Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze çagalar sagaldyş merkeziniň açylyşyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze çagalar sagaldyş merkeziniň açylyşyna gatnaşdy

view-icon 1405
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Serdar şäherinde gurlan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna iş saparynyň hut şu ýerden başlanmagynyň çuňňur manysy bardyr. Milli Liderimiziň iş saparynyň maksatnamasyna hökümetiň göçme mejlisi, nobatdaky täze wajyp binanyň düýbüniň tutulyş dabarasy we beýlekiler girizildi.

Ýurdumyzyň durmuşy wakalara baýdyr. Olar milli Liderimiziň türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň sagdyn ösmegine ägirt uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda olar üçin ajaýyp bilim, sport we dynç alyş merkezleri gurulýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary çagalaryň öz zehinlerini hem-de ukyplaryny ösdürmegi, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin alyp barýan işleriniň rowaç bolmagy üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Döwrebap mekdepler, çagalar baglary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen sagaldyş merkezleri diňe bir paýtagtymyzda ýa-da welaýat merkezlerinde däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde hem-de obalarynda gurulýar.

Bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine, sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar bolmagyna uly üns berýän döwlet Baştutanymyz türkmenistanlylaryň bedenterbiýe bilen köpçülikleýin meşgullanmagyny aýratyn gözegçilikde saklaýar. Ýurdumyzda bedenterbiýe hem-de Olimpiýa hereketi giňeldilýär, Türkmenistanyň halkara sport giňişliginde abraýyny goraýan türgenleriň hatary barha artýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda stadionlaryň, suw toplumlarynyň gurluşygy alnyp barylýar, Aşgabatda bolsa bar bolan sport toplumlaryna ýakyn wagtda Olimpiýa şäherjiginiň desgalary goşular. Orta Aziýa sebitinde bu iri sport desgasynyň üçünji nobatdakysynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar we bu ýerde synag ýaryşlary, şol sanda halkara ýaryşlar geçiriler.

Gökderede hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar. Şeýle merkezler ýurdumyzyň welaýatlarynda hem gurulýar. Ine, şu gün şeýle desgalaryň biri dabaraly ýagdaýda açylýar.

...Milli Liderimiz günüň ikinji ýarymynda dikuçarda paýtagtymyzdan uçup, tiz wagtdan täze sagaldyş merkeziniň ýerleşýän ýerine geldi. Onuň ak mermerli binalary Serdar şäherinden birnäçe kilometrlikde, dag jülgesiniň golaýynda peýda boldy. Bu ýere hökümet agzalary, milli parlamentiň deputatlary, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, Balkan welaýatynyň häkimliginiň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, Serdar şäheriniň bilim ulgamynyň işgärleri, çagalar hem-de ýaşulular ýygnandy.

Bedewlere atlanan çapyksuwarlar, kaşaň bezelen düýeler, belentden gurlan hiňňildikler, ak öýler, onuň alkymyndaky sekilerde öz ýasan önümlerini ýanyna alyp oturan amaly-haşam sungatynyň ussatlary, aýdymçy-sazandalar türkmen toýunyň baýramçylyk joşgunyny has hem belende göterdiler.

Döwlet Baştutanymyz dikuçar meýdançasyndan awtoulagynda baýramçylyk lybasyna beslenen “Dürdäne” merkeziniň baş girelgesiniň öňüne gelýär. Milli lybasdaky oglan we gyz milli Liderimize gül desselerini gowşurýarlar. Hormatly ýaşulular döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, ähli başlangyçlarynda üstünlikler hem-de Türkmenistanyň gülläp ösmegi barasyndaky arzuwlaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşulular bilen gysgaça söhbetdeşligiň barşynda olaryň ýaşaýyş-durmuşy, iş aladalary hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler baradaky pikirleri bilen gyzyklanýar.

Şäherjige alyp barýan ýoluň ugrunda döwlet Baştutanymyzy eli baýdakly hem-de şarly çagalar mähirli mübärekleýärler.

