Ï Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek bilen

view-icon 1051
Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Mollagara” şypahanasynda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy, şeýle hem deňziň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Mollagara” şypahanasyna baryp, onuň çägini gözden geçirdi we şypahananyň ajaýyp bejeriş mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Bu ýerde birnäçe keselleri bejermek üçin tebigy şertler ulanylýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu täsin şypahana köp ýyllar bäri diňe türkmenistanlylaryň arasynda däl-de, eýsem, dünýäniň dürli künjeklerinden bu ýere gelýän köpsanly näsaglaryň arasynda uly meşhurlygy bilen tanalýar. 2012-nji ýylyň tomsunda bu ýerde ulanmaga berlen täze döwrebap şypahana toplumy hödürlenýän bejeriş-sagaldyş hyzmatlarynyň görnüşini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Amala aşyrylýan milli maksatnamalara laýyklykda ýurdumyzda şunuň ýaly durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna aýratyn üns berilmegi saglygy goramaga, diýmek, türkmen halkynyň abadançylygyny we rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerden dikuçarda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugur aldy. Şol ýerde milli Liderimiz welosipedli gezelenç etdi hem-de köpugurly sport toplumyna bardy.

Döwlet Baştutanymyzyň sporta, ilkinji nobatda bolsa, adamyň, jemgyýetiň, halkyň saglygyny berkitmekde iň netijeli serişdeleriň biri bolan sportuň bu görnüşine aýratyn üns bermegi Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirilýän durmuş syýasatynda öz beýanyny tapýar, bu syýasatyň maksady bolsa türkmenistanlylaryň ýaşaýşynyň hil derejesini ýokarlandyrmak, berk bedenli hem-de ruhubelent nesilleriň kemala gelmegi üçin ähli şertleri döretmek bolup durýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar, jemgyýetde möhüm ähmiýete eýe bolup, döwrüň aýdyň alamatlarynyň birine öwrülýär. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şahsy görelde görkezýär.

Şu gün hem milli Liderimiz özüniň durmuş ýörelgesine öwrülen hemişeki endigine eýermek bilen, sport bilen meşgullanmaga, welosipedli gezelenç etmäge wagt tapdy. Döwlet Baştutanymyz ýene-de yzygiderli türgenleşikleriň netijesinde emele gelen aňrybaşy beden taýýarlygyny görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem ýurdumyzyň sport düzüminiň ösdürilmegine, şol sanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda köpçülikleýin sport şüweleňli çäreleri, ýaryşlary, şol sanda ýurdumyzda ösüp başlan sportuň görnüşleri boýunça bäsleşikleri geçirmek üçin zerur şertleriň kemala getirilmegine yzygiderli üns berýär.

2014-nji ýylyň tomsunda “Awazada” ilkinji gezek windserfing boýunça dünýä derejeli ýaryşlaryň geçirilmegi ýurdumyzda ýelkenli sportuň kemala gelmegine uly ýardam berdi.

Ertir, 27-nji maýda bolsa türkmen paýtagtynda ýurdumyzda ilkinji gezek sambo boýunça Aziýanyň çempionaty badalga alýar. Bu synag ýaryşlary 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýaýbaňlandyryljak ýerinde, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde guralar.

...Milli Liderimiz deňziň kenarynda saklanyp, welosipedden düşdi we deňiz joşgunlarynyň ajaýyp görnüşlerini synlap, kenar boýunça pyýada gezelenç etdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem daşky gurşawa aýawly çemeleşilmeginiň, amatly ekologiýa ýagdaýynyň saklanylmagynyň zerurdygyny hemişe nygtaýar. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmeginiň baş maksady – ilatyň saglygyny berkitmek bolup durýar, bu bolsa deňiz ýakasynyň täsin howa şertleri, bejeriş häsiýetli gidromineral serişdeleriň ýeterlikdigi bilen şertlendirilýär.

Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ýokary derejeli dynç alyş merkezleriniň we dünýä ülňülerine laýyk gelýän kaşaň myhmanhanalaryň sany ýyl-ýyldan artýar, kinoteatrlary, ýahta we sport klublaryny hem öz içine alýan dynç alyş düzümi yzygiderli ösdürilýär.

