Şu günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi.
Nobatdaky işewür duşuşyga gatnaşmak üçin Türkmenistana dostlukly ýurduň wekilçilikli topary geldi, onuň düzümine Beýik Britaniýanyň dürli ugurlarda ýöriteleşdirilen iri kompaniýalarynyň 18-siniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri girdiler. Olaryň arasynda “British Expertise International”, “Aggreko”, “Arempa International Ltd (FZE)”, “Buried Hill”, “De La Rue”, “Global ATS Ltd”, “Industrial Power Group”, “JTA”, “Rapiscan Systems Ltd”, “Tensar”, “Thomsan Reuters”, “TheCityUK” we beýlekiler bar. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, banklarynyň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.
Geňeşiň başlyklary mejlisi açyp, Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky ýyllarda ösüş depginine eýe bolandygyny bellediler. Bu gatnaşyklar uzakmöhletleýinlik, ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýar. Taraplar hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, şu günki işewür duşuşygyň netijeli döwletara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Şol gatnaşyklar ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda halkara guramalarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýär.
Işewürler maslahatynyň ajaýyp guralandygy hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpýyllyk türkmen-britan gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmäge berýän ünsi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan eden Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili hanym Emma Nikolson Uinterbornskaýa hem-de Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň başlygy jenap Ronald Neş Beýik Britaniýanyň hökümetiniň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmäge uly ähmiýet berýändigini bellediler. Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we netijeli daşary syýasaty tutuş dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe boldy.
Milli Liderimiziň başlangyçlary we tutanýerliligi netijesinde, häzir Türkmenistanda bolup geçýän özgertmeler, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga tarap alnan ugur dürli ugurlarda iki ýurduň özara gatnaşyklaryny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Mälim bolşy ýaly, bir aý mundan öň — 9-11-nji maýda Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherinde türkmen-britan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi, olaryň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge aýratyn üns berdiler.
Mejlisiň işewür bölegi başlanmazdan öň, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda girdejiler hem-de maýanyň artmagyndan alynýan girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden fiskal taýdan boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Konwensiýa gol çekildi.
Soňra ara alyp maslahatlaşmalaryň çäklerinde, ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak, şeýle hem döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň geljegi bilen bagly meselelere garaldy.
Türkmen hünärmenleriniň çykyşlary milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli durmuş-ykdysady ösüşiň maksatnamalarynyň many-mazmuny, durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine ynamly gadam urýan hem-de dünýä ykdysadyýetine okgunly goşulyşýan Türkmenistanyň ägirt uly gazananlary we üstünlikleri bilen tanyşdyrdy.
Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, kuwwatly serişde — çig mal binýady, durnukly ykdysady ösüşi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy ýurdumyzdaky jemgyýetçilik-syýasy durnuklylyk we döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasaty bilen bilelikde daşary ýurt kompaniýalaryny, şol sanda Beýik Britaniýanyň işewür gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryny türkmen bazaryna çekýär. Iň gowy dünýä tejribesini we innowasion tehnologiýalary çekmäge üns berýän Türkmenistanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygy, ilkinji nobatda, öňden gelýän hyzmatdaşlary üçin hemişe açykdygy nygtaldy.
Däbe öwrülen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollary barada pikir alyşmalaryň barşynda wekiliýetleriň agzalary türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna üns berdiler. Şol ugurlaryň hatarynda ýangyç-energetika toplumy, söwda, ulag, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar, dokma senagaty, sport, syýahatçylyk, bilim we beýleki ugurlar görkezildi.
Hususan-da, britan tarapynyň wekilleri Türkmenistanyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly halkara başlangyçlaryny goldap, nebitgaz ulgamynyň geljeginiň, türkmen Lideriniň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermek boýunça üstünlikli amala aşyrylýan energetika strategiýasynyň Beýik Britaniýanyň kompaniýalarynda uly gyzyklanma döredýändigini bellediler. Olar bu ugurda maýa goýum taslamalaryna işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdiler.
Mälim bolşy ýaly, dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça dördünji orny eýeleýän Türkmenistan halkara geňeşçisi “Gaffneý, Cline & Associates” britan kompaniýasyna nebitgaz serişdeleriniň, şol sanda “Galkynyş” gaz käniniň goruna audit geçirmegi ynandy. Soňky ýyllarda britan kompaniýalarynyň ençemesi iri maýa goýum taslamalaryny, şol sanda nebitgaz ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek, ýurdumyzyň gaz eksport kuwwatyny artdyrmak babatda taslamalaryň birnäçesini amala aşyrmaga işjeň gatnaşdylar.
Britan işewür toparlarynyň wekilleri öz kompaniýalarynyň mümkinçilikleri barada gürrüň berip, geljegi uly türkmen bazarynda ornuny giňeltmäge hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine başyny başlan, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna işjeň gatnaşmaga isleg bildirýändigini beýan etdiler.
Sport ugry boýunça hyzmatdaşlyk aýratyn ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy. Bu ugur halkara derejesindäki iri sport çärelerini guramakda we geçirmekde britan tarapynyň toplan baý tejribesini nazara almak bilen, geljek ýyl Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşyjylar şunuň ýaly işewür duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigini belläp, özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň täze ugurlary barada geçirilen netijeli pikir alyşmalaryň söwda-ykdysady ulgamda türkmen-britan gatnaşyklaryny ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
* * *
Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Hökümetinde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Şol duşuşyklaryň barşynda iki dostlukly ýurduň ileri tutýan ugurlaryny we milli bähbitlerini nazara almak bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.