Duşuşygyň çäklerinde gümrük gullugynyň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine ozon gatlagyny goranlygy üçin sylag gowşurmak dabarasy geçiriler. Bu çärä dürli ýurtlaryň ozon gatlagyny goramak boýunça bilermenleri, Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük gullugynyň işgärleri, dürli edaralaryň hünärmenleri, şeýle hem Türkmenistanda işleýän halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşarlar. Ýurtlaryň DIM, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti, BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasy (ÝUNEP) bilen bilelikde bu çäräniň guraýjylary bolup çykyş etdiler.
Öňde duran duşuşyk ÝS we MA giň çäklerinde ozon gatlagyny döwýän maddalaryň (OGDM) söwdasy boýunça monitoringinde has ýakyn aragatnaşyklary saklamaga gönükdirilendir. Bu bolsa ozon gatlagyny döwýän maddalar we ony düzetmek boýunça Monreal protokolynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam berer.
Bu döredilen sylag gümrük we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň OGDM düzüminde maddalaryň, enjamlaryň we önümleriň bikanun dolanşygynyň öňüni almakda uly goşantlaryny goşýandyklaryna şaýatlyk edýär. Şunuň ýaly çäreleriň geçirilmegi planetada ozon gatlagyny goramak ulgamynda, şeýle hem ÝB we MA ýurtlarynyň ozon merkezleri we gümrük gulluklarynyň arasynda geçirilýän işleri boýunça giň habarly bolmaklaryna şertleri döredýär.
Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň sebitleýin ozon ulgamy ýurtlaryň 19-ny we sub-sebitleriniň üçüsini (Kawkaz, Balkan we Merkezi Aziýa) öz içine alýar. Ol ÝUNEP-iň ýanynda 2003-nji ýylda döredildi. 2010-njy ýylda Aşgabatda bolup geçen ÝMA Sebitleýin ozon ulgamynyň işiniň çäklerinde gümrük gullugynyň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine ozon gatlagyny goraýandyklary üçin ilkinji sapar baýrak gowşurylyş dabarasy boldy. Indiki baýrak gowşurylyş dabaralary 2012-nji ýylda Stambulda (Türkiýe) we 2014-nji ýylda Saraýewoda (Bosniýa we Gersogowina) bolup geçdi. Aşgabat ýene-de ÝMA ulgamynyň baýrak gowşurylyş dabarasynyň ýeri bolar.
Türkmenistan ýigrimi ýyldan gowrak mundan ozal BMG-niň ozon gatlagyny goramak baradaky Wena konwensiýasyna goşulyşdy, soňra Monreal protokolynyň ähli düzedişlerini goldady. Bu resminamalar boýunça borçnamalar könelişen OGDM dolanşykdan ýuwaş-ýuwaşdan aýyrmakdan we olary ugurdaş maddalar bilen çalyşmakdan, şeýle hem olaryň önümçiligini we ulanylşyny azaltmakdan ybaratdyr. Türkmenistan OGDM öndürmeýär. Bu işi ýerine ýetirmekde ýurduň hökümet gurluşyndan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti esasy jogapkär bolup durýar. Bu ugurda BMG-niň ýöriteleşdirilen gulluklary bilen ýakyndan hyzmatlyk etmeklik Türkmenistanyň strategiki ugry bolup durýar.