Bularyň ählisi watandaşlarymyzyň abadançylygyna, türkmen halkynyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz belleýär. “Awazada” dynç alýanlar üçin iň ýokary amatly derejeleriň we aňrybaş hyzmatlaryň ýola goýulmagyna aýratyn üns berilýär. Tomus paslynyň — köpçülikleýin zähmet rugsadyna çykylýan möwsümiň gelmegi bilen, bu ýere maşgala bolup, çagalary bilen bilelikde dynç almaga gelýänleriň sanynyň artýan döwründe munuň özi has-da möhüm ähmiýete eýedir. Adamlaryň göwnejaý dynç almagy, olaryň wagtyny gyzykly, peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertleriň üpjün edilmegi zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Şunuň bilen baglylykda, şeýle hem ulagyň ekologiýa taýdan iň arassa görnüşi bolan welosipedden peýdalanmak, welosipedli gezelençleriň ugurlaryny döretmek we beýlekiler maksada laýyk bolardy. Geljekde “Awazada” welosiped sporty boýunça iri ýaryşlary, şol sanda halkara derejesindäki bäsleşikleri guramak mümkinçiligi dörär.

Biziň ýurdumyz Hazarýaka döwletleri bilen Hazar deňziniň tebigy gurşawyny goramak ulgamynda, sebitiň möhüm häsiýete eýe bolan ekologiýa meseleleriniň çözgüdini tapmakda işjeň hyzmatdaşlyk edýär, bilelikdäki taslamalary, ylmy-barlaglary alyp barýar. Türkmenistanyň sebitiň ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup, Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýany tassyklandygyny bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynyň, “Rio+20” Bütindünýä sammitiniň we beýleki iri halkara forumlarynyň belent münberinden öňe süren oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Ol başlangyçlaryň hatarynda Aşgabatda, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak, BMG-niň Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak boýunça Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak we beýlekiler bar.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Hazar deňziniň türkmen kenarynyň bioköpdürlüligini we tebigy görnüşini saklamak, ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan taslamalar özüniň oňyn netijelerini berýär. Soňky ýyllarda bu ýerde balyklaryň görnüşleriniň ep-esli artýandygy duýulýar, olar gadymdan bäri Hazar deňziniň türkmen kenarynyň gymmatly baýlygy hasaplanylýar.

Hormatly Prezidentimiz bioköpdürlüligi goramak meselelerine yzygiderli üns bermegiň we Hazaryň ekologiýa gurşawynyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyny belleýär. Sebäbi, bu künjekler ekologiýa syýahatçylygy üçin aýratyn gyzyklanma eýedir, tebigatyň haýwanat dünýäsine olaryň tebigy şertlerde mesgen tutan ýerlerinde syn etmek bolsa häzirki wagtda tutuş dünýäde syýahatçylygyň meşhur ugurlarynyň birine öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli gezelenji dowam etmek bilen, şypahana zolagyny bagy-bossanlyga öwürmek we bu zolakda ýaşaýyş-durmuş düzümlerini kemala getirmek meselelerine aýratyn üns berýär, munuň özi bolsa adamlaryň doly derejeli dynç almagy hem-de saglygyny berkitmegi üçin zerur şertleri üpjün edýär.

Döwlet Baştutanymyz ýolugruna Hazar deňziniň jana tenekär türkmen kenarynda bina edilen desgalary — köpsanly sagaldyş-dynç alyş, medeni we sport toplumlaryny, şeýle hem “Awaza” derýasynyň kenarynda peýda bolan seýilgähleri synlady.

Soňra hormatly Prezidentimiz iň häzirki zaman türgenleşik enjamlary bilen üpjün edilen fitnes merkezi, sport zallary bolan köpugurly sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmegi dowam etdi, bu toplumda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, şol sanda woleýbol, basketbol, gandbol oýnamak üçin ähli şertler döredilendir. Şeýle hem bu ýerde ýüzmek hem-de suw sportunyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ýüzülýän howuz, bouling, tennis, bilýard we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin zallar bar. Döwlet Baştutanymyzyň bu ýere gelen pursatynda toplumyň sport zalynda wise-premýerlerden, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan düzülen toparlar woleýbol oýnaýardylar, şeýle hem stol üstünde oýnalýan tennis, bouling boýunça ýaryşlar geçirilýärdi. Türkmenistanyň Prezidenti sport toplumynyň ýokarky gatyna çykyp, bu ýerde türgenleşik zalynda dürli maşklary ýerine ýetirdi.

Soňra milli Liderimiz egindeşleri bilen dermanlyk otlardan demlenen çaý başynda ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmak işinde bedenterbiýä we sporta uly orun berilýär diýip belledi. Olary dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmek halkymyzyň abadan, bagtly durmuşynyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport bilen yzygiderli meşgullanmak diňe bir saglygyň berkidilmegine ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, şahsyýetiň özüne bolan erkini, işe ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Şunda bolsa döwlet Baştutanymyz ähli ildeşlerimize sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolmakda, sportda, Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan ýadawsyz işlerinde aýdyň görelde bolýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.