Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň işewürleriniň wekilleri bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň işewürleriniň wekilleri bilen duşuşdy

view-icon 1161
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik merkezine bardy. Döwlet Baştutanymyz şu ýerde bu jemgyýetçilik guramasynyň agzalary bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň hususy telekeçiligiň agzalary bilen duşuşygy indi adaty ýagdaýa öwrüldi. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm bölegi bolan telekeçilik Türkmenistanyň demokratik we durmuş-ykdysady özgertmeler ýolunda öňe ilerlemegi üçin ägirt uly mümkinçilikleri özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hususy telekeçiligiň milli ykdysadyýetimizdäki ornunyň pugtalanýandygyny yzygiderli belleýär.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady ösüşe hususy telekeçiligiň goşandy munuň aýdyň subutnamasydyr. Täze taryhy eýýamda telekeçilik ulgamy bazar ykdysadyýetiniň möhüm edarasy, ilatyň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmeginiň wajyp şerti bolup durýar hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagyny şertlendirýär. Häzirki döwürde hususy kärhanalarda 150 müň adamyň işleýändigini aýratyn bellemeli.

Ýurdumyzyň telekeçileri giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň, obalaryň, şäherçeleriň we şäherleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini özgertmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Paýtagtymyzda hususy gurluşyk kärhanalaryna giň möçberli gurluşyk işleri ynanyldy. Şeýle hem olar deňiz şypahana zolagynyň ösüşine işjeň goşant goşýarlar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda diňe geçen ýylyň dowamynda telekeçileriň gatnaşmagynda döwrebap myhmanhanalar, oýun seýilgähleri we beýleki düzümleýin desgalar gurlup, ulanylmaga berildi. Kottej şäherjiginiň hem-de köpugurly sport toplumynyň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär.

Energiýa tygşytlaýjy, ýokary tehnologiýaly we täzeçil ykdysadyýetiň ösdürilmeginde hususy telekeçilige möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň eksport kuwwatynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda wekilhananyň hem-de Gyrgyzystanda Söwda öýüniň, Gruziýada söwda dükanynyň açylandygyny bellemeli. Häzirki döwürde Dubaýda söwda wekilhanasyny açmak boýunça zerur tagallalar edilýär.

Türkmen telekeçileri täze bazar çemeleşmelerini özleşdirýärler. Ýurdumyzyň ýokary hil we ekologiýa howpsuzlygy derejesi bilen tapawutlanýan önümleri daşary bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Hususy kärhanalaryň süýji-köke önümleri dünýäniň 7 ýurduna eksport edilýär. Goňşy Owganystanda 70-e golaý dükan ýurdumyzyň “Hasar” süýji-köke fabriginiň önümleriniň söwdasyny guraýar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işine, bu jemgyýetçilik guramasynyň işjeň ösdürilmegine ýardam berýär. Bu gün birleşmäniň hatarlarynda iri möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň goşant goşýan kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň 14 müň 500-si bar.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde Telekeçilik mekdebi hereket edýär. Onuň düzüminde “Bäsdeş” söwda öýi möhüm orun eýeleýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi “Rysgal” paýdarlar-täjirçilik bankyny esaslandyrdy. Ýurdumyzyň telekeçileri döwlet Baştutanymyzyň hususy habar beriş serişdelerini döretmek baradaky başlangyjyny goldap, “Rysgal” gazetini esaslandyrdylar. 2012-nji ýylda döredilen Senagatçylar we telekeçiler partiýasy ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň pugtalandyrylmagyna, özygtyýarly Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen durmuş-ykdysady strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar. Milli parlamentiň deputatlarynyň hatarynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasyna wekilçilik edýänleriň bardygy bellärliklidir.

Her ýylda ýurdumyzyň telekeçileriniň gazananlarynyň gözden geçirilişini guramak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk ulgamynyň ösüşiniň möçberlerini giňden beýan edýär. Şu ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek telekeçileriň halkara maslahaty geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň telekeçileriniň mümkinçilikleriniň yzygiderli artýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Birleşmäniň döredilen 2008-nji ýylyň mart aýyndan bäri hormatly Prezidentimiz hususy telekeçiligi ösdürmek, telekeçilik işi bilen meşgullanýanlary goldamak üçin has oňaýly şertleri üpjün edýän resminamalar toplumyna gol çekdi. Milli ykdysadyýetimiziň bu ulgamynyň ösdürilmegini, ýurdumyzda işewür we hojalyk babatdaky başlangyçlaryň höweslendirilmegini üpjün edýän amatly şertleriň döredilmegine döwlet Baştutanymyz yzygiderli üns berýär. Milli Liderimiziň birleşmäniň agzalary tarapyndan öndürilýän önümleriň giň möçberli sergilerine we hususy telekeçileriň gurup, ulanmaga berýän desgalarynyň açylyşyna gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Diňe şu ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Abadan etrabynyň çäginde ulanylmaga berlen haly we haly önümleri önümçilik kärhanasy bolan “Abadanhaly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlan we özünde döwrebap mebel önümçiligi hem-de ugurdaş harytlaryň giň görnüşleri boýunça ýöriteleşdirilen kärhanalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 8-nji ýanwarynda geçirilen giňişleýin mejlisinde we 12-nji ýanwarda Mejlisde milli parlamentiň V çagyrylyşynyň deputatlary bilen duşuşygynda eden taryhy çykyşlarynda telekeçileriň işine ýokary baha berdi. Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlarynyň öňünde eden çykyşynda hususy telekeçiligiň kanunçylyk taýdan goldanylmagy, bazar ykdysadyýeti şertlerinde telekeçilik işiniň höweslendirilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň başlyklygynda şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň maslahatynyň barşynda kiçi we orta telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygy bellenildi.

Ýurdumyzyň telekeçiligini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hökümetiň mejlislerinde yzygiderli öňe sürýän mowzugyna öwrüldi. Şunda birnäçe pudaklaryň işiniň kämilleşdirilmegine we ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli ykdysady özgertmeleriň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berildi. Hususy telekeçiligiň jemi içerki önümiň möçberindäki paýynyň artmagy bu ugurda amala aşyrylýan işleriň oňyn netije berýändiginiň, şeýle hem telekeçileriň Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

TSTB-niň agzalary bilen duşuşan mahalynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň telekeçiliginiň ösüşiniň maksatnamalaýyn häsiýete eýedigini we häzirki döwrüň birleşmäniň ösüşiniň möhüm tapgyrydygyny nygtady. Milli Liderimiziň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine gelmegi hem-de onuň agzalary tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylanylmagy telekeçileriň döwlet tarapyndan berilýän goldawa hoşallygyny alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň eýwanynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna degişli taslamalary bilen tanyşdy. Bu ýerde senagat kärhanalarynyň, obasenagat toplumynyň desgalarynyň, şol sanda döwrebap maldarçylyk toplumlarynyň, iri söwda merkezleriniň, hyzmat edaralarynyň taslamalary görkezdi.

Olaryň hatarynda ýokary tizlikli, halkara ülňülere ösen talaplara laýyk gelýän Aşgabat—Türkmenabat ulag ýolunyň taslamasy bar. Umumy uzynlygy 621 kilometr bolan bu ýol halkara ölçegleri esasynda gurlar. Ýoluň ugrunda köp zolakly 8 köprini we beýleki köprüleri, dynç alyş bölümlerini, dükanlary, restoranlary we beýlekileri gurmak meýilleşdirildi.

Şeýle hem Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän ýyllyk kuwwaty 3 million tonna magdan däl serişdelere we ýylda 1 million tonna kaliý hloridine barabar bolan kaliý kombinatynyň taslamasy bar.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy milli Liderimize Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde gurulmagy meýilleşdirilýän sement zawodynyň taslamasy barada aýtdy. Onuň ýyllyk kuwwaty 300 müň tonna semente barabar bolup, zawodda 200 adam işlär. Şeýle möçberdäki sement ýurdumyzda hereket edýän ugurdaş kärhanalaryň kuwwatlyklaryny nazara alanyňda, Türkmenistanda semente bolan islegiň doly kanagatlandyryljakdygyny alamatlandyrýar.

Telekeçiler öz serişdeleriniň hasabyna Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň çäginde eksport ugry nazarlaýan, ýyllyk kuwwaty 15 müň tonna bolan daş duzunyň önümçiligi boýunça kärhanany gurmagy teklip edýärler. Ýokary tehnologiýaly kärhanada 50 iş orny döräp, ol dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan harytlary eksport etmegiň hasabyna ägirt uly girdeji getirer.

Şeýle hem şol ýerde telekeçileriň öz serişdeleriniň hasabyna guruljak ýyllyk kuwwaty 60 müň tonna barabar bolan gips önümlerini we gury gurluşyk serişdelerini öndürýän zawod içerki bazaryň isleglerini doly üpjün eder hem-de onuň önümi eksporta ugradylar. Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde ýyllyk kuwwaty 1 müň tonna barabar bolan ozokerit önümçiligi boýunça zawodyň taslamasy görkezildi. Bu kärhana hem telekeçileriň serişdeleriniň hasabyna gurlup, onda 40 iş orny emele geler.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary öz serişdeleriniň hasabyna Balkan welaýatynda ýod zawodlarynyň ikisini gurmagy meýilleşdirýärler.

Balkan we Ahal welaýatlarynda daşary ýurtlardan getirilýän örtük daşlarynyň belli bir böleginiň ornuny tutjak bezeg daşlarynyň önümçiligi boýunça zawodlar gurlar. Olaryň ikisiniň hem ýyllyk kuwwaty 50 müň inedördül metre barabar bolar. Telekeçileriň serişdeleriniň hasabyna guruljak kärhanalarda 50 iş orny dörär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Türkmenbaşy şäherinde telekeçileriň serişdeleriniň hasabyna bazalt süýümleriniň önümçiligi boýunça zawody gurmagyň taslamasy hödürlenildi. Onuň ýyllyk kuwwaty 3,5 müň tonna bazalta we bazalt süýümlerine barabar bolar. Bu önümçilik Türkmenistanda bazalt örtüklerine bolan islegi doly kanagatlandyrar. Örän berk hasaplanylýan bu süýüm diňe bir gurluşykda däl, eýsem, ýangyç-energetika toplumynda, uçar gurmakda hem giňden ulanylýar.

Paýtagtymyzyň Gypjak ýaşaýyş toplumynda demir we konserwa gaplarynyň önümçiligi, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda kuwwaty 72 million birlige barabar bolan şpris öndürýän kärhananyň gurluşygy meýilleşdirilýär. Munuň özi ýurduň bu önüme bolan islegini doly kanagatlandyrar. Şeýle hem şol etrapda ýüplük kärhanasy gurlar.

Dünýä belli “UPIES” kompaniýasy bilen bilelikde gurulmagy göz öňünde tutulýan dünýä Logistika merkezi bu ugra degişli täzeçil taslamalaryň biri bolup durýar. Iri sport ýaryşlaryna hyzmat etmekde oňyn tejribe toplan bu kompaniýa 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryny guramaçylykly geçirmeklige gatnaşyp biler.

Şeýle hem obasenagat toplumyna we azyk senagatyna degişli taslamalar bu ýerde görkezilýän taslamalaryň möhümleridir. Olaryň hatarynda Aşgabatda gurulmagy meýilleşdirilýän we 25 görnüşli çörek önümleriniň taýýarlanylmagyna, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň önümçiligine gönükdirilen çörek-bulka kärhanalarynyň taslamalary bar. Bu bölümde un üweýän, çörek bişirýän bölümleriň, süýt önümçiliginiň, ösümlik ýagynyň, agyz suwunyň, alkagolly içgileriň kärhanalarynyň, şaly toplumlarynyň, gülçülik hojalyklarynyň, dermanlyk serişdeleriň önümçiliginiň, şeýle hem maldarçylyk toplumlarynyň, guşçulyk kärhanalarynyň, ot-iým öndürýän toplumlaryň we döwrebap ammarlaryň taslamalary hödürlenilýär.

Bu ýerde söwda we hyzmatlar ulgamynyň ösüşiniň geljekki ugurlaryny görkezýän taslamalar hem bar. Olaryň hatarynda döwrebap söwda-dynç alyş merkezleri, gözellik merkezleri, durmuş hyzmaty hem-de söwda öýleri, dynç alyş merkezleri we restoranlar bar. Mundan başga-da, bu taslamalaryň hatarynda halas edijileri taýýarlaýyş merkeziniň hem-de ýaş maşgalalara niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalarynyň bardygyny aýratyn bellemeli.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Döwlet Baştutanymyz ulag ýollarynyň taslamalary taýýarlanylanda, zerur gurluşyk serişdeleriniň göz öňünde tutulmalydygyny tabşyrdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, kaliý önümçiliginiň gurluşygynyň taslamasy tebigy şertleriň jikme-jik öwrenilmegini talap edýär. Hormatly Prezidentimiz sement, gips, bazalt süýümi we ýurdumyzda başga-da zerur bolan önümçilikleriň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, bu önümleriň içerki bazary doly üpjün etmeginiň, kärhanalaryň eksport kuwwatyny artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Şeýle hem milli Liderimiz wise-premýer R.Bazarowa ilaty ýokary hilli un bilen üpjün etmegiň meselelerini öwrenmegi tabşyryp, munuň un zawodlaryny gurmak hem-de ýokary hilli däne ösdürip ýetişdirmek üçin meýdanlar saýlanyp alnanda zerurdygyny belledi.

Soňra Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň telekeçileriniň öndüren önümlerinden guralan sergini synlady. Onda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilýän önümleri öndürmekde ýeten derejesi aýdyň görünýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlary boýunça ýeten derejelerini ykrar edýän köp sanly halkara şahadatnamalary we diplomlary aýratyn bölümde goýlupdyr.

Giň möçberli serginiň bölümlerinde “Çaly” hususy kärhanasynyň we “Derýaplastik”, “Ak hünji”, “Ak mähri” ýaly hojalyk jemgyýetleriniň dürli görnüşli gündelik durmuşda ulanylýan harytlary, täzeçil gurluşyk harytlary, “Türkmen şöhle” hojalyk jemgyýetiniň hojalyk ulgamyna degişli dürli önümleri, çaga oýnawaçlary, himiýa senagatynyň önümleri, “Aýbölek” mebel fabriginiň, “Salyr” assosiasiýasynyň, “Arassa tebigat”, “Dana dünýä” hususy kärhanalarynyň, “Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň we başga-da köp sanly önüm öndürijileriň içerki hem-de daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply dürli görnüşli önümleri görkezilýär.

Bu ýerde täze görnüşli azyk we süýji-köke önümleri, “Hasar” hem-de “Bars” hususy kärhanalarynyň, “Hoş zaman” hojalyk jemgyýetiniň we “Ajaýyp ussat — halal önümler” hojalyk jemgyýetiniň et önümleri, “Hazar balyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň balyk konserwalary bar. Döwlet Baştutanymyza häzirki döwürde daşary ýurtlara ugradylýan ýüň we deri önümleri, aýakgaplar, bedewler üçin esbaplar, şeýle hem egin-eşikler we beýlekiler görkezildi.

Bu ýerde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň milli mirasymyza, haly sungatyna degişli önümleri, “Abadanhaly” kärhanasynyň harytlary, Aziada — 2017-niň nyşany şekillendirilen önümler möhüm orun eýeleýär.

Döwlet Baştutanymyz sergide görkezilýän önümler bilen tanşyp, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýan önümleriň köp ugurlarynyň önümçiligi boýunça alyp barýan işleriniň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz telekeçileriň ünsüni ýokary tehnologiýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup bilýän önümçiligiň döredilmegine, eksport ugry bolan kärhanalaryň, döwrebap oba hojalyk toplumlarynyň ösdürilmegine çekip, bu babatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygyna degişli görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň maslahatlar zalyna bardy. Bu ýere hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, birleşmäniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, onuň welaýatlardaky düzümleýin bölümleriniň, hususy telekeçiligiň iri kärhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri ýygnandylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Telekeçilik işiniň kemala gelmegine, onuň netijeli ösüşi üçin zerur şertleriň döredilmegine telekeçileriň mümkinçilikleriniň açylmagyna ýardam berýän döwlet Baştutanymyz özi üçin niýetlenen ýere geçdi. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça telekeçilere dürli salgyt-karz ýeňilliklerini hödürleýän, olara guramaçylyk-tehniki goldaw berýän, kiçi we orta telekeçiligiň döwlet goldawyny üpjün edýän kanunçylyk binýady işlenip taýýarlanyldy.

