Ï Owganystanyň ykdysadyýetiniň dikeldilmegine goldaw bermek — milli Liderimiziň hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň ileri tutulýan ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Owganystanyň ykdysadyýetiniň dikeldilmegine goldaw bermek — milli Liderimiziň hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň ileri tutulýan ugry

view-icon 852
3-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berlişi ýaly, Owganystan Yslam Respublikasynyň biziň ýurdumyz bilen serhetleşýän welaýatynda tiz wagtda Türkmenistan tarapyndan ynsanperwerlik kömegi hökmünde bina edilen çaga dogrulýan öýüň açylyşy bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mundan bir ýyl ozal, 5-nji iýunda bu binany gurmak baradaky Karara gol çekdi we durmuş maksatly täze desga Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde ulanmaga tabşyrylmagyna taýýar edildi.

Bu lukmançylyk edarasynyň işini göwnejaý derejede ýola goýmak maksady bilen, milli Liderimiz bu ýere zerur lukmançylyk we beýleki degişli serişdeleri hem-de ýerli lukmanlary taýýarlamak üçin türkmen lukmanlarynyň we şepagat uýalarynyň toparyny ugratmak barada görkezme berdi. Şeýlelikde, Türkmenistan goňşy ýurtda diňe bir çaga dogrulýan öýi bina etmek bilen çäklenmän, onuň işini geljekde göwnejaý ýola goýmaga hem howandarlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, biziň döwletimiz türkmen halkyna gadymyýetden mahsus bolan belent ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, Owganystana yzygiderli ýagdaýda ynsanperwer kömegini ugradýar, bu ýurduň durmuş-ykdysady düzümlerini dikeltmäge netijeli ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen, türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna Owganystanda ozal hem saglyk öýi we mekdep guruldy.

Mundan başga-da, döwletara ylalaşyklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň dürli okuw mekdeplerinde owgan talyplary bilim alýarlar. Olar dürli hünärler boýunça bilimlerini we başarnyklaryny ýokarlandyrýarlar.

Doganlyk goňşy ýurda yzygiderli ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanda degişli çäreleriň toplumy göz öňünde tutulýan maksatnama taýýarlanyldy, oňa laýyklykda, durmuş maksatly desgalar, söwda merkezi bina ediler, ynsanperwer ýükleri we beýlekiler iberiler. Täze çaga dogrulýan öýüň ulanmaga berilmegi bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädimdir.

Bu binanyň gurluşygynyň tamamlanylmagynyň ýakyn günlerde ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan Oraza aýynyň – ruhy taýdan tämizligiň we haýyr-sahawat döwrüniň başlanmagy bilen gabat gelmegi aýratyn mana eýedir. Asylly we sogap işleri etmek üçin ähli döwürde hem mümkinçilik bardyr, emma Oraza aýy döwründe amal edilýän sogaply işlere aýratyn mähir – muhabbet çaýylýar.

Türkmenistan oňyn bitaraplyga, parahatsöýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, goňşy Owganystan bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeldýär, türkmen we owgan halklaryny mizemez dost-doganlyk hem-de köpasyrlyk taryhy-medeni umumylyk birleşdirýär.

Parahatçylygy pugtalandyrmak hem-de energetika howpsuzlygy ulgamynda, şeýle hem goňşy ýurduň durmuş-ykdysady ösüşinde energiýa serişdelerini ibermek babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmek uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, kuwwaty 500 kilowolta deň bolan elektrik geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar.

Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasy OYR-nyň demirgazyk welaýatlaryna ýeňillikli şertlerde iberilýär. Goşmaça energetika kuwwatlyklarynyň gurluşygynyň tamamlanylmagy bilen bolsa, Türkmenistan Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini ep-esli artdyrmaga taýýardyr.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ägirt uly ähmiýete eýedir. Bu iri möçberli energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine, maýa goýumlarynyň çekilmegine, möhüm ähmiýetli durmuş meseleleriniň, şol sanda täze iş orunlaryny döretmek wezipeleriniň oňyn çözülmegine ýardam eder. Şunuň bilen birlikde, Owganystanyň özünde elektrikleşdirilmegi we senagatlaşdyrmagy ösdürmek üçin tebigy gazyň peýdalanylyşyny giňeltmek mümkinçilikleri açylýar.

Biziň ýurdumyz ulag-aragatnaşyk düzümlerini halkara derejesinde ösdürmek ýoly arkaly Owganystanyň dünýä ykdysady gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmak işinde möhüm orun eýelemegini dowam etdirýär. Gurluşygy dowam etdirilýän Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýoly Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasynda halkara ulag gatnawlarynyň möhüm bölegi bolar.

Şeýlelikde, türkmen gazy we täze demir ýol ulgamy häzirki wagtda Owganystanyň senagat taýdan ösdürilmeginiň esasy şerti bolup durýar, ulag geçelgesi we energetika ulgamlary owgan ykdysadyýetiniň beýleki pudaklaryny, hususan-da, oba hojalygyny, mineral dökünleri önümçiligini, gök-miwe önümlerini gaýtadan işlemegi ösdürmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döreder. Täze demir ýoluň gurulmagy Owganystanda öndürilýän önümleri sebitiň daşyna çykarmaga, olaryň daşary ýurtlara iberilmeginiň gerimini giňeltmek üçin mümkinçilikleri döreder.

Şunuň ýaly iri möçberli düzümleýin taslamalar onlarça müň iş orunlaryny döredýär hem-de garyşyk pudaklarda täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berýär.

Türkmen halky hoşniýetli goňşy hökmünde doganlyk owgan halkynyň başdan geçirýän kynçylyklaryna duýgudaşlyk bildirýän hem-de onuň parahatçylygy we durnuklylygy gazanmak ugrundaky tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldaýar. Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň döredijilikli mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak arkaly Owganystan bilen sebitde hem-de tutuş dünýäde howpsuzlygy pugtalandyrmak maksady bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny yzygiderli gözleýär.

Biziň ýurdumyz Owganystany dikeltmek baradaky tekliplerini birnäçe gezek Milletler Bileleşiginiň garamagyna hödürledi. Olaryň hatarynda Aşgabatda 2016-njy ýylda Merkezi Aziýada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumyny geçirmek baradaky başlangyjy görkezmek bolar.

Biziň ýurdumyz Stambul prosesiniň çäklerinde çäreleriň maksatnamasyny işjeň durmuşa geçirmegiň tarapdary hökmünde, şeýle hem öz çäginde 2017-nji ýylda Owganystan boýunça nobatdaky, 7-nji sebit ykdysady maslahatyny geçirmegi teklip edýär.

Biziň ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, Owganystanyň ýolbaşçylygynyň ýagdaýy diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrmaga, ýurtda milli ylalaşyk ýagdaýyny emele getirmäge gönükdirilen tagallalaryna düşünmek bilen garaýar hem-de goldaýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi Owganystanyň içinde bolup geçýän wakalaryň ösüşi babatynda Türkmenistanyň garaýşyna laýyk gelýär hem-de şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz öz goňşusyna geljekde hem hemmetaraplaýyn ýardam we goldaw bermäge taýýardyr.