Ï Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

view-icon 806
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Norman bin Muhamady kabul etdi.

Ilçi döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp, milli Liderimize türkmen-malaý gatnaşyklary bilen bagly meselelere yzygiderli üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda öz ösüşinde täze kuwwatly itergä eýe boldy we hil taýdan täze derejä çykdy. Şunda Malaýziýanyň Türkmenistan bilen däbe öwrülen, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, Günorta — Gündogar Aziýanyň we Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen, şol sanda dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň biri bolan Malaýziýa bilen netijeli gatnaşyklary berkitmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz we ilçi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň geljegi hakynda pikir alyşdylar. Uly mümkinçiliklere eýe bolan bu gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça, hususan-da, söwda-ykdysady ulgamy ýaly ileri tutulýan ugrunda netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin oňaýly esas döredýär. Şunda Malaýziýanyň Türkmenistanda işleýän belli “Petronas Charigali” kompaniýasy üstünlikli işewür hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýar. Bu kompaniýa birnäçe ýyl bäri ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynda işläp, möhüm maýa goýum taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar. Netijeli gatnaşyklar üçin ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda hem, işewürler düzümleri boýunça hem uly mümkinçilikler bar.

Bellenilişi ýaly, döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolan medeni-ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk täze mazmun bilen baýlaşdy. Bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy, bu bolsa türkmen hem-de malaý halklarynyň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam edýär.

Şonuň bilen birlikde, abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde türkmen-malaý gatnaşyklaryna netijeli häsiýetiň mahsusdygy bellenildi. Türkmenistan we Malaýziýa dünýäniň gün tertibiniň esasy meseleleri, ilkinji nobatda, tutuş dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşe ýardam etmek bilen bagly meseleler boýunça garaýyşlarynyň we çemeleşmeleriniň birmeňzeşdigini görkezýärler.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Norman bin Muhamad döwlet Baştutanymyza Malaýziýanyň ilçihanasynyň işinde berilýän hoşniýetli goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Myhman parahatçylyk söýüjilikli syýasaty ýöredýän Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormat bolandygyny belläp, tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge mynasyp goşandy üçin jenap Norman bin Muhamada minnetdarlyk bildirip, oňa mundan beýläk-de işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz we ilçi iki döwletiň arasyndaky däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň taraplaryň hoşniýetli erk-islegi esasynda geljekde hem umumy bähbitler üçin işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.