Ýurdumyzyň hususy kompaniýalarynyň maýa goýum işini höweslendirýän kanunlary kämilleşdirmek we täzelerini işläp taýýarlamak boýunça çäreler dowam edýär, hususy telekeçiligiň düzümleýin ösüşiniň ugurlary giňeldilýär, işewürlik düzümleri kämilleşdirilýär, telekeçileriň işewür gatnaşyklary, tejribe alyşmaklary we dünýäniň dürli ýurtlaryndaky kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow münbere geçýär we bu ýere ýygnananlary gutlap, duşuşyga gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edýär.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň başynda duşuşygyň ýubileý ýylynda we Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda geçirilmeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Milli Liderimiz duşuşygyň baş maksadynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň öňünde durýan wezipeleri kesgitlemekden, şeýle hem bar bolan meseleler barada telekeçileriň pikirini diňlemekden we olary çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdygyny aýdyp, göz öňünde tutulan esasy meselelere geçmezden öň, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýy barada gysgaça durup geçmek isleýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýeti örän çylşyrymly ýagdaýy başdan geçirýär, dünýäde çig mal serişdeleriniň nyrhlary ep-esli peseldi. Şeýle kynçylykly şertlerde, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmetiniň netijesinde, jemi içerki önümiň möçberiniň artyşyny 6 göterim derejede saklamagyň başardýandygyny, munuň bolsa Döwlet býujetini zerur serişdeler bilen üpjün etmäge, ýurdumyzyň ilaty üçin kanunçylykda göz öňünde tutulan ähli ýeňillikleri saklamaga we göz öňünde tutulan durmuş maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge bize mümkinçilik berendigini bellemeli diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Biz bahasy milliardlarça dollar bolan köp sanly desgalary bina edýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şeýle hem täze obalary, ýaşaýyş jaýlaryny, ýollary, halkara gaz geçirijileri we beýleki köp sanly üpjünçilik ulgamlaryny gurýarys. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň bellenjek ýylyna çenli paýtagtymyz — ak mermere beslenen Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň, obalarynyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Döwletimiziň Hökümeti we Mejlisi ýurdumyzyň ösüş depginini ýokary derejede saklamak, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda netijeli işleri amala aşyrýarlar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bazar ykdysadyýetini emele getirmek boýunça alnyp barylýan işler, maksatnamalaýyn çäreler barada aýdyp, bu ugurda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçilerine uly guramaçylyk we maliýe goldawyny bermek boýunça alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändigini belledi.

Milli Liderimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň onlarça iri önümçilik kärhanalaryny döretmekde ýeten derejesi barada aýdyp, ýurdumyzyň iri “Guş toplumy” hususy kärhanasyny, «Hasar» süýji-köke önümlerini öndürýän hojalyk jemgyýetini, «Bereketli» et we şöhlat önümlerini öndürýän hojalyk jemgyýetini, «Aýbölek» haryt nyşanly mebel fabrigini, «Sahabatly» we «Ajaýyp ussat — halal önümleri» hojalyk jemgyýetleriniň maldarçylyk toplumlaryny, şeýle hem “Hazar balyk» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini, «Abadanhaly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň haly kärhanasyny, «Hilli alýumin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň kagyz önümçilik toplumyny, «Berkarar» we «Aşgabadyň ýalkymy» söwda-dynç alyş merkezlerini hem-de köp sanly beýleki desgalary önümçiligiň öňdebaryjylary hökmünde görkezdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda oba hojalyk azyk önümleriniň 90 göterimden gowragy, senagat harytlarynyň 60 göterimden gowragy hususyýetçiler tarapyndan öndürilýär. Şonuň ýaly-da, söwda we hyzmatlar ulgamynda hyzmatlaryň 90 göterimden gowragyny telekeçilerimiz amala aşyrýarlar. Häzir ýurdumyzyň ilatynyň ete, şol sanda towuk etine, süýde, ýumurtga bolan islegleri hususy önüm öndürijileriň hasabyna üpjün edilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileri ilatymyzy gök-bakja we miwe önümleriniň esasy bölegi bilen üpjün edýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň telekeçileriniň durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalary gurmakda gazanýan üstünliklerine uly buýsanç bilen ýokary baha berdi. Aşgabat şäheriniň 13-nji tapgyrynyň desgalarynyň gurluşygynda telekeçilerimiz tarapyndan ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçileriň söwda we hyzmatlar ulgamynda hem möhüm orny eýeleýändigini belläp, olaryň diňe bir ýokary derejede hyzmatlary etmek bilen çäklenmän, eýsem, köp sanly täze iş orunlaryny hem döredýändigini, möhüm durmuş meselelerini çözýändigini aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň durmuş-ykdysady derejesi günsaýyn gowulanýar. Bu bolsa halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly we durnukly ösüşiniň ajaýyp netijesidir. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak boýunça gazanylýan üstünliklere telekeçiler uly goşant goşýarlar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň wekillerine döwletimiz uly ynam bildirýär we bil baglaýar.

Şu ýyl biz ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň — Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşini tassyklamaga taýýarlyk görýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň maddalarynyň birinde telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermegiň düzgünleriniň bellenjekdigine men berk ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Häzirki döwürde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitlemek bilen, hormatly Prezidentimiz olaryň hatarynda bäsleşige ukyply, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen, ýokary hilli önümleri öndürmek ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi. Söwdany we hyzmatlar ulgamyny häzirki döwrüň talabyna laýyk ýola goýmak we ýurdumyzyň ilatyna ýokary derejede hyzmatlary etmek ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýar.

