Ï Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine

view-icon 922
Mähriban uçurymlar!

Sizi bilimleriň, bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň we rowaçlygyň ak ýolunda ajaýyp arzuwlara, belent maksatlara beslenen täze menzilleri alamatlandyrýan şatlykly baýram — «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda giňden bellenýän bu ajaýyp baýramyň sizde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrjakdygyna ynanýaryn.

«Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilen 2016-njy ýyl eziz Diýarymyz, merdana halkymyz üçin taryhy wakalara, buýsandyryjy üstünliklere baý ýyllaryň biridir. Şu ýyl biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramyny giňden we dabaraly belläp geçeris. Bu ýylda ýurdumyz syýasy, ykdysady we medeni-durmuş taýdan uly ösüşlere eýe bolmak bilen, täze belent sepgitlere gadam goýar.

Berkarar ýurdumyzda senagat, durmuş we medeni maksatly desgalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, dynç alyş we sagaldyş merkezleri giň gerim bilen gurulýar, bilim we ylym ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ýakynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli köpçülikleýin çärelere, atly ýörişe dabaraly badalga berildi.

Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni hem-de «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdeplerinde joşgunly aýdym-sazlara beslenen medeni-köpçülik çäreleri geçirilýär. Orta mekdepleriň uçurymlarynyň bilim-terbiýe alan bilim ojagy bilen hoşlaşyk dabaralarynyň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Uçurymlaryň, mugallymlaryň, bilim işgärleriniň, şeýle hem ähli halkymyzyň kalbyny şatlyk-joşguna besleýän bu baýramçylyk dabaralary eziz Watanymyzyň, bagtyýar halkymyzyň röwşen geljege barýandygynyň, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk mekanyna öwrülýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Uzak taryhyň dowamynda agzybirligi, parahatçylygy we ynsanperwerligi baýdak edinip gelen merdana halkymyzyň bagtyýar nesilleri ata-babalarymyzyň watansöýüjilik, adalatlylyk, belent ahlaklylyk we lebzihalallyk ýaly ajaýyp sypatlaryny özlerinde jemlemelidir. Halkymyzyň bu milli häsiýetleri eziz Watanymyzyň bagtyýar ýaşlarynyň durmuş ýörelgesine öwrülmelidir.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy we jemgyýetimizi täze taryhy şertlerde sazlaşykly ösdürmäge, bilim ulgamyny döwrebap kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär.

Bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ata Watanymyza wepaly, ýokary aň-düşünjeli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ýurdumyzda köp işler durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri gurulýar. Bilim ulgamynda halkara guramalary, ösen ýurtlaryň abraýly ylym-bilim merkezleri bilen alnyp barylýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk barha ösdürilýär. Ýurdumyzda täze ýokary okuw mekdeplerini açmak, orta we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň öwredilişini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler mugallymçylykda öňdebaryjy dünýä tejribesini, milli däp-dessurlarymyzy, türkmen halkynyň örän baý taryhy we medeni mirasyny nazara almak bilen amala aşyrylmalydyr.

Mähriban ýaşlar!

Bilim-ylym adamzadyň gymmatly baýlygydyr, ynsanyň kalbyny nurlandyryp, oňa kuwwat berýän egsilmez güýçdür. Şoňa görä-de, siz beýik maksada — berkarar Watanymyz Garaşsyz Türkmenistany bilimler mekanyna öwürmäge gönükdirilen giň gerimli işlere gowy okamak, döredijilikli zähmet çekmek, gurmak, döretmek, ylym-bilim dünýäsine çuňňur aralaşmak bilen mynasyp goşant goşmalysyňyz.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban uçurymlar!


Sizi «Soňky jaň» dabarasy we okuwyňyzy üstünlikli tamamlandygyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde, ýurdumyzda agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmakda siziň her biriňiziň gujur-gaýratyňyzy, halal zähmetiňizi, zehin-ukybyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn!

Janyňyz sag, ömrüňiz uzak, ýoluňyz ak bolsun, mähriban uçurymlar!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow