Ï Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky täze gurluşyklardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky täze gurluşyklardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

view-icon 775
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalarynyň birnäçesindäki işleriň ýagdaýy hem-de şäherimizi mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan çäreleriň barşy bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabady toplumlaýyn ösdürmegiň meseleleri milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Şunda öňdebaryjy gazananlary, innowasion tehnologiýalary hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini işjeň ornaşdyrmak, şäherleriň we obalaryň döwrebap düzümini kemala getirmek, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak türkmen paýtagtyny, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde esasy ugurlar bolup durýar.

Uçuşyň barşynda döwlet Baştutanymyz Aşgabady eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramçylygyna hem-de 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berdi. Hormatly Prezidentimiz durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna, ilkinji nobatda, paýtagtymyzda täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygyna we abadanlaşdyrylyşyna üns berdi.

Milli Liderimiziň dikuçary Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde gurulýan täze desgalaryň üstünde öwrüm etdi. Bu giň möçberli taslamany durmuşa geçirmäge türkmen telekeçileri işjeň gatnaşýarlar. Olar milli ykdysadyýetimiziň köp pudaklaryny ösdürmek baradaky maksatnamalary durmuşa geçirmekde, şol sanda gurluşyk ulgamynda işjeňlik görkezýärler. Täze ýaşaýyş jaý toplumy Bitarap Türkmenistan we Garaşsyzlyk şaýollarynyň hem-de Oguzhan we 1971-nji (G.Ezizow) köçeleriniň arasynda gurulýar. Bu ýerde zerur bolan durmuş düzümli belent ýaşaýyş jaýlaryny hem-de döwrebap çagalar bagyny gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Desgalara ýanaşyk ýerler doly abadanlaşdyrylar we bagy-bossanlyga öwrüler, bu ýerde oýun we sport meýdançalary ýerleşer, medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin ýerler hem-de awtoulaglar üçin duralga göz öňünde tutuldy.

Döwlet Baştutanymyz dikuçarda uçuşyny dowam edip, Aşgabady ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy. Gurluşyk işleri Seýdi we Mollanepes köçeleriniň ugrunda alnyp barylýar. Şäheriň şu böleginde döwrebap ölçeglere hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän iri ýaşaýyş jaý toplumy hem gurulýar. Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň aprel aýynda gol çeken Karary esasynda baglaşylan şertnamalara laýyklykda, ýurdumyzyň dürli ministrlikleri we pudak edaralary hem-de paýtagtymyzyň häkimligi buýrujylar, ýurdumyzyň gurluşyk kärhanalary bolsa potratçylar bolup çykyş edýärler.

Taslamada 72 hem-de 48 öýli 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 18-siniň gurluşygy göz öňünde tutulandyr. Ony durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine uly orun berilýär. Olar öz güýçleri hem-de serişdeleri bilen belent gatly jaýlardan başga-da, üç we dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň on altysyny, iki gatly kottejleriň 208-sini, dükanlaryň 11-sini bina eder. Pes gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary üçin paýtagtymyzyň günortasynda “Aşgabat” köpugurly stadionynyň töweregindäki meýdandan ýer bölegi bölünip berildi. Bu ýerde seýilgäh zolaklaryny we tennis meýdançalaryny döretmek hem göz öňünde tutulýar. Gurluşyk ulgamynda hususy kompaniýalaryň şunuň ýaly işjeň çemeleşmeleri ýurdumyzyň telekeçiligini höweslendirmek we goldamak, onuň kuwwatyny ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda giňden peýdalanmak boýunça milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan döwlet strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň gönüden-göni netijesidir.

Mundan başga-da, Aşgabat şäherini gurmagyň 15-nji tapgyrynyň taslamasy durmuş ulgamynyň desgalaryny, şol sanda 160 körpä niýetlenen çagalar bagyny hem-de 600 okuwçy üçin umumybilim berýän orta mekdebi gurmagy özünde jemleýär. Bu töwerekde awtomobil ýolunyň 13,6 kilometrden gowragyny çekmegi dowam etmek meýilleşdirilýär.

Şeýlelik bilen, täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurulmagy aşgabatlylaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak, paýtagtymyzyň durmuş düzümlerini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça nobatdaky anyk ädimlerdir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň raýatlaryna berilýän uzakmöhletli ýeňillikli karzlaryň şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny edinmäge bolan elýeterliligi üpjün edýär. Ýaşaýyş jaý gurluşyklarynyň artýan geriminiň netijesinde, Aşgabatda müňlerçe maşgalalar ajaýyp ýaşaýyş jaýlarynyň öýleriniň eýeleri boldy.