2020-nji ýyla çenli jemi içerki önümiň möçberinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylly däl pudagynyň paýy 70 göterime ýetirilmelidir. Ýurdumyzyň telekeçileri döwletimizde azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge işjeň gatnaşmalydyrlar diýip, milli Liderimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, telekeçileriň «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013—2017-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany», «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny» we «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmaga işjeň gatnaşmagynyň zerurdygy bellenildi.

Şonuň ýaly-da, telekeçiler 2017-nji ýylda Aşgabatda V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge mynasyp goşant goşmalydyrlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, täze gurulýan önümçilik kärhanalaryna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak meselesine, işgärleriň işlemegi we dynç almagy üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz halkara hyzmatdaşlygy meselelerine degip geçmek bilen, telekeçileriň öz daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen olaryň maýa goýumlaryny çekmek arkaly bilelikdäki kärhanalary döretmelidiklerini, ýurdumyzyň telekeçileriniň daşary ýurtlarda netijeli iş alyp barmalydyklaryny, işewürlikde, hususan-da, gurluşyk işewürliginde uly üstünlikleri gazanmalydyklaryny belledi. Türkmen telekeçileriniň bina edýän desgalarynyň ýokary hili olaryň daşary ýurtlarda hem işewürligi ýöredip başlamagyna wagtyň gelendigine şaýatlyk edýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hususy telekeçiler ykdysadyýetiň täze pudaklarynda iş alyp barmaga çekilmelidir. Mundan başga-da, olar iň täze tehnologiýalary ulanmak bilen, uglewodorod serişdelerinden başga ýerüsti we ýerasty gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary özleşdirmäge girişmelidirler. Bu bolsa ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, şypahanalaryň mümkinçiliklerini, özboluşly, ajaýyp tebigaty, şeýle hem köp sanly taryhy ýadygärliklerini nazara alyp, syýahatçylyk pudagyny Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň işiniň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi.

Türkmenbaşy şäherinden Esengula çenli aralykda Hazaryň bütin kenarynda myhmanhanalaryň we dynç alyş toplumlarynyň gurluşygy geljegi uly ugurlar hökmünde bellenildi. Bu sebitde ähli zerur üpjünçilik ulgamlaryny döretdik. Biz Hazar deňziniň bütin kenaryndan geçýän halkara demir ýoluny gurduk. Bu sebitde elektrik energiýasynyň çeşmeleri, tebigy gaz, ýollar, ajaýyp ekologiýa şertleri bar. Oňa ýakyn ýerde sement zawody, gurluşyk serişdeleriniň känleri ýerleşýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu babatda hökümet agzalaryna syýahatçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, hususy syýahatçylyk kompaniýalarynyň netijeli işi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegi, olaryň işi üçin oňyn şertleri döretmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy bu ýere ýygnananlar tarapyndan uly üns bilen diňlenildi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň wekillerine söz berdi.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryny gurşap alan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk ulgamyna goldaw bermek meselesi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Jemi içerki önümde hususyýetçilige degişli kärhanalaryň paýyny ýokarlandyrmak, halk hojalygyna bazar gatnaşyklarynyň netijeli usullaryny ornaşdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde munuň özi has-da ähmiýetlidir. Duşuşyga gatnaşyjylar birnäçe kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň kabul edilmeginiň bu ulgamda oňyn şertleriň we ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegini hem-de onuň halkara derejesine çykmagyny şertlendirýändigini nygtadylar.

Çykyş edenleriň her biri ýurdumyzyň telekeçiligine hemmetaraplaýyn goldaw bermek ugrunda alada edýän milli Liderimize alkyş sözlerini aýtdylar. Telekeçiler çekýän zähmetine hormatly Prezidentimiziň ýokary baha berendigini kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan döwrebap önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek, obasenagat toplumyny ösdürmek, şeýle hem onuň daşary ýurt bazarlaryna çykmagyny üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Şunuň bilen baglylykda, telekeçiler hususy işewürligiň wekilleriniň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýän anyk teklipleri öňe sürdüler.

Ahal welaýatyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, “Derýaplastik” hojalyk jemgyýetiniň direktory R.Muhammetnurow ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, ýolbaşçylyk edýän kärhanasynyň işiniň milli Liderimiziň ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk pudagyna goldaw bermek baradaky syýasatynyň oňyn netije berýändiginiň subutnamasy bolup hyzmat edýändigini nygtady. Telekeçiniň belleýşi ýaly, “Derýaplastik” hojalyk jemgyýeti 2009-njy ýylda bary-ýogy 3-4 görnüşli önüm öndüren bolsa, häzirki döwürde gurluşyk ulgamynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň 600-den gowrak görnüşini öndürýär.

Soňra “Derýaplastik” hojalyk jemgyýetiniň direktory Ahal welaýatynyň telekeçileriniň adyndan welaýatda gurulmagy meýilleşdirilýän birnäçe desgalary teklip etdi. Olaryň hatarynda Gökdepe etrabynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän, ýyllyk kuwwaty 50 müň inedördül metre barabar bolan örtük daşlarynyň önümçiligi boýunça kärhana, Baharly etrabynyň çäginde ýyllyk kuwwaty 12 müň tonna bolan spirt önümçilik desgasy, Gökdepe etrabynda ýylda 50 müň tonna un we 36 müň tonna unaş öndürýän zawod bar.

“Hazar balyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory S.Ataýew hormatly Prezidentimize Balkan welaýatynyň telekeçileriniň adyndan welaýatyň Jebel şäherçesinde ýyllyk kuwwaty 300 müň tonna bolan sement zawodynyň, Hazar şäheriniň çäginde ýyllyk kuwwaty müň tonna bolan ozokerit önümçiligini, Esenguly etrabynyň Gamyşlyja we Ekerem şäherçelerinde her biriniň ýyllyk kuwwaty 150 tonna bolan ýod zawodlarynyň, Balkanabat şäherinde ýyllyk kuwwaty 50 müň inedördül metr bolan örtük daşlarynyň önümçiligi boýunça kärhananyň, Garabogazköl aýlagynda balyklar üçin gury iýmiň önümçiligi boýunça kärhananyň gurluşyklaryny teklip etdi. Bu kärhananyň ýyllyk kuwwaty 60 tonna önüme barabardyr. Şeýle hem Balkan welaýatynyň telekeçileri Türkmenbaşy şäherinde “Tolkun” söwda-dynç alyş merkezini gurmagy teklip edýärler.

Telekeçi, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Daşoguz welaýaty boýunça bölüminiň ýolbaşçysy B.Ahmedow hormatly Prezidentimize Daşoguz welaýatynyň telekeçileriniň adyndan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda un we çörek-bulka önümleriniň önümçiligi boýunça zawody, spirt öndürýän kärhanany, Gökdepe etrabynyň çäginde bezeg güllerini we miweli baglary ösdürip ýetişdirýän kärhanany gurmak baradaky teklip bilen ýüzlendi.

“Myradym” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy D.Hudaýberdiýew öz çykyşynda Lebap welaýatynyň telekeçileriniň adyndan Köýtendag etrabynyň çäginde ýyllyk kuwwaty 15 müň tonna bolan daş duzuny öndürýän zawodyň, şeýle hem ýyllyk kuwwaty 60 müň tonna bolan gips öndürýän kärhananyň gurluşygyny teklip etdi.

Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy T.Jumadurdyýewa Mary welaýatynyň telekeçileriniň adyndan Mary etrabynda ýyllyk kuwwaty 50 müň tonna bolan süýdi gaýtadan işleýän kärhananyň, Şatlyk şäherçesinde buýan kökünden zerur kislotany almak boýunça zawodyň gurluşygyny teklip etdi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Hytaý Halk Respublikasyndaky wekilhanasynyň Pekindäki baş wekili M.Annamämmedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işi barada gürrüň berdi.

Şeýle hem ol Aşgabadyň telekeçileriniň adyndan “Ýer hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 17-nji maddasynyň 3-nji bendine laýyklykda, şahsy taraplara hemişelik peýdalanmak üçin ýer böleklerini bermek hakyndaky teklibi öňe sürdi. Munuň özi hususy pudagyň işgärleriniň iş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmakda, täze iş orunlaryny döretmekde, ozal berlen ýer böleklerinde önümçilikleri, ekologiýa taýdan howpsuz desgalary ösdürmekde has-da ähmiýetlidir. Şeýle hem Aşgabatda gözellik we saglyk, söwda-dynç alyş merkezleri, gülçüligiň söwda-dynç alyş toplumlary, çörek we çörek-bulka önümleriniň kärhanalary, Köşi ýaşaýyş toplumynyň üçünji nobatdakysynyň desgalary ýaly birnäçe binalaryň gurluşygy teklip edildi. Şeýlelikde, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň döwlet Baştutanymyz bilen bolan duşuşygy ýurdumyzyň telekeçileriniň mümkinçilikleri we geljekki meýilnamalary hakyndaky işjeň söhbetdeşlige ýazdy.

Hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna netijeli çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirip, şu günki duşuşygyň barşynda milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen resminamalara gol çekiljekdigini aýtdy.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, telekeçiler we şahsy taraplar tarapyndan Türkmenistanyň çäginden çykarylanda gümrük pajyndan boşadylan harytlaryň sanawyny tassyklady we dürli taslamalary ýerine ýetirmek üçin birleşmäniň agzalaryna ýer böleklerini bermek hakyndaky Buýruga gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisine we ýurdumyzyň hökümet agzalaryna telekeçileriň beýleki tekliplerini öwrenmegi we olar boýunça degişli resminamalary taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, telekeçilere goldaw bermek maksady bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça kärhananyň, şeýle hem umumy bahasy ABŞ-nyň birnäçe milliard dollaryna barabar bolan Aşgabat—Türkmenabat ýokary tizlikli ulag ýolunyň gurluşyklarynda baş potratçy bolmak wezipesini ynanmak çözgüdine gelendigini habar berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň telekeçileriniň bildirilen ynamy abraý bilen ödejekdiklerine we ýakyn wagtda bu taslamalary ýokary hilli gurup, ulanmaga berjekdiklerine ynam bildirdi. Ýurdumyzda telekeçiligiň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigini aýdyp, şu gün şeýle ýörelgeleriň mundan beýläk-de dowam etjekdigine sizi ynandyrýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň bu sözleri şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul edildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy ýurdumyzyň telekeçileriniň bu duşuşyga taryhy waka, hususy telekeçiligiň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän ornunyň we goşandynyň ykrar edilmegi hökmünde baha berýändiklerini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, birleşmäniň ýolbaşçysy ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň taryhynyň milli Liderimiziň başlangyjy bilen ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk ulgamyna goldaw bermek we höweslendirmek bilen baglanyşykly işleri bilen berk baglanyşyklydygyny aýtdy hem-de birleşmäniň agzalarynyň dürli ulgamlarda ýeten derejeleri barada habar berdi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň belleýşi ýaly, sekiz ýylyň dowamynda bu jemgyýetçilik guramasynyň agzalary ýurdumyzyň ykdysadyýetine 8 milliard 100 million manatlyk maýa goýum serişdelerini gönükdirdiler. Şu döwürde 20 milliard 700 million manatlyk gurluşyk işleri ýerine ýetirildi. Durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalary esasynda 380-e golaý täze kärhana döredilýär. Olaryň önümlerine diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň daşynda hem isleg bildirilýär.

Azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen oba hojalyk ugry boýunça 360-dan gowrak kärhana, şol sanda 80 maldarçylyk we guşçulyk toplumy döredilýär. Döwrebap ýyladyşhanalaryň 78-siniň gurluşygy alnyp barylýar. 25 müň gektar meýdanda ir-iýmişli baglar we üzüm ekilýär diýip, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy sözüni dowam etdi. Sentýabr aýynda gök we bakja önümlerinden ýörite goýultmak taýýarlaýan, Ýewropa tehnologiýasy esasynda enjamlaşdyrylan miwe nygmatlaryny öndürýän iri kärhananyň açylyş dabarasy bolar.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy senagat pudagynyň ösüşiniň geljegi barada aýdyp, häzirki döwürde 270 kärhananyň, şol sanda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda 150 senagat kärhanasynyň gurulýandygyny, ýakyn wagtda Ýaşlykda bazalt süýümini, Kakada plastik turbalary, şeýle hem örtük daşlaryny we lagym ulgamyna degişli enjamlary öndürýän önümçilik desgalarynyň açylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň azyk bolçulygyny döretmek, eksport ugruna gönükdirilen ýokary tehnologiýaly hususy önümçilikleri döretmek, döwlet tarapyndan döredilýän şertleri nazara almak bilen, hususy telekeçiligi ösdürmek boýunça ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde goýan anyk wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zerur mümkinçilikler bardyr. Şu günki gol çekilen resminamalaryň hususy kärhanalaryň önümlerini eksport etmek üçin oňyn şertleri üpjün edýändigi bellenildi.

Birleşmäniň ýolbaşçysy hususy telekeçilige ynanylan giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde we netijeli iş alyp barmakda döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýändigi üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň telekeçileriniň döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz duşuşygyň ahyrynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüşinde we onuň rowaçlygynda ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk ulgamynyň ornuny belledi. Milli Liderimiz ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň ýokarlanmagyna goşant goşýan ýurdumyzyň telekeçilerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, parahatçylyk hem-de bagt arzuw edip, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik merkezinden ugrady.