Mähriban halkym!
Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri!
Sizi bütindünýä bileleşigi bilen birlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda hem giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, bu halkara baýramyň şanyna geçiriljek dabaralar berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin yhlasly zähmet çekýän, döredýän, gurýan mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýsyn, bagtyýar geljegimiz bolan şadyýan körpelerimizde ýakymly ýatlamalary galdyrsyn!
Çagalary goramagyň halkara güni parahatçylyk, ynsanperwerlik, dostluk ýaly umumadamzat ýörelgelerini dabaralandyrýan ajaýyp baýramdyr. Bu halkara baýram Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy ýörelgelerine Türkmenistanyň ygrarlydygyny, ýaş nesiller barada içgin alada edýändigini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde jemgyýetçilik durmuşynda aýratyn orny eýeleýär. Bu halkara baýramyň şanyna paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, şeýle hem welaýat merkezlerimizde, şäherdir etraplarymyzda köpçülikleýin sport, jemgyýetçilik-medeni çäreler giň gerim bilen geçirilýär. Gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegine öwrülen Gökderede, at-owazasy dünýä ýaň salýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän döwrebap çagalar sagaldyş merkezlerinde mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine gabatlanyp geçirilýän baý mazmunly, köp öwüşginli dabaralar mähriban halkymyzy belent maksatlara, täze, beýik işlere ruhlandyrýar, aýratyn hem ýaş nesillerde beýik buýsanjy, ynsanperwerlik häsiýetlerini terbiýeleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkara baýramlaryň jemgyýetçilik durmuşynda mynasyp orun alyp, dünýä halklaryny birek-birek bilen ýakynlaşdyrmaga itergi berýändigi bizi örän guwandyrýar.
Eziz watandaşlar!
Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň beden, aň-bilim, ruhy-ahlak, durmuş taýdan hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Mähriban körpeleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, talabalaýyk terbiýelenmegi, oňat bilim almagy jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösüşiniň kepilidir.
Şu maksatlardan ugur alnyp, Garaşsyz Watanymyzda ýaş nesillerimiziň watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegine, oňat okamaklaryna, dynç almaklaryna, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryna örän uly üns berilýär. Berkarar ýurdumyzda häzirki zaman çagalar baglary, mekdepler, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri, şypahanalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Mähriban körpeleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler her bir şahsyýetde uly buýsanç döredýär, belent watansöýüjilik we ynsanperwerlik duýgularyny terbiýeleýär.
Mähriban halkym!
Garaşsyz Watanymyz Türkmenistan dünýä döwletleri, halkara we sebit guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Çagalaryň saglygyny, hukugyny goramak, olara adamzadyň ahlak-demokratik ýörelgeleri esasynda bilim-terbiýe bermek, zenanlaryň hem-de çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak ugrunda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär, dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýar.
Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz döwletimiz bu ugurda binýatlaýyn halkara hukuk resminamalarynyň birnäçesine — Çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna, Çagalaryň halkara derejede ogurlanmagynyň raýat jähetleri boýunça Gaaga Konwensiýasyna goşuldy.
Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen bilelikde ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösmegine, maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna, bilimiň we saglygy goraýşyň kämilleşmegine, sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine gönükdirilen taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar, okuw maslahatlary, duşuşyklar geçirilýär. Bu bolsa Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä ösüşindäki ornunyň has-da pugtalanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Sizi Çagalary goramagyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, ata Watanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow