Ï Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 824
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň barşynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Wideoşekilli iş maslahatynyň başynda Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty diňlenildi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň etraplarynda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde amala aşyrylan işleriň netijeleri, galla oragyna guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler, ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim welaýatyň pileçileriniň şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirendikleri hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň örän möhümdigini belläp, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çäreler, galla oragyna görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny aýtdy.

Milli Liderimiz baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli çäreleriň ýokary derejede guralmalydygyny, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmelidigini aýratyn belledi.

Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew ýurdumyzyň günbatar welaýatynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna görülýän taýýarlyk işleri, dürli görnüşli gök we bakja ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň berjaý edilişi, aýratyn-da, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, Türkmen halysynyň baýramyna hem-de beýleki senelere görülýän taýýarlyk işleri barada durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, oba hojalyk toplumynda möhüm hasaplanylýan galla oragyny öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirmek üçin zerur şertleriň döredilmelidigini belledi hem-de bu babatda anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini, mallaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreleriň görülmelidigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäginde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, olaryň depginini güýçlendirmek, binalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagyny we ýokary hil derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. Welaýatyň ähli edara-kärhanalary milli baýramlara gowy taýýarlyk görmelidirler, olaryň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir we baýramçylyklar örän dabaraly geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşy, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli agrotehniki çäreler, galla oragyna guramaçylykly girişmek maksady bilen amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Häkim demirgazyk sebitiň zähmetsöýer ýüpekçileriniň pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnama abraý bilen hötde gelendikleri barada hem habar berdi.

Şeýle hem häkim ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler, baýramçylyklaryň medeni maksatnamasy, aýratyn-da, köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meýilleşdirilýän çäreler barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleriň ýokary derejede bolmalydygyna ünsi çekip, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň ünsden düşürilmeli däldigini belledi.

Milli Liderimiz Çagalary goramagyň halkara güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini aýdyp, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän möwsümleýin işler, galla oragyna guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler barada hasabat berdi.

Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde welaýatyň ilatynyň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleri guramaçylykly bellemek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, häkim welaýatyň ýüpekçileriniň pile taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendiklerini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, galla oragyna öz wagtynda we guramaçylykly girişmek üçin kärendeçileriň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmak, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ilatynyň durmuş taýdan üpjünçiliginiň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny aýdyp, bu ugurda maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen halysynyň baýramynyň, Çagalary goramagyň halkara gününiň medeni maksatnamalarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada häkime degişli görkezmeleri berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatda desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmagynyň zerurdygyna häkimiň ünsüni çekip, birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin çäreler, galla oragyna guramaçylykly girişmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Häkim welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem öňde boljak baýramçylyklara gabatlanyp taýýarlanylýan medeni-köpçülik çäreleriniň maksatnamasy barada aýtdy.

Mundan başga-da, häkim welaýatyň ýüpekçileriniň döwlete pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany berjaý edendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna guramaçylykly girişmek, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz galla oragynda işlediljek tehnikalaryň taýýarlyk derejesiniň ýokary bolmalydygyny, bökdençsiz hem-de ýokary öndürijilikli hereket etmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramyny we Çagalary goramagyň halkara gününi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň, olara welaýatyň ilatynyň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmegiň möhümdigine häkimiň ünsüni çekip, şunuň bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarowy çagyrdy. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda, maldarçylyk toplumlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol milli Liderimize galla oragyna girişmäge ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüz tutdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek, pudagyň önümçilik kuwwatlyklaryny, gaýtadan işleýän düzümleriň netijeliligini artdyrmak, kärendeçi daýhanlar üçin zerur şertleri döretmek bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynyň yzygiderli ösdürilýändigini, amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň oňyn netije berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ata Watanymyzda bol hasyl ösdürip ýetişdirmek, azyk önümleriniň bolçulygyny gazanmak, daýhanlaryň yhlasly zähmet çekmegi, ene toprakdan ýokary hasyl almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini aýdyp, geçirilýän bu işleriň netijesinde daýhanlaryň ýylyň-ýylyna uly üstünliklere eýe bolýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, gallaçy daýhanlaryň gazanýan netijeleri guwandyrýar. Olar berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän ýylynda yhlasly hem-de tutanýerli zähmet çekdiler. Milli Liderimiz daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen şu ýyl dänäniň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini belläp, häzir gallaçylaryň durmuşynda örän möhüm we jogapkärli döwür bolan orak möwsüminiň ýetip gelendigini aýtdy.

Gallaçy daýhanlaryň häzirki wezipesi yhlasly zähmet çekip, yhlas bilen ýetişdirilen hasyly çalt we zaýasyz ýygnap almakdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz orak möwsümini gysga wagtda we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 1-nji iýunda, Daşoguz welaýatynda bolsa 8-nji iýunda galla oragyna başlamagyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, gallaçy daýhanlara orak möwsümine bellenilen möhletlerde girişmäge ak pata berdi.

Hormatly Prezidentimiz asylly däbe görä il içinde sylanýan, at-abraýly ýaşulularyň gatnaşmagynda orak möwsümine badalga berilmelidigini aýdyp, edermen gallaçylarymyza ene topragyň berekedi, uly iliň soltany bolan guşgursak bugdaýyň mukdaryny yzygiderli artdyryp, täze zähmet üstünliklerini gazanmagy arzuw etdi hem-de gallaçylara “Çäjiňize bereket!” diýip ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýüpekçilerini pile taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany berjaý edendikleri bilen gutlap, olaryň yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde gazanylan bu ajaýyp üstünligiň buýsandyryjy wakadygyny aýratyn belledi. Munuň özi ýurdumyzyň dokma senagatynyň çig mal binýadynyň has-da pugtalandyrylmagynda möhümdir.

Milli Liderimiz göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda garalan meseleleriň möhümdigini, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň bolsa döwrüň wajyp talabydygyny belläp, şu meselelerden gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegi ugrunda degişli düzümleriň birleşen tagallalarynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.