Balkan welaýatynyň birleşen döredijilik toparynyň aýdym-sazly çykyşy ýaňlanýar. Ýaşajyk artistler hem bu senä bagyşlap, öz çykyşlaryny taýýarladylar. Dürli lybasly ýaşajyk artistleriň çykyşlarynda, bir tansyň dowamynda, türkmen halkynyň we beýleki halklaryň ertekileriniň gahrymanlary birek-birek bilen duşuşdylar. Milli Liderimiz ýolugra çagalaryň joşgunly tanslary hem-de aýdymlary ýerine ýetirişine syn edýär, şol pursat çagalar sport oýunlary hem-de surat çekmek bilen meşgul bolýarlar. Ähli ýerde çagalaryň şadyýan sesleri ýaňlanýar, çünki “Dürdäne” atly kaşaň dynç alyş merkezi olaryň ygtyýaryna berilýär.

Bu ajaýyp sowgat milli Liderimiziň ösüp gelýän ýaş nesil baradaky atalyk aladasynyň nobatdaky ajaýyp mysallarynyň biridir. Bu ýerde çagalaryň dynç alyş möwsüminde wagtlaryny oňat, şadyýan hem-de peýdaly geçirmekleri, güýç toplamaklary, şeýle hem täze aň-bilim we peýdaly endikleri ele almaklary üçin ähli şertler döredildi.

Bäş müň inedördül metr meýdanda ýerleşen hem-de her çalşykda ýaş türkmenistanlylaryň 300-sini kabul etmäge niýetlenen täze şypahana Balkan welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy boýunça ýerli hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy. Bu desga çagalaryň oňat dynç almagy babatda ähli talaplara laýyk gelýär.

Toplumyň esasy binasynyň öňünde hormatly Prezidentimizi oglanjyk we gyzjagaz garşylaýarlar. Olar döwlet Baştutanymyzdan sagaldyş hem-de dynç alyş merkezini açyp bermegini haýyş edýärler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda çagalar bilen bilelikde toý bagyny kesýär. Şol pursatda dürli reňkli howa şarlary asmana göterilýär.

Täze desganyň eýwanynda döwlet Baştutanymyzy çagalar garşylaýarlar. Şu gün gapylaryny giňden açan desganyň ýaş eýeleri hormatly Prezidentimize eziz Watanymyz, Arkadagymyz hem-de bagtyýar çagalar hakyndaky goşgular bilen tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edýärler.

Serdar şäheriniň sungat mekdebiniň dutarçylar topary ajaýyp sowgat taýýarladylar. Olaryň ýerine ýetirmeginde şirin owazlar ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ile döwlet geler bolsa...” atly kitaby halk saz guralynda owazlary ýerine ýetirmäge kuwwatly itergi berdi. Bu sazda aýdymçylaryň asyrlaryň dowamynda toplan sungaty, däp-dessurlaryň dowamatlylygy beýan edilýär.

Bagşylaryň ajaýyp sungaty häzirki günlerde hem üstünlikli dowam etdirilýär. Olar halkymyzyň döredijilik ýörelgelerini dowam etdirýärler.

Bu merkezde dynç almak bilen baglanyşykly çäreleriň, dürli dabaralaryň — aýdym-saz bäsleşikleriniň, köpöwüşginli festiwallaryň, sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi däbe öwrüler. Bu ýere gelýänleriň birnäçesi özüniň gyzyklanýan işi bilen meşgullanmagyny dowam etse, ýene birnäçesi özünde gyzyklanma döredýän hem-de özi üçin peýdaly täze pişe tapar.

Merkez hemmelere şadyýan ýaryşlara we bäsleşiklere gatnaşyp, sport bilen has-da ýakyn aragatnaşyk saklamaga, bäsleşiklerde we paýhas oýunlarynda öz gözýetimlerini giňeltmäge, öz döredijilik ukyplaryny ösdürmäge mümkinçilik berer.

Milli Liderimiz “Dürdäne” merkezi bilen tanyşlygyny dowam edýär.

Ýarym aýlaw görnüşindäki esasy iki gatly bina özüne ýatylýan otaglaryň 58-sini birleşdirýär. Bu ýerde oýunlary oýnamak hem-de çagalaryň döredijilik ösüşini üpjün etmek üçin ähli şertler döredildi. Onda döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen okuw hem-de kompýuter otaglary, 66 orunlyk kinozal we 270 orunlyk mejlisler zaly, çagalar üçin döwrebap awtomatlar bilen üpjün edilen oýun zaly, fitnes-zal, okalga zaly, kitaphana hem-de lukmanlar üçin niýetlenen otaglar ýerleşýär.

