Hormatly içeri işler edaralarynyň işgärleri, harby gullukçylary, weteranlary, mugallymlar hem-de talyp ýaşlary!
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Siziň hünär baýramyňyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokary derejede bellenip geçilýän baýramlarymyzyň birine öwrüldi. Bu baýramçylyk gününde raýatlarymyzyň asudalygyny gorap saklamak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ykrar etmek we zyýanly endiklere garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak bilen, jemgyýetimizde bolup geçýän syýasy, ykdysady, medeni we ruhy özgertmeleriň kämilleşmegine siziň uly goşant goşýandygyňyz bellemäge mynasypdyr. Ata Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda, tutumly işleriň amala aşyrylmagynda Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň hem uly goşandy bardyr.
Hormatly içeri işler edaralarynyň işgärleri!
Siz uzak ýyllaryň dowamynda dünýewi, demokratik, hukuk döwletimiziň garaşsyzlygynyň gazananlaryny, parahatçylygyň hem-de milli agzybirligiň esaslarynyň barha pugtalandyrylmagyny, halkara derejesindäki dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň hemmetaraplaýyn çygrynyň gün-günden giňelmegini, ýurdumyzda giň gerimli durmuş özgertmeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagyny, halkymyzyň asudalygynyň we rahatlygynyň üpjün edilmegini, jenaýatlaryň we kanun bozulmalaryň öňüni alyp, hukuk we jemgyýetçilik tertibiniň hem-de kanunçylygyň ýokary derejede goralmagyny, tertip-düzgüniň we kanunçylyk-hukuk binýadynyň berkidilmegini üpjün edip gelýärsiňiz. Bu gün, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzy has-da ösdürmekde, belent derejelere ýetirmekde öňde duran wezipeler sizi mundan beýläk hem geljege has ynamly we aýgytly gadam urmaga borçly edýär.
Şoňa görä-de, siziň her biriňiz gulluk borjuňyza başarjaň, hüşgär hem gaýduwsyz çemeleşmelisiňiz. Biz şu ýyly «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek» ýyly diýip yglan etdik. Halkymyzyň asudalygyny üpjün etmek boýunça jogapkärli wezipäňizde dünýä taryhynda öçmejek yz galdyran Oguz han, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Soltan Sanjar we Görogly beg ýaly beýik şahsyýetlerimiziň mertliginden nusga almalysyňyz. Hormatly asudalygyň goragçylary!
Garaşsyz Watanymyzyň harby we hukuk goraýjy, şol sanda içeri işler edaralary döwrümiziň in kämil tehniki serişdeleri we enjamlary bilen yzygiderli üpjün edilip, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady barha berkidilýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler netijesinde milli ykdysadyýetimizde, medeniýetde, sungatda we halkara gatnaşyklarynda täze sepgitlere ýetildi. Bu ajaýyp döwürde ata Watanymyzda içeri işler edaralary üçin häzirki zaman şähergurluşygynyň we binagärligiň in ýokary talaplaryna laýyk gelýän gulluk binalarynyň, işgärler üçin oňaýly döwrebap, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesi gurlup, ulanmaga berildi. Biz ata Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly gulluk edýän içeri işler edaralarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak barada geljekde-de yzygiderli alada ederis.
Ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň içeri işler edaralarynyň dürli düzüm birliklerinde gulluk edýän işgärleriň her biri lebzihalallygy, kalby päkligi, watansöýüjiligi, başarjaňlygy hem-de belent adamkärçiligi bilen hemmelere nusga bolmalydyr.

Sizi döwlet derejesinde bellenilýän hünär baýramyňyz -Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, mukaddes hem-de jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Yaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly Berdimuhamedow