Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýewe söz berdi. Wise-premýer ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem 20—21-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň VII halkara Gaz kongresiniň we bu çärä bagyşlanan halkara sergisiniň netijeleri barada hasabat berdi.
Sergi daşary ýurtly myhmanlary Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmekde gazanylan üstünlikler we mümkinçilikler bilen tanyşdyrdy.
Kongresde energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy, energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, döwletara gaz geçirijilerini gurmak ýaly möhüm meseleler giňden beýan edildi. Gazy gaýtadan işleýän pudagyň ösüşine, ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklaryna innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ählumumy energetika howpsuzlygynyň döwrebap gurluşyny döretmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň giň gerimli taslamalarynyň möhüm ähmiýeti bellenildi.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatyň işiniň çäklerinde geçirilen “tegelek stollaryň” we ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň beýleki ýurtlaryň energetika edaralarynyň ýokary wezipeli wekilleri hem-de daşary ýurtly işewürler bilen ikitaraplaýyn işewür duşuşyklaryň barşynda hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň eýe bolan baý uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmagyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi. Häzirki wagtda türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna ibermegiň köp ugurly ulgamyny döretmek boýunça uly işler geçirilýär. Uzynlygy 1000 kilometre barabar bolan «Gündogar–Günbatar» gaz geçirijisi ulanylmaga berildi, «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» halkara gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän bölegi güýçli depginler bilen gurulýar. Şeýlelikde, biz öz milli baýlyklarymyzy halkymyzyň hem-de tutuş adamzadyň bähbidine, sebitde we dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmegiň, hoşniýetli goňşuçylyk döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň bähbidine ulanýarys.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada durup geçmek bilen, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşyna gözegçiligi güýçlendirmegi talap edip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek hem-de ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit hem-de dünýä möçberinde ösüşi üpjün etmek maksadynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen oňyn halkara başlangyçlaryny ilerletmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.
Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, milli parlamentiň ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünişigini tertipleşdirmek hem-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmelidigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa ýüzlenip, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň 5 aýynyň dowamynda bu ugurda köp işleriň durmuşa geçirilendigini belläp, bu babatdaky çäreleriň gerimini giňeltmek hem-de ata Watanymyzyň üstünliklerini giňden beýan etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe şu ýylyň 22—23-nji maýynda Bütindünýä ynsanperwer sammitine gatnaşmak üçin Stambula amala aşyrylan iş saparynyň netijeleri barada hasabaty taýýarlamagy tabşyrdy.
Mejlisiň barşynda milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewiň ünsüni ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän işlere çekdi. Döwlet Baştutanymyz tebigaty goramak çärelerini durmuşa geçirmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere paýtagtymyzy hem-de onuň töwereklerini abadanlaşdyrmak boýunça işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz wise-premýerler S.Satlykowa we B.Hojamämmedowa Balkan welaýatyna boljak iş saparyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewe ilaty zerur bolan harytlar bilen doly üpjün etmek hem-de söwda kadalarynyň berk berjaý edilmegi babatda anyk tabşyryklary berip, alyjylara edilýän hyzmatyň medeniýetini hem-de önümleriň hilini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarowa ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda galla oragyny guramaçylykly hem-de ýitgisiz geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna — harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, mundan beýläk-de dürli düzgün bozmalara garşy bilelikde barlyşyksyz göreş alyp barmagy, raýatlarymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, döwlet bähbitleriniň goragynda durup, halkymyzyň agzybirligine we jebisligine hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň täze belentliklerine gadam urýan ýurdumyzyň rowaçlygyna ýardam etmegi tabşyrdy.
Soňra I.Mulikow içeri işler edaralarynyň işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň çäklerinde Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Türkmenbaşy şäheriniň Polisiýa bölüminiň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem hünär baýramçylygy mynasybetli sport, bedenterbiýe-sagaldyş we medeni-köpçülikleýin çäreleri boýunça ýaryşlar we bäsleşikler geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli içeri işler edaralarynyň işgärlerini hünär baýramy – Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, ata Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda, ýurdumyzda tutumly işleriň amala aşyrylmagynda içeri işler edaralarynyň işgärleriniň hem uly goşandynyň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, içeri işler edaralarynyň işgärleriniň ýurdumyzda giň gerimli durmuş özgertmelerini durmuşa geçirmäge, mähriban halkymyzyň asudalygyny we rahatlygyny üpjün etmäge, jenaýatlaryň we kanun bozulmalarynyň öňüni alyp, hukuk we jemgyýetçilik tertibiniň hem-de kanunçylygyň ýokary derejede goralmagyna, tertip-düzgüniň we kanunçylyk-hukuk binýadyň berkidilmegine işjeň gatnaşýandygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň içeri işler edaralarynyň ähli işgärlerini hünär baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Degişli ýolbaşçylara meýilleşdirilen ähli dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk mynasybetli «Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärlerine ýörite we harby atlary dakmak hakyndaky» Permana gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramyna görülýän taýýarlyk, bu şanly senä bagyşlanyp, däp boýunça “Türkmen halysy biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nusgasydyr” atly halkara sergisini hem-de onuň çäklerinde Türkmen halyşynaslarynyň Bütindünýä jemgyýetiniň XVI mejlisini geçirmek boýunça guramaçylyk çäreleri barada hasabat berdi. Garaşylyşy ýaly, foruma Ýewropanyň hem-de Aziýanyň ýurtlarynyň ençemesinden daşary ýurtly myhmanlar gatnaşar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, haly biziň halkymyzyň milli buýsanjydyr diýip belledi. Ol türkmen zenanlarynyň yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen döreýän, asyrlaryň dowamynda sünnälenip we kämilleşip gelen nepis sungatdyr. Türkmen halylarynyň şan-şöhratyny has-da beýgeltmek, olaryň gadymy nusgalaryny dikeltmek ugrunda ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar. Halyçy gelin-gyzlaryň netijeli zähmet çekmekleri barada yzygiderli alada edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäde milli halyçylyk pudagynyň gazananlaryny wagyz etmek işinde geçirilýän pudaklaýyn maslahatlaryň hem-de sergileriň wajyp ornuny we ähmiýetini belläp, gadymy milli däpleri gorap saklamak we baýlaşdyrmak, ajaýyp el halylaryny döretmek işine uly goşant goşan «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň öňdebaryjy ussat halyçylaryna “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, ýakynda ajaýyp halylary döredýän gelin-gyzlarymyza bagyşlanan kitaby ýazyp gutarandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu gün bu ýere ýygnananlara täze kitap sowgat berler. Bu kitapda türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak milli mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan ajaýyp halylarymyz wasp edilýär. «Arşyň nepisligi» atly kitap şeýle gözelligi döredýän, eli çeper gelin-gyzlarymyza, ene-mamalarymyza bagyşlandy.
Heniz çagakam hala seredenimde, onuň gölleriniň syrly gözelligi meni haýran galdyrardy diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bir tarapdan, men türkmen zenanlarynyň jepakeşligine we tebigy zehinine buýsanardym. Başga bir tarapdan bolsa, täsin gölleri synlap, ata-babalarymyzyň gadymy ýazgylarynyň manysyna düşünjek bolardym. «Olar gölleriň üsti bilen näme diýjek bolduka? Bu göllerde geçen zamanlaryň durmuşy wakalary barada nämeler aýdylýarka?» diýip pikir ederdim.
Käbir alymlar haly gölüniň her bir towjagazy bolup geçen wakalary beýan edýär diýip hasaplaýar. Beýleki alymlar bolsa, bu gölleriň geljekki nesillere niýetlenen ahlak wesýetlerini özünde jemleýändigini tassyklaýar. Hala çitilen şekiller myhmansöýerlik, hoşniýetlilik, mylakatlylyk we sadalyk ýaly halkymyza mahsus milli we umumyadamzat gymmatlyklaryny gorap saklamak üçin zerur bolupdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow yzy üzülmeýän oýlanmalaryň adamy hyýalynda alyslara alyp gidýändigini belledi. Şeýle pursatlarda çuň oý-pikire batýarsyň. Ynsana zerur bolan örän möhüm ruhy we maddy gymmatlyklar barada oýlanýarsyň diýip, milli Liderimiz nygtady.
Bu göllerde ata-babalarymyzyň durmuş mekdebi, bahasyna ýetip bolmajak tejribesi, geljekki nesillere wesýetleri, hakykat ýoly beýan edilen ýaly duýulýar. Bu halylara siňe seretdigiňçe, olar şonça-da öz nepisligi we reňkleriniň öwüşgini bilen haýran galdyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Olar halkymyzyň kalbynyň aýnasy bolup, türkmen zenanlarynyň gaýtalanmajak gözelligini beýan edýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de uzak ýyllaryň dowamynda edip gelen oý-pikirlerini şu kitabyň üsti bilen hemmelere ýetirmek isländigini aýtdy.
Türkmen halylaryna bagyşlanan bu eseri durmuş pelsepesi baradaky kitap hasaplaýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu eseriň biziň aň-bilim işgärlerimiz, alymlarymyz, pelsepeçilerimiz, umuman, halylar bilen gyzyklanýan ähli adamlar üçin peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi. Halylar ynsanyň dury pähim-paýhasynyň gadymy kitabydyr diýip, milli Liderimiz sözüni jemledi.
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde möhüm meseleleriň başga-da birnäçesine seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, bu ýere ýygnananlara we ähli watandaşlarymyza berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.