Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ozon torynyň her ýylda geçirilýän duşuşygynyň çäklerinde Aşgabatda gümrük we hukuk goraýjy edaralarynyň işgerlerine baýrak gowşurylyş dabarasy bolup geçdi. Şu ýyl gadagan edilen hladagentli ulanyşyň bikanun söwdasyny ýüze çykarmaga goşan goşantlary üçin Ispaniýanyň, Bosniýanyň we Gersogowinanyň, Horwatiýanyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Gruziýanyň Gümrük gullukçylary, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleriniň üçüsi sylaga mynasyp boldular. Olar Lebap welaýat gümrük gullugynyň “Türkmenabat” gümrük nokadynyň başlygynyň orunbasary, uly leýtenant Batyr Nyýazow, Balkan welaýatynyň “Hazar” gümrük nokadynyň başlygy, kapitan Näzmyrat Çendirow we Aşgabat gümrükhanasynyň “Aşgabatdemirýollary” gümrük nokadynyň uly leýtenanty Durmuş Jepbarow dagylardyr.
Maslahatyň işiniň barşynda oňa gatnaşyjylar OGDM gizlin söwdasyna garşy hereket etmekde soňky gazanylar barada tejribelerini we maglumatlary alyşdylar. Olar OGDM bikanun dolanşygynyň öňüni almak işlerinde halkara hyzmatdaşlygynyň, ilkinji nobatda Bütindünýä gümrük guramasy bilen, hyzmatdaşlygyň möhümdigini bellediler. Ozon torunyň hünärmenleri adam saglygy üçin, şeýle hem biodürliligiň ýagdaýy üçin planetanyň ozon goragy babatda täze howpsuz freonlar barada çykyş etdiler. Gümrük gulluklarynyň hünärmenleri iş tejribelerini paýlaşdylar, ozony döwýän maddalary we ondaky garyndylary ýüze çykarmagyň usullary barada gürrüň berdiler.
“OzonEkşn” maksatnamasynyň sebitleýin ýolbaşçysy, ÝUNEP-iň tehnologiýalar, senagat we ykdysadyýet bölüminiň bilermeni Halwart Koppeniň beren interwýusynda belleýşi ýaly, Monreal protokolynyň taraplary gidrohlorftoruglerodlary ulanyşdan aýyrmak boýunça işleri alyp barýarlar. Bu utgaşykly hereketleri talap edýär. Häzirki wagtda ozony döwýän maddalary daşamagyň we belliklere almagyň logistikasyny gözegçilikde saklamak üçin söwda çäklendirmeleri ulanmakda ep esli öňedişlikler bar. Türkmenistan OGDM ýerine alternatiw maddalar bilen çalyşmak, şeýle hem ony ýurduň çäklerinde ulanmagy azaltmak boýunça syýasy erkinliligi görkezdi. Halkara özara hereket etmegi işjeň alnyp barylmagy netijesinde ýurt OGDM gizlin dolanşygyna garşy göreşmekde täze akymlar bilen aýakdaş barýar, beýleki ýurtlaryň oňyn tejribelerini derrew ulanmakda nusga görkezýär.