Ï Türkmenistan — Beýik Britaniýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugry bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan — Beýik Britaniýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugry bilen

view-icon 1192
Şu iýun günlerinde Beýik Britaniýa her ýyl uly milli baýramy — Onuň Alyhezreti Patyşa zenany Ýelizaweta II doglan gününi belläp geçýär. Bu şanly sene mynasybetli Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Sanjeý Wadwani Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine (TDH) interwýu berdi.

— Şu gün türkmen žurnalistleri bilen duşuşmak hem-de Türkmenistanyň ähli halkyna we hut hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Beýik Britaniýanyň Hökümetiniň hem-de şu ýyl doglan gününiň 90 ýyllygyny we britan tagtyna geçmeginiň 64 ýyllygyny belleýän Onuň Alyhezreti Patyşa zenany Ýelizawetanyň adyndan mähirli salamy gowşurmak meniň üçin uly hormat-sarpadyr.

Beýik Britaniýanyň bütin taryhynda iň uzak wagtlap dolandyrýan şa hökmünde Patyşa zenanymyz tutuş ömrüni Watana wepaly gulluk etmäge bagyş edip, Patyşalygyň dört böleginiň — “taryhy welaýatlarynyň” bitewi bolmagy üçin ägirt uly tagallalary etdi.

Şu ýyl Onuň Alyhezretiniň doglan gününiň Türkmen-Britan söwda-senagat geňeşiniň bäşinji mejlisiniň geçirilmegi bilen gabat gelmegi bellärliklidir. Bu mejlise gatnaşmak üçin iri britan kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň düzüminde uly wekiliýet Aşgabada geldi.

Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigine şatdyrys. Soňky ýyllarda şol gatnaşyklar oňyn ösüşe eýe boldy. Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistandaky söwda wekili wezipesine bellenen baronessa Emma Nikolson Uinterbornskaýanyň söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletjekdigine ynanýaryn.

— Jenap ilçi, şu gün Türkmen-Britan söwda-senagat Geňeşiniň nobatdaky mejlisi üstünlikli geçirildi. Onuň barşynda möhüm resminama gol çekildi. Geňeşe gatnaşmakdan başga-da, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň ýörite wekili baronessa Emma Nikolson Uinterbornskaýanyň iş maksatnamasynyň nähili bolandygyny aýdaýsaňyz?

— Onuň şu gezekki saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümetinde we Mejlisinde netijeli duşuşyklar geçirildi. Olarda möhüm meseleler — biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynda döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol duşuşyklaryň barşynda ikitaraplaýyn, şol sanda parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenildi.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmaga, ynanyşmaga hem-de halkara gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça umumy garaýyşlara esaslanýar. Resmi London we Aşgabat ýangyç-energetika, söwda-ykdysady we bank ulgamlaryny, gurluşygy, ulag we aragatnaşyk düzümini ösdürmegi, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagy, syýahatçylygy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlediler.

Şeýle işewür duşuşyklaryň hem-de forumlarynyň geçirilmeginiň özi hem Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär.

— Siziň pikiriňizçe, medeni — ynsanperwer ulgamda türkmen-britan gatnaşyklarynyň geljegi nähili?

— Söwda we ykdysady gatnaşyklardan başga-da, taraplaryň däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, ilkinji nobatda, bilim we ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändiklerini aýratyn bellemelidiris. Iki ýurduň hökümeti hem bu ulgamlary ösdürmäge uly üns berýär.

Medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk etmekde hem ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Geçen ýyl Aşgabatda bütin dünýäde meşhur GLOBUS teatrynyň beýik iňlis dramaturgy Uilýam Şekspiriň “Gamlet” sahna oýny görkezildi. Ol minnetdar türkmen tomaşaçylary tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Beýik Britaniýanyň işewürleriniň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen baronessa Nikolson Uinterbornskaýa Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördi. Muzeýde saklanýan gymmatlyklar gözelligi we täsinligi ony haýran galdyrdy.

Ýeri gelende aýtsak, siziň ajaýyp halylaryňyz dünýäde iň iri Şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň muzeýiniň — Londonyň iň meşhur etraplarynyň birinde ýerleşýän Wiktoriýanyň we Albertiň muzeýiniň bezegi bolup durýar. Muzeýde dürli eýýamlaryň we dünýäniň halklarynyň medeniýetleriniň gymmatlyklary saklanylýar. Bar bolan özara gyzyklanmanyň ýurtlarymyzyň muzeýleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine, halklarymyzyň arasynda dostluk we özara düşünişmek köprüsi bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

— Jenap ilçi, mälim bolşy ýaly, Beýik Britaniýa dünýäniň iň uly sport döwletleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, sport ulgamynda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada Siziň pikiriňizi bilmek isleýäris.

Geljek ýylyň güýzünde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary babatda sport ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin biziň ýurtlarymyzyň arasynda uly mümkinçilikler açylýar. Türkmenistan bu ýaryşlara ykjam taýýarlyk görýär. Beýik Britaniýa dünýä derejesindäki iri sport ýaryşlaryny, şol sanda Olimpiýa oýunlaryny geçirmek boýunça uly hünär tejribesine eýedir. Biz Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolmaga hem-de siziň ýurduňyza hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyrys. Men Aziadanyň üstünlikli geçiriljekdigine, 2017-nji ýylyň Türkmenistan üçin üstünlikli ýyllaryň biri boljakdygyna şübhelenmeýärin.

Pursatdan peýdalanyp, siziň ýurduňyzyň hökümetine türkmen-britan gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek we pugtalandyrmak meselelerine goldaw we üns berýändigi üçin hoşallyk bildirýärin, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny şu ýyl bellenilýän döwlet Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen gutlamak isleýärin hem-de bagt, parahatçylyk, abadançylyk we Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryny hem-de wezipelerini durmuşa geçirmekde üstünlikler arzuw edýärin.

— Jenap ilçi, interwýu üçin Size hoşallyk bildirmäge hem-de Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň halklarynyň dostlugynyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň bähbidine Siziň ýolbaşçylyk edýän diplomatik missiýaňyzyň işinde uly üstünlikler arzuw etmäge rugsat ediň.