Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylar düzüminden gutlaglary kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylar düzüminden gutlaglary kabul etdi

view-icon 706
Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminden türkmeniň halyçylyk sungatyna bagyşlanan “Arşyň nepisligi” atly kitabynyň neşir edilmegi mynasybetli gutlaglary kabul etdi. Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlaryň her birine täze kitabyny gowşurdy.

Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzyň gymmatly sowgadyny kabul edip, milli Liderimize bagt, berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň ruhy hem-de ykdysady taýdan ösüşini alamatlandyran täze taryhy eýýamyň jogapkärli wezipelerini durmuşa geçirmekde üstünlikler arzuw etdiler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow halyçylyk pudagynyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alyp barýan giň möçberli işleri, şol sanda türkmen halkynyň ruhy we maddy gymmatlyklaryny aýawly saklamak hem-de artdyrmak boýunça geçirýän işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bütindünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilen gadymy halyçylyk sungaty şol gymmatlyklaryň biridir.

Döwlet Baştutanymyzyň “Arşyň nepisligi” atly täze kitaby hem bu çylşyrymly, zähmeti köp talap edýän senediň giňden wagyz edilmegine ýardam eder. Bu sungatyň syrlary köp asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip gelnipdir. Milli Liderimiziň egindeşleri çuň many-mazmunly bu täsin eseriň halkymyza gowuşmagy bilen gutlap, öňki kitaplary ýaly, bu kitabyň hem bütin dünýäde köp sanly okyjylaryna eýe boljakdygyna, türkmen halyçylygynyň berkarar bolmagynyň taryhy boýunça özboluşly ýol görkeziji hem-de halyçylyk sungaty bilen meşgullanýan adamlaryň ählisi üçin gymmatly gollanma boljakdygyna ynam bildirdiler. Döwlet Baştutanymyzyň milli halyçylyk sungaty hakyndaky oý-pikirlerini, halyçylyga degişli gymmatly maglumatlary özünde jemlän bu kitap türkmen halkyna hem-de giň okyjylar köpçüligine ajaýyp sowgat boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli gutlaglar hem-de arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Türkmen halylary gadymy halyçylyk sungatynyň senasyna, milli baýlyga öwrüldi. Türkmen halkynyň agzybirligini hem-de abadançylygyny alamatlandyrýan haly gölleriniň esasy Döwlet nyşanlarynda – Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň Baýdagynda we Tugrasynda şekillendirilmegi bu gymmatlyga uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli amaly-haşam sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Şol işleriň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça çeper halyçylygyň täze kärhanalary guruldy. Olarda halyçylaryň netijeli zähmet çekmegi hem-de göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredilýär.

Soňra Türkmenistanyň Içeri işler ministri I.Mulikow ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň hem-de gözegçilik edýän düzümleriniň işgärleriniň adyndan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy 29-njy maýda belleniljek Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni bilen gutlady hem-de bu sene mynasybetli ýadygärlik sowgadyny gowşurdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň gazanýan ägirt uly üstünliklerine buýsanýan, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda demokratik, hukuk döwletiniň esaslaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak ugruny durmuşa geçirýän Içeri işler ministrliginiň işgärleri mundan beýläk hem milli bähbitleriň hem-de döwletde we jemgyýetde hukuk tertibiniň goragynda berk durup, eziz Watanymyza we halkymyza hyzmat eder.

Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna, halkymyza we Watanymyza wepaly gulluk etjekdikleri barada kasam etdi.

Döwlet Baştutanymyz Içeri işler ministrliginiň şahsy düzümine baýramçylyk mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edip, olaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrmaga, kanunçylygy we hukuk tertibini goramaga hem-de täze taryhy eýýamyň giň möçberli döwlet wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek üçin şertleri üpjün etmäge saldamly goşant goşýandyklaryny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin ýygnananlara ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, olara berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.