Bar bolan ýaşaýyş jaýlaryny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň diňe bir belent gatly ýokary amatly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan jaýlary däl-de, eýsem, häzirki zaman kottežleri gurmak baradaky çözgüdi hem öňde goýlan maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Bu bolsa ýaşaýjylaryň isleglerine laýyk gelýän amatly we oňaýly ýaşaýyş jaýyny saýlamakda türkmenistanlylaryň mümkinçiligini has-da giňeltmäge ýagdaý döredýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow guşuçar belentlikden alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanşyp, Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň ileri tutulýan durmuş ugurlaryna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewiň ünsüni çekdi hem-de adamlaryň durmuşynyň ýokary ölçeglerini üpjün etmegiň, has oňaýly şäher gurşawyny kemala getirmegiň onuň möhüm ugurlary bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy binagärlik hem-de inžener-tehniki pikirleri iş ýüzünde giňden peýdalanmagyň zerurdygyny aýdyp, her bir desganyň meýilleşdirilişiniň onuň niýetlenen ugruna doly laýyk gelmelidigini belledi. Şunda gurluşyk işleriniň alnyp barylýan ýerleriniň tebigy we ýerleşiş aýratynlygyny göz öňünde tutmak zerurdyr, bu bolsa ylmy esasda örän oýlanyşykly çemeleşmäni talap edýär. Milli Liderimiz gurluşyk we bezeg serişdeleriniň saýlanylyşy baradaky meselä degip geçip, olaryň netijeli we maksadalaýyk ulanylmalydygyny, ekologiýa we gözellik nukdaýnazaryndan döwrüň talaplaryna ähli babatda laýyk gelmelidigini nygtady.

Uçuşyň dowamynda hormatly Prezidentimiz dikuçardan Köşi we Gurtly hem-de Täze zaman ýaşaýyş toplumlaryny gözden geçirip, bu ýerde täze ýaşyl zolaklary döretmegiň möhümdigini belledi hem-de abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek meseleleriniň üstünde içgin işlemegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Aşgabadyň ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek baradaky taslamalaryň durmuşa geçirilişine üns berdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow guşuçar belentlikden paýtagtymyzyň ýollarynyň hem-de degişli inžener-tehniki desgalarynyň ýagdaýy, şol sanda täze köprüleriň gurluşygynyň barşyny synlady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şäherimiziň çäkleriniň yzygiderli giňelmegi, täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy, awtoulag serişdeleriniň sanynyň artmagy bilen baglylykda, paýtagtymyzyň ýol ulgamyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn hem-de sazlaşykly çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz, hususan-da, täze ýollaryň gurluşygynda we öňden bar bolanlarynyň durkuny täzelemekde zerur bolan ugurdaş düzümi, şol sanda ýerasty we ýerüsti geçelgeleri, ýol aýrytlaryny, duralgalary we beýleki desgalary göz öňünde tutmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra dikuçar Aşgabadyň günorta-gündogar tarapyna ugur aldy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky ýene-de bir ýaşaýyş jaý toplumynyň — Parahat—7 toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Häzirki wagtda bu giň möçberli gurluşyk meýdançasynda belent ýaşaýyş jaýlarynyň uly toplumynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşaýyş jaý gurluşygynyň meýilnamalaryny durmuşa geçirmegiň wezipeleri barada durup geçip, şu we beýleki täze ýaşaýyş jaý toplumlarynda zerur durmuş, inžener-tehniki hem-de ulag-kommunikasiýa düzümini döretmegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz gurulýan çäkleri abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek, dynç alyş zolaklaryny hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ähli şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz şäheriň bu böleginde işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, ak mermerli türkmen paýtagtynyň günorta bölegindäki täze gurluşyklary synlady, hususan-da, bu ýerde döredilýän täze seýilgähiň çäginde ýerleşjek golf üçin meýdançanyň gurluşygy boýunça işleriň ilerledilişi bilen gyzyklandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uçuşyň jemini jemläp, paýtagtymyzyň ýokary derejesini nazara almak bilen, Aşgabady abadanlaşdyrmak we ösdürmek hem-de şanly senä -Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramyna we Aziada—2017-ä taýýarlyk görmek boýunça nobatdaky wezipeleri kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara gurluşyk işlerini ýokary hilli geçirmek hem-de öz wagtynda tamamlamak, desgalary bellenen möhletde ulanmaga bermek babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýaşaýyş jaý şertleri bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän aşgabatlylary täze ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek meselesini çözmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň iri merkezi bolan Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň paýtagty döwrebap, okgunly ösýän şäheriň köpugurly nusgasyny özünde jemlemelidir. Bu ýerde gözellik we amatlylyk, binagärlik pikiriniň öňdebaryjy ýörelgeleri hem-de milli binagärligiň iň gowy däpleri sazlaşykly utgaşmalydyr. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry adamlar hakynda hemmetaraplaýyn alada etmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz bu ýörelgäniň biziň şähergurluşyk strategiýamyzda hem öz beýanyny tapmalydygyny nygtady.