Ï Aşgabatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin ussatlyk sapagy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin ussatlyk sapagy geçirildi

view-icon 655
Bu çäre Türkmenistanyň we ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde guraldy. Oňa milli parlamentiň deputatlary, döwlet edaralarynyň wekilleri, ylmy toparlar, tele-radionyň, gazetleriň we žurnallaryň hem-de onlaýn-KHBS wekilleri gatnaşdylar. Moderator hökmünde halkara bilermenler Anna Kaçkaýewa (Russiýa Federasiýasy), Natalýa Downap (Belarus Respublikasy) we Urmas Loýt (Estonyýa) çykyş etdiler.

Çäräni açmak bilen, ilçi, ÝHHG Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Iwo Petrow KHBS ulgamynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek meseleleri boýunça soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda ÝHHG Aşgabatdaky Merkezi “tegelek stoluň” başynda geçiren duşuşyklarynyň tapgyrynyň dowamy bolup durýar diýip belledi. Şular ýaly duşuşyklar milli we halkara bilermenleriniň arasynda tejribe we pikir alyşmaklarynda netijeli usul hökmünde özüni görkezdi. Duşuşygyň täze – ussatlyk sapagy görnüşi onlaýn-KHBS we teleradiogepleşikleri, interaktiw işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagy sazlaşdyrmak usullaryny netijeli ulanmak meseleleri boýunça gyzyklanma bildirlýän gepleşikleri ýola goýmaga ýardam berer.

Halkara bilermenler onlaýn-KHBS we teleradiogepleşikleri boýunça işiň öňdebaryjy tejribesini görkezdiler. Hususan-da, onlaýn-KHBS halkara standartlaryna, usullaryna we sazlaşdyrylmagyna hem-de öz-özüňi sazlaşdyrylmagyna garaldy. Aýratyn mejlis mahabat we KHBS işiniň hukuk nukdaýnazaryna, şeýle hem media-syýasat babatda mediautgaşyrmaga bagyşlandy. Aşgabatda 2017-nji ýylda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek babatda çekişmelere aýratyn orun berildi, iri tomaşalary alyp görkezmegi guramak nukdaýnazaryndan halkara-hukuk meselelerine garaldy. Ussatlyk sapagynyň tejribe bölegi teleradiogepleşikleriň işlemegini we iri sport ýaryşlaryny beýan etmegi öz içine aldy.

Bu bolup geçen pikir alyşmalar ussatlyk sapagyna gatnaşyjylara maglumat işi we iş tejribesini ele almakda tejribe toplamaga mümkinçilik berdi.