdeleriniň kuwwatly çig mal binýadynyň bolmagy bolsa ýurdumyza onuň çykarylyşyny yzygiderli artdyrmaga hem-de täze ýataklary özleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Foruma gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Türkmenistan turbageçirijiler boýunça we ýangyjy ibermegiň beýleki ulgamlaryny ulanmak arkaly energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ygtybarly iberilmegini üpjün etmegiň ýollaryny kesgitlemekde giň halkara hyzmatdaşlygy ugrunda çykyş edýär. Şeýle şertlerde ykdysady ösüşi üpjün etmäge, şol sanda energiýa serişdelerini ibermek üçin zerur bolan düzümi döretmäge ukyply önüm öndüriji, üstaşyr geçiriji hem-de sarp ediji ýurtlaryň sazlaşykly hereketi wajypdyr.

Türkmenistan täze gaz-ulag ulgamlaryny hem-de gazy ýeriň astynda saklamak ulgamyny döretmäge aýratyn ähmiýet berýär we tebigy gazy ibermegiň bilelikdäki taslamalaryna garamagyny dowam eder. Täze gaz-ulag ulgamlarynyň gurulmagy tebigy gazyň çykarylýan ýerinden sarp edilýän ýerine çenli ýeterlik möçberde howpsuz iberilmegine ýardam eder.

Kongrese gatnaşyjylar ýangyç-energetika toplumynyň işiniň daşky gurşawa täsiri baradaky meselelere degip geçip, ýurdumyzyň döwlet ekologiýa syýasatynyň ekologiýa bähbitleriniň ileri tutulmagyny, daşky gurşawy goramagyň meselelerini nazara almak bilen hojalyk işiniň ösdürilmegini, tebigy serişdeleriň rejeli ulanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtadylar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli ykdysady taslamalaryň her birinde onuň tebigaty goraýyş meselesine hem-de täze önümçilikleriň ekologiýa taýdan howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär.

Ýewropa ýurtlarynyň, ABŞ-nyň, Aziýa sebitiniň, GDA-nyň we beýlekileriň nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleriniň çykyşlarynda Türkmenistan bilen energetika ulgamynda işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirilýändigi beýan edildi. Ýurdumyz bolsa dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny barha berkidýär. Forumyň çäklerinde olar täze tehnologiýalaryň, ylmy işläp taýýarlamalaryň hem-de nebitgaz senagatynyň dürli ulgamlarynda öňdebaryjy tejribäniň ulanylmagyny göz öňünde tutýan köp sanly maýa goýum tekliplerini beýan etdiler. Munuň özi ýurdumyzyň gaz pudagyny has-da ösdürmäge ýardam berer.

Çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň belent münberinden beýan eden, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly iberilmegini hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamak meselesine aýratyn üns berildi. Bu başlangyçlar, ilkinji nobatda, üstünlikli işewür hyzmatdaşlyk hem-de Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna maýa serişdelerini çekmek üçin ygtybarly kepil bolar.

Şu gün daşary ýurtly işewürleriň hem-de Türkmenistanyň nebitgaz edaralarynyň we konsernleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda köp sanly işewür duşuşyklar hem geçirildi. Gepleşikleriň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň täze mümkinçilikleri türkmen döwletiniň hem-de tutuş halkara bileleşiginiň bähbitlerine ýurdumyzyň gaz senagatynyň uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam berer.

Öz nobatynda, Gaz kongresine gabatlanyp geçirilen pudaklaýyn sergä gatnaşyjylar dürli enjamlary, tebigy gazy we nebiti gözlemegiň, çykarmagyň hem-de gaýtadan işlemegiň döwrebap tehnologiýalaryny we hyzmatlary teklip etmek üçin şu forumyň mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagy göz öňünde tutýandyklaryny aýtdylar.

Forumyň ahyrynda Kongresler merkezinde VII halkara Gaz kongresine we bu çärä bagyşlanan sergä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, ählumumy energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça netijeli gepleşikleri geçirmek babatda döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler hem-de bu forumyň gaz ulgamynda gatnaşyklary giňeltmäge hem-de täze işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam etjekdigini nygtadylar.