Naharhanada hem ajaýyp şertler döredilipdir. Onuň binasynda 300 orunlyk naharhana zaly, ähli şertler döredilen aşhana zolagy ýerleşýär. Dürli köpçülikleýin medeni çäreler hem-de dabaralar üçin merkezde 300 orunlyk amfiteatr göz öňünde tutulandyr.

Suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz aýratyn guruldy. Howzuň uzynlygy 12 metre we ini 5,5 metre barabardyr. Onuň golaýynda kömekçi jaýlar, şol sanda egin-eşik çalşylýan jaýlar, suwa düşülýän otaglar we beýleki desgalar ýerleşýär. Bu ýerde gimnastika zaly hem bar. Sagaldyş we dynç alyş merkeziniň açyk meýdançasynda 17,4 x 32,2 metre barabar bolan tomusky suwda ýüzülýän howuz guruldy. Bagtyýar çagalar üçin futbol, basketbol oýnamak üçin meýdançalar, tennis kortlary hem-de dynç alyş meýdançalary guruldy. Esasy bina ýanaşyk ýerler abadanlaşdyryldy hem-de bagy-bossanlyga öwrüldi, bu ýerde dürli agaç nahallary oturdyldy.

Öz çagalaryny görmäge gelýän ene-atalar üçin 3 gatly myhmanhana guruldy. Topluma şeýle hem awtoduralga, dürli tehniki otaglar, transformator podstansiýasy we beýleki desgalar girýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym-bilim ugry boýunça, şol sanda dil bilimi, ýagny elektron sözlükler we ş.m. boýunça öňdebaryjy taslama üpjünçiligi bolan iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan kompýuter synpyna gelýär.

Çagalar milli Liderimize kompýuterleriň daşary ýurt dillerini öwrenmekde möhüm orun eýeleýändigi barada gürrüň berdiler. Okuwçy gyzlaryň biri ýapon dilini öwrenýändigini gürrüň berdi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen indiki okuw ýylyndan başlap, ýapon dili mekdep maksatnamasyna giriziler. Serdarda ýaş mugallymlar — Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uçurymlary tarapyndan guralan dil gurnagynyň netijesinde bu gyzjagaz dili öwrenmekde üstünlikler gazandy.

Okuwçy gyz kompýuterde ýapon elipbiýini öwrenmäge, robot görnüşinde sözleri ýazmaga hem-de aýtmaga mümkinçilik berýän ýagdaý barada gürrüň berdi. Dürli ulgamlaryň bolmagy robotlar bilen gepleşikleri geçirmäge, onuň sowallaryna jogap bermäge hem-de jogaplaryň dogrudygyny barlamaga mümkinçilik berýär.

Beýleki gyzjagaz bolsa iňlis dilini öwrenmek üçin maksatnamany hödürledi. Oýun interfeýsi hem-de ses hereketleri çagalar üçin sapaklaryň örän gyzykly bolmagyny üpjün edýär, grammatikanyň, sözleriň dogry ýazylyşynyň hem-de aýdylyşynyň öwrenilmegini höweslendirýär.

Şeýle maksatnamalar rus dilini öwrenmek üçin oňat höweslendiriş çäresi bolup durýar: oglanlaryň birisiniň monitorynda beýik rus şahyry A.S.Puşkiniň “Balykçy hem-de balyjak hakyndaky” ertekisiniň esasynda sýužet döredildi. Şeýle elektron kömekçiler daşary ýurt dilini öwrenmäge, orfoepiki hem-de grammatiki kadalary nazara almak bilen sözlemleri düzmäge, kada laýyklykda sözlemleri aýtmaga ýardam edýär.

Gyzjagazlaryň biri milli Liderimize hytaý dili boýunça öwrenenlerini görkezdi. Ol hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen “Paýhas çeşmesi” atly kitapdan nakyllary mysal getirdi, kompýuterde bolsa olaryň hytaý dilindäki terjimesi, okalyşy hem-de ýazylyşy beýan edildi.

