Mähriban ýaşlar!
Eziz talyplar!
Sizi aýratyn ähmiýetli ajaýyp baýram — Ylymlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan üstünligiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň ýaş wekilleriniň — watançy, zähmetsöýer, maksada okgunly, ýokary ahlakly we bagtyýar nesillerimiziň jemgyýetimiziň we döwletimiziň sazlaşykly ösüşine hyzmat etjek ylmy döredijiligi mundan beýläk-de pajarlap gül açsyn, ylym ýolundaky yhlas-tagallalary özüniň ajaýyp miwesini bersin!
Dünýädäki beýik işler, adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr. Ylym-bilim biziň ähli ösüşlerimiziň binýady bolup durýar. Şoňa görä-de, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirenimizde öňdebaryjy innowasion-tehnologik tejribelere, düýpli ylmy esaslara daýanýarys. Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlaryna ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny tapgyrma-tapgyr ornaşdyrmak, ykdysady, syýasy, medeni, bilim mümkinçiliklerimizi ýokarlandyrmak bilen eziz Watanymyzy ösüşler ýoly bilen öňe alyp barýarys. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmegiň möhüm ugry hökmünde bilimleriň düýpli ösdürilmegi, öňdebaryjy, döwrebap usullar arkaly ylym ulgamynyň kuwwatynyň artdyrylmagy, halkara ylmy hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegi hem-de pugtalandyrylmagy bilen berk baglanyşykly toplumlaýyn maksatnamalar, düýpli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ylym we bilim ulgamlaryna döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýär, ýaş alymlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň tejribeli halypalaryň ýolbaşçylygynda ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini, innowasion tejribeleri geçirmekleri üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynda we ýokary okuw mekdeplerinde ylmyň dürli ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýan başarnykly, giň gözýetimli, döretmegi, gurmagy öz öňlerinde baş maksat edinen ýokary derejeli ylmy işgärleriň we hünärmenleriň gazanýan üstünlikleri bizi has-da guwandyrýar.
Ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň ýaş wekilleri!
Beýik galkynyşlaryň mekany, ägirt uly ösüşleriň ojagy bolan eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe gitmegi, ýurdumyzy senagat-innowasiýa taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň depgininiň has-da güýçlendirilmegi mähriban ýaşlarymyzyň üstünlikli amala aşyrýan döredijilik işleriniň döwletimiziň we halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilmegi bilen berk baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan geçirilýän bu bäsleşikde üstünlik gazanan ýaş alymlar we talyplar nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary, täze materiallary öwrenmek we energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar ýaly örän möhüm ugurlar boýunça ylmy barlaglaryny geljekde hem üstünlikli dowam etdirmelidirler.
Gujur-gaýratyny we ukyp-başarnygyny döredijilige bagyş etjek ýaşlarymyz ylmy açyşlaryny berkarar döwletimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny, at-abraýyny mundan beýläk-de beýgeltmäge, mähriban halkymyzyň bagtyýar geljegini üpjün etmäge gönükdirmelidirler. Bu wezipe ylym ulgamynyň öňdebaryjy wekilleri bolan ýaş hünärmenleriň, inženerleriň, tehnologlaryň we alymlaryň belent borjy we baş maksady bolmalydyr. Kalbynda berkarar döwletimize buýsanç duýgulary joş urýan bagtyýar ýaşlarymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň beýik geljegi üçin gujur-gaýratyny, ukyp-başarnygyny gaýgyrman, ak ýürekden, arassa we halal zähmet çekjekdigine berk ynanýaryn.
Mähriban ýaşlar!
Eziz talyplar!
Sizi ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan üstünlikleriňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, ylym dünýäsindäki gadamlaryňyzyň mundan beýläk-de batly bolmagyny, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan döredijilik işleriňizde üstünlikleriň we rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW