“Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda türkmen paýtagtynda geçiriljek Araly halas etmegiň halkara gaznasyny durnukly ösdürmek boýunça döwletara toparyň /DÖDT/ nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly iş maslahaty geçirildi.
Ýurdumyzyň 2015—2016-njy ýyllarda DÖDT-de başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça döwlet komiteti tarapyndan guralan mejlise gatnaşyjylaryň arasynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri bar. Şeýle hem halkara guramalaryň, olaryň howandarlygynda amala aşyrylýan halkara maksatnamalarynyň we taslamalaryň — Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň /AHHG/ Ýerine ýetiriji komitetiniň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň /BMGÖM/, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň /ÝUNEP/, BMG-niň Merkezi Aziýadaky öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG-niň Ýewropa Ykdysady toparynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk edarasynyň /FAO/, Merkezi Aziýa ýurtlary üçin ýörite maksatnamanyň /SPEKA/, IKARDA sebit maksatnamasynyň, Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkeziniň /MASEM/, BMG-niň Ramsar Konwensiýasynyň Sekretariatynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň /GIZ/, Bütindünýä bankynyň we beýlekileriň wekilleri bar.
Iki günlük iş maslahatynyň barşynda oňa gatnaşyjylar 26-njy maýda geçiriljek DÖDT-niň mejlisiniň gün tertibini ylalaşarlar. Onuň gün tertibine AHHG-nyň agzasy bolan ýurtlaryň daşky gurşawy goramak we sebiti durnukly ösdürmek babatda hereketlerini utgaşdyrmak bilen bagly meseleler giriziler.