Türkmen dilini öwrenmek üçin hem maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Ol çagalara ene dilini özleşdirmäge, mekdep maksatnamasyny ele almaga, synag işlerine ýa-da synaglara taýýarlyk görmäge ýardam eder. Şol bir wagtyň özünde olar ýurdumyzyň däp bolan medeniýeti hem-de köpasyrlyk taryhy bilen tanyşdyrýar.

Oglanlaryň biri multimediýa maksatnamasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, meşhur ahalteke bedewleri barada gürrüň gozgady, beýleki oglanlaryň biri bolsa 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary baradaky habary taýýarlady. Milletiň ruhuny, onuň şöhratly taryhyny, ajaýyp şu gününi we geljege sary gadamyny alamatlandyrýan bedew atyň bu oýunlaryň baş nyşany bolmagy öz-özünden düşnüklidir. Hut şu pikir hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Gadamy batly bedew” kitabynyň esasyny düzýär.

Gyzlaryň ýene-de biri harp ses elipbiýiniň we dilden aýdylýan gepleşigi awtomatik usulda terjime etmek boýunça kompýuter taslamasynyň kömegi bilen ýapon dilinde türkmen baýramçylyklary baradaky habarlary taýýarlady.

Milli Liderimiz ondan öwrenmek üçin ýapon dilini saýlap almagynyň sebäbini sorady. Soňra onuň mugallymyna ýüzlenip, onuň nirede ýokary bilim alandygy, nirede iş tejribesini geçendigi hem-de geljekki göz öňünde tutýan işleri bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz ýaş mugallymyň häzirki wagtda dissertasiýa ýazýandygy bilen gyzyklanyp, oňa uly üstünlikleri arzuw etdi we ýurdumyzda ýokary taýýarlykly işgärleriň örän zerur bolup durýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň, olaryň innowasion ugrunyň daşary ýurt dillerini özleşdirmegi talap edýändigini belläp, mekdep okuwçylaryny has-da oňat okamaga çagyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz “Dürdäne” merkeziniň oýun zalyna bardy. Bu ýerde dürli attraksionlar, çagalar üçin oýun awtomatlary, şol sanda sport häsiýetlerini, ünslüligi ösdürmäge ýardam edýän awtomatlar ornaşdyryldy.

Milli Liderimiz çagalar bilen salamlaşyp, olar bilen söhbetdeşlikde täze merkeziň çagalarda döreden täsirleri bilen gyzyklandy. Bu ýerde gyzykly we öwreniş häsiýetli dynç alyş üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Çagalar milli Liderimize bilim almak, ösmek we şadyýan dynç almak üçin ähli şertleriň döredilmegi barada edýän atalyk aladasyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Bu mahal merkeziň oňaýly kino zalynda ilkinji gezek film görmek üçin çagalar hem ýygnanypdyr. “Dürdäne” merkeziniň açylmagy mynasybetli çagalaryň söýýän Aşyr dädesiniň paýtagtymyzyň Aşgabat seýilgähinde çagalar bilen hiňňildiklerde uçup, wagtyny geçirişi barada gürrüň berýän film görkezildi. Filmde ýaş nesliň milli Liderimize hoşallygy, öz ýurduna buýsanjy beýan edilýär.

Soňra milli Liderimiz gyzlaryň ýatýan otaglaryna baryp gördi, bu ýerde mekdep okuwçylary hormatly Prezidentimizi uly şatlyk duýgusy bilen garşy alyp, şunuň ýaly ajaýyp şypahanada dynç almak mümkinçiligi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Gyzlar öz güýmenjeleri barada gürrüň bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çeper el işlerini görkezdiler. Gyzlaryň biri ýazky dynç alyş günlerinde Awazada bolup, kenar boýunça gezelenjiniň barşynda deňiz balykgulaklaryny ýygnandygyny, özüniň döredijilik hyýallaryny durmuşa geçirmekde hem şol balykgulaklaryň serişde bolup hyzmat edendigini gürrüň berdi. Gyzjagaz kömekçi serişdeler arkaly olardan özboluşly bezeg kompozisiýalaryny we dürli zatlary döredýär, şol zatlaryň biri milli Liderimize sowgatlyk hökmünde gowşuryldy.

Gyzjagazlaryň ýene biri öz el işlerini görkezip, sungat mekdebinde keramika boýunça sapaklarda öwrenen zatlary hakynda gürrüň berdi. Häzir ol toýun palçykdan “Böwenjik” ertekisiniň gahrymanlarynyň şekillerini ýasaýar, ol şu wagt baş gahrymanyň şekilini ýasap, gutaryp barýar.

Döwlet Baştutanymyz ýaşajyk ussatlara egsilmez ylham hem-de uly döredijilik üstünliklerini arzuw edip, tanyşlygyny dowam etdi hem-de oglanlaryň ýatýan otagyna girdi.

Bu ýerdäki oglanlaryň ikisi Türkmenistanyň Prezidentiniň sowallaryna jogap bermek bilen, täze dynç alyş merkeziniň özlerinde galdyran täsiri, öz arzuwlary, geljekde kim bolmak isleýändikleri hakynda gürrüň berdiler.

Olaryň biri öz düzen goşgusyny okap berdi, ol bu goşgusyny şu günki ajaýyp waka, çagalar üçin niýetlenen “Dürdäne” merkezine bagyşlapdyr.

Beýleki oglanyň gürrüň bermegine görä, ol programmalaşdyrmak bilen gyzyklanýar we özi goşundy — bäsleşigi işläp taýýarlapdyr, ol kompýuterde başga elektron serişdesine oturdylyp bilner. Ol planşetiň kömegi bilen şunuň ýaly serişdeleri diňe dynç alyş beketleri däl-de, eýsem, okuwçylar üçin maglumat almagyň serişdesi, dünýäni öwrenmek, kitaplary okamak, umuman, ösmek üçin kömekçi bolup biler. Şunuň ýaly gurluşa özi öwredijileri, sözlükleri, daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin gollanmalary hem-de döredijilik üçin amaly maksatnamalary we elbetde, gyzykly oýunlary, synaglary we bilimleri barlamak üçin bäsleşikleri ýazmak bolýar.

Döwlet Baştutanymyz oglanlaryň arzuwlaryny goldamak bilen, öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirmekde ýaşlara esasy ugurlar boýunça sapaklaryň öwredilýändigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde-de, jemgyýetiň adam mümkinçiliklerini amala aşyrmazdan, edebiýatda, aýdym-sazda, medeni, taryhy, ruhy mirasy öwrenmekde öňegidişlik bolmajakdygyny aýtdy.

Çagalar sagaldyş merkezinde, ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerine we tebigy gözelliklerine gyzyklanma bildirýän çagalary özüne birikdiren “Ýaş syýahatçylar” gurnagynyň döredilendigini bellemek gerek. Ýeri gelende aýtsak, “Ýaş syýahatçylar” gurnagy öz diwar gazetini çykaryp başlar, onuň ilkinji sany eýýäm taýýarlanyldy.

Şypahananyň sport zaly döwrebap türgenleşik enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Türgenleşik geçmek üçin bu ýerde döredilen şertler, gürrüňsiz suratda, türgenleri has ýokary netijeleri gazanmaga iterer diýip, türgenleriň halypasy belledi. Şunuň ýaly fitnes bölüminiň täze dynç alyş merkeziniň iň köp gelinýän ýere öwrüljekdigi gürrüňsizdir.

Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrýar.

Döwlet Baştutanymyz “Dürdäneden” ugramak bilen, hemmeleri täze, häzirki zaman çagalar sagaldyş merkeziniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlady hem-de hemmeleriň agzybirlikde el çarpmagynda çagalar sagaldyş merkezine täze awtoulaglaryň, şol sanda 42 orunlyk oňaýly “Yutong” awtobusynyň, “Forland” ýük awtoulagynyň, “Hyundai” sowadyjy awtoulagyň hem-de “Toyota” ýeňil awtoulagyň açarlaryny gowşurdy.

“Dürdänedäki” dabaralar birleşen çagalar döredijilik toparlarynyň baýramçylyk çykyşy bilen tamamlandy. Olar şowhunly halk tansy bolan “Küştdepdini” joşgunly ýerine ýetirdiler. Onuň owazy uzaklara ýaň saldy. Döwlet Baştutanymyz merkeziň eýwanyna çykyp, kanagatlanma bilen bu göwün galkyndyryjy çykyşa tomaşa etdi.

Milli Liderimizi ugradýan çagalar berýän ünsi we özlerine tomusky dynç alşyň başlanmagyna gabatlanan täsin sowgady üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.