Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmeginde guralan maslahata gatnaşmak üçin BSG Ýewropa sebitleýin edarasynyň maglumatlar, hakyky maglumatlar, ylmy gözlegler we innowasiýalar bölüminiň direktory Klawdiýa Ştaýn ýörite Aşgabada geldi.
Maslahata gatnaşyjylar – sebitiň bäş döwletiniň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri üç günüň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin saglygy goraýşyň maglumatlar ulgamynda hyzmatdaşlaryň subsebitleýin tory üçin görkezijileriň esasy toplumyny (CARINFONET) we maglumatlary has netijeli ulanmagyň hasabatynyň düzgünini işläp taýýarlarlar. Olar ýurtlaryň Saglyk-2020 ýewropa syýasatynyň maksatlaryny gazananlarynyň ösüşini yzarlamaga mümkinçilik berýän indikatorlaryň we görkezijileriň birleşdirilen sanawyny döretmegi, esasy ýokanç däl kesellere garşy göreşmegi we sebit üçin möhüm bolan beýleki başlangyçlaryň amala aşyrylmagyny ara alyp maslahatlaşarlar. Mundan hem başga bu ýurtlaryň ýaşaýjylarynyň saglyklarynyň ýagdaýlary barada statistiki maglumatlary ýygnamagy, ulanmagy, ýaýratmagy maslahatlaşarlar. CARINFONET-ň Saglyk-2020 ýewropa syýasaty we beýleki sebitleýin we global işler we wakalar babatda garamak maslahatyň esasy temasy bolar.
Merkezi Aziýa ýurtlary üçin saglygy goraýşyň maglumatlar ulgamynda hyzmatdaşlaryň subsebitleýin toryny (CARINFONET) BSG Ýewropa sebitleýin edarasy 1996-njy ýylda döretdi. Toruň her ýyldaky maslahatlary onuň döwletleri-agzalary tarapyndan nobat boýunça geçirildi. Oňa saglygy goraýyş ministrlikleriniň, raýatlyk ýagdaýlarynyň aktlaryny hasaba alýan we döwlet statistika edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. CARINFONET-ň maksady Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ilatlarynyň saglygy goraýyş, demografiýa, keselliligi we abadançylygy ulgamynda hakyky statistiki maglumatlary ýygnamak we ýaýratmak bolup durýar. Ýöne 2006-njy ýylda hyzmatdaşlar tarapyndan maliýeleşdirmegiň ýetmezçiligi we onuň halkara standartlaryna laýyk gelmeýändigi sebäpli öz işini bes etdi.
Seti gaýtadan dikeldilmegi baradaky mesele Aşgabatda 2013-nji ýyllda ýokary derejede – ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşy göreşmek boýunça Ýewropa ministrleriniň maslahatynda seredilip geçildi. Merkezi Aziýanyň ýurtlary CARINFONET-i gaýtadan dikeltmek we bu möhüm ugur boýunça işleri dowam etdirmek barada bilelikdäki karary kabul etdiler. Häzirki zaman tehnologiýalar esasynda täze toryň işi has kämilleşdiriler we halkara standartlaryna laýyk getiriler.
Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar Saglyk-2020 ýewropa syýasatynda we Ýokanç däl keselleriniň monitoringiniň global ulgamynda bar bolan maksatlaýyn nazarýetleriň we görkezijileriň meseleleriniň üstünde giňişleýin durup geçdiler. Olar CARINFONET tory, ilkinji nobatda, Saglyk-2020 ýewropa syýasatynyň maksatlarynyň ýurtlar tarapyndan gazananlarynyň ösüşini yzarlamaga mümkinçilik berýär. Ol takyk we öz wagtynda habarlaryň çeşmesi bolup durýar we Merkezi Aziýanyň we umumy sebitiň aýratynlykda alynan ýurtlarynda saglygy goraýyş ulgamynda syýasaty dörediji adamlara ýardam bermäge, saglygy goraýyş ulgamynda, ilatyň abadançylygynda çeşme bolup hyzmat etmelidir. Şol bir wagtyň özünde bu döredilen tor maglumatlaryň deňeşdirilmegini ýokarlandyrmaga, şeýle hem BSG we beýleki halkara guramalarynyň maglumatlara bolan talabyny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berdi. Tor milli maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna düzediş girizilmegine we aktual, hakyky we takyk maglumatlary almaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy netijeli utgaşdyrmaga mümkinçilik berer