Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň “ARETI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.
Myhman duşuşmaga hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ykdysady ösüşiň okgunly depginlerini görkezýän Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary artdyrmaga ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, innowasion ösüşe tarap ugur alan ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyk etmek üçin hemişe açykdygyny aýtdy we bilelikde işlemegiň uly tejribesi toplanan “ARETI” kompaniýasy bilen işewür aragatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň barşynda russiýaly işewür “ARETI” kompaniýasynyň Türkmenistanda dürli pudaklarda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler maksatnamanyň çäklerinde täze taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga ymtylýandygyny nygtady we şu babatda türkmen Lideriniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Sport ulgamynda, şol sanda ýurdumyzda ýyl-ýyldan barha meşhurlyga eýe bolýan welosiped sporty boýunça hyzmatdaşlyk etmek özara pikir alyşmagyň aýratyn meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, türgenleşik işlerini kämilleşdirmek, türgenleri we tälimçileri taýýarlamak hem-de olaryň ussatlyklaryny ýokarlandyrmak babatda özara gatnaşyk etmegiň geljegi, Türkmenistanda, hususan-da, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjigindäki täze welotrekde welosport boýunça iri halkara ýaryşlaryny geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu bolsa Aşgabatda geçiriljek Aziada — 2017-niň öň ýanynda aýratyn wajyp ähmiýete eýe bolýar.
Igor Makarowyň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketini höweslendirmäge we işjeňleşdirmäge gönükdirilen ýadawsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistanyň dünýä derejesindäki sport abraýy artýar. Türkmen Lideri sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip hem-de wagyz edip, bu babatda watandaşlaryna ajaýyp görelde görkezýär we hemmeleri, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmaga ruhlandyrýar. Şunda ýurdumyzda kemala getirilýän, ähli babatda ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap köpugurly sport düzümleriniň welosiped sportuny goşmak bilen, sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä derejesindäki ýaryşlary guramak we geçirmek üçin amatly şertleri döredýändigi nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmäge Türkmenistanyň gyzyklanmasyny tassyklap, ýurdumyzyň bu ulgamda baý tejribä eýe bolan Russiýanyň meşhur “Katýuşa” welosiped toparynyň baş hemaýatçysy bolan “ARETI” kompaniýasynyň tekliplerine garamaga taýýardygyny belledi.
Işewür bildirilýän ýokary ynam üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de örän çynlakaý we jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de “ARETI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Makarow özara bähbitler nazara alnyp guralýan we anyk netijelere gönükdirilen däp bolan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.