Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän pagta özüniň hili boýunça dünýäde iň gowularyň biri bolup durýar. Ýurduň içinde gaýtadan işlenilýän pagta 3 göterimden 51 göterime çenli artdy we häzirki wagtda dokma toplumynda 70-den gowrak nah ýüplüginiň, ýüplügiň, ösgün tüýli matalaryň, jinsileriň we garyndy matalaryň dürli görnüşlerini öndürýän kärhanalaryň 70-den gowragy işleýär, şeýle hem bu matalardan taýýar tikin-trikotaž önümleri öndürilýär. Mundan hem başga ýüpegi gaýtadan işleýän kärhana, aýakgap fabrikleri we derini ilkinji gaýtadan işleýän zawodlar bar.
Pagta baý bolan Türkmenistanda dokma senagatyny çalt depginler bilen ösdürmäge ähli şertler döredilendir. Häzirki wagtda ýurduň dokma pudagynyň öňünde täze uly wezipeler goýuldy. Olaryň esasy – ýurtda gaýtadan işlenilýän pagta süýminiň möçberini yzygiderli artdyrmakdan ybaratdyr. Inwestisiýalaryň möçberini artdyrmak, goşmaça dokma kärhanalaryny ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu bolsa täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Häzirki wagtda Türkmenistanyň dokma pudagynda 30 müň töweregi adam zähmet çekýär.
Türkmen dokmasynyň önümleriniň özüniň ýokary hilliligi, görnüşleriniň dürli-dürliligi we bahalarynyň elýeterli bolmagy hem içerki bazarda, hem daşarky bazarda uly islegden peýdalanýar. Bütindünýä meşhur daşary ýurt kompaniýalary we iri maliýe gurluşlary, - Ýewropanyň ösüş we täzeleniş banky, Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk banky, “Mitsubishi Corporation” ýaly banklar bilen hyzmatdaşlyk ýokary hilli we dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleriň öndürilmegini üpjün edýän iň öňdebaryjy we ýokary netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Dokma kärhanalarynda meşhur kompaniýalar tarapyndan öndürilen tehnologiki enjamlar oturdylandyr. Olardan «Rieter” (Şweýsariýa), “Trützschler”, “Schlafhorst”, “Zincer”, “Monforst”, “Kusters” (Germaniýa), “Marzoli”, “Mario Crosta”, “Reggiani”, “Arioli”, “Savio” (Italiýa), “Juki” “Muratec”, “Tsudakoma” (Ýaponiýa), “Picanol” (Belgiýa), “Monarh” (Beýik Britaniýa) kompaniýalary we beýlekileri görkezmek bolar.
2000-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli nah ýüplügiň önümçiligi 2,4 esse, nah mata – 4 esse, dokma önümleriň eksporty 3,2 esse artdy. Öndürilen önümleriň 70 göterimden gowragy ABŞ-a, Ýewropa ýurtlaryna, Russiýa, Ukraina, Türkiýä, Hytaýa, Baltika we beýleki ýurtlara iberilýär
2013-nji ýylda ýorgan-düşek daşlyklaryny öndürýän Aşgabat dokma toplumynyň ikinji nobatdakysy, 2014-nji ýylda – Seýdiniň, Türkmenabadyň we Köneürgenjiň pagta egriji fabrikleri ulanyşa berildi. Import önümleriniň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde 2016-njy ýylyň fewral aýynda Aşgabadyň nah mata öndürýän kombinatynyň binýadynda kuwwatlylygy ýylda 2,5 million jübüt jorap öndürýän seh ulanyşa berildi. Bu ýerde Italýanyň “Lonati” kompaniýasynyň häzirki zaman enjamy oturdyldy. Bu täze enjamda erkekler, zenanlar we çagalar üçin jorap önümleri öndürilýär.
Iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bir hatarda öndürilýän önümiň ekologiki howpsuzlygyna bildirilýän talaplara laýyk gelýänligine uly üns berilýär.. Şular ýaly önümler halkara ykrarnamasyna we “Önümçiligi dolandyrmak ulgamy” we “Tebigy gurşawy goramak” sertifikatlaryna mynasyp boldular. Kärhanalaryň birnäçesinde “Taýýar geýim önümçiliginde bütindünýä jogapkärçiligi” standartlaryny ulanýarlar. Taýýar önümleri esasy satyn alyjylaryň we buýrujylaryň arasynda IKEA, Sears, Wal-Mart, Levi’s, Miss Erika, Foot Locker ýaly iri halkara kompaniýalary we beýlekiler bar..
Türkmenistanyň Modeller öýünde işlenilip taýýarlanan türkmen dokmasynyň önümleri hem ýurduň içinde, hem onuň çäklerinden daşarda doly ykrar edilmegini gazanandyr. Modeller öýüniň ýokary hünärli hünärmenleri – hudožnikler, dizaýnerler, modelýerler-konstruktorlar – “kutýurdan geýim”, “uniforma we ýörüte geýim”, “geýim örmek” ugurlary boýunça ýokary hilli geýimler tapgyryny döredýärler. Hem Aziýanyň, şeýle hem Ýewropanyň owadanlyga baha berijileriniň arasynda bolan isleg ýyl-ýyldan artýar. Bu ýerde gürrüň Modeller öýüniň alyp barýan işiniň baş ýörelgesi barada barýar – gündogar äheňlerini, özboluşly reňk we nagyş baýlygyny häzirki zaman ugurlary bilen utgaşykly oňaýly, ýakymly, owadan we ýokary hilli geýimi döretmek bolup durýar. Şu ýylyň başynda Türkmenistanyň Modeller öýüniň binýadynda örülen switerli öndürýän seh ulanmaga berildi. Bu ýerde kuwwatlylygy ýylda 23 müň sany önüm öndürýän “Shima Selki” ýapon kompaniýasynyň häzirki zaman enjamy oturdylandyr.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň dokma pudagyny mundan beýläk hem ösdürmek baradaky Maksatnamasy daşary ýurt maýalaryny mundan beýläk hem çekmäge we täze tehnoloiýalary ornaşdyrmaga, maýadarlar üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda bilelikdäli taslamalaryň amala aşyrylmagynda Türkmenistan belli daşary ýurt kompaniýalary we maliýe institutlary bilen uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýär.