Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda galla oragynyň barşy bilen baglanyşykly meselelere, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň ýagdaýyna hem-de döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe wajyp meselelerine garaldy.
Milli Liderimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabatyny diňledi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg etmegiň barşy hem-de galla oragyny guramaçylykly geçirmek, bu işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, orak möwsümine degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda ýaýbaňlandyrylan işler barada aýtdy. Şeýle hem häkim gurulýan desgalarda işleriň depginini güýçlendirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň barşynda dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda we ýokary hilli tamamlamak boýunça görülýän tagallalar barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri oba hojalykçy alymlaryň täze tekliplerini nazara alyp geçirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, ulanylýan tehnikalaryň bökdençsiz işini ýola goýmak, kärendeçiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň Ak bugdaý, Kaka, Tejen etraplarynda galla oragynyň depginleriniň pesdigini belläp, işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiliginiň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz obalary özgertmek boýunça milli maksatnamany amala aşyrmagyň çäklerinde gurluşygyň ýerine ýetirilişiniň tertibini berjaý etmegiň möhüm wezipedigini aýratyn belledi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew çagyryldy. Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, gurulýan desgalaryň öz wagtynda tabşyrylmagy ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem ol galla oragyny guramaçylykly geçirmek babatda ähli zerur çäreleriň görülýändigini aýdyp, oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işini üpjün etmek üçin ýörite meýilnamanyň işlenip taýýarlanandygy, bar bolan ähli ammarlaryň we däne saklanylýan beýleki desgalaryň galla hasylyny bökdençsiz kabul edýändigi barada habar berdi. Hasabatyň barşynda häkim Balkan welaýatynyň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça zerur tagallalaryň görülýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çärelerе, ilkinji nobatda bolsa, galla oragynyň öz wagtynda hem-de ýitgisiz tamamlanmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýdyp, welaýatda bu möhüm oba hojalyk möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň Magtymguly, Esenguly, Etrek etraplarynda galla oragynyň depginleriniň örän pesdigini aýdyp, galla oragyna degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, oragyň depginlerini ýokarlandyrmak babatda ähli tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy.
Milli Liderimiz Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelere ünsi çekdi we ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň hem-de welaýatyň ykdysadyýetini pugtalandyrmagyň ilkinji nobatdaky meseleleriň hatarynda durýandygyny aýdyp, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamak we ýokary hilini üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri çözmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde ekerançylar üçin örän jogapkärli döwür bolan gowaçalara edilýän ideg işlerini guramaçylykly geçirmek, galla oragynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýerleriň netijeli peýdalanylyşyny, obasenagat toplumynyň öňünde durýan beýleki möhüm wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, welaýatyň Türkmenbaşy adyndaky we Boldumsaz etraplarynda galla oragynyň depginleriniň pesdigini belledi we işleriň depginlerini ýokarlandyrmagy häkimden talap etdi. Milli Liderimiz dürli maksatly binalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy we olaryň ýokary hil derejesine eýe bolmagy üçin zerur çäreleri görmegi talap etdi. Hormatly Prezidentimiz dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek, şeýle hem milli baýramçylyklara taýýarlyk görmek meselesiniň üstünde durup geçdi we şunuň bilen baglylykda häkime degişli tabşyryklary berdi.
Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew öz gezeginde gündogar sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynda işiň netijeliligini ýokarlandyrmak, gowaçalara we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, ol welaýatyň etraplarynda galla oragynyň barşy, möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde tamamlamak boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, galla oragynyň depginlerini ýokarlandyrmak, möwsümde işledilýän tehnikalaryň bökdençsiz işini üpjün etmek, kärendeçiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oraga gatnaşýanlar üçin degişli hyzmatlaryň, şol sanda söwdany, medeni dynç alşy we beýleki guramakda hyzmatlaryň üpjün edilmegine aýratyn ünsi çekdi.
Milli Liderimiz welaýatyň Köýtendag, Galkynyş, Garaşsyzlyk, Döwletli, Sakar, Atamyrat, Saýat, Halaç etraplarynda galla oragynyň depginleriniň döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi, möwsümiň iş netijeliligini ýokarlandyrmagy häkimden berk talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz ammarlaryň, elewatorlaryň bökdençsiz işini üpjün etmek, gallany saklamak we ony gaýtadan işlemek, şeýle hem sebitiň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan ideg işleri we galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, galla oragynyň depginlerini güýçlendirmek boýunça degişli düzümleriň sazlaşykly işi ýola goýulýar. Häkim welaýatyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda netijeliligi ýokarlandyrmak boýunça çärelere ünsi çekmek bilen, bu meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz netijeli guramaçylykly çemeleşmeleriň, öndürijileri höweslendirmegiň hem-de hojalygy dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagyň oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmegiň baş şertidigini belledi.
Milli Liderimiz galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça ähli zerur çäreleri görmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Aýratyn-da, welaýatyň Baýramaly, Altyn sähra, Murgap, Wekilbazar etraplarynda galla oragynyň depginleriniň pesdigine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz işleriň depginini ýokarlandyrmagy häkimden talap etdi.
Şeýle hem milli Liderimiz Maryda boljak Medeniýet hepdeligini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça hemme zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ulgamyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň howanyň ýagdaýyny çaklamak boýunça amala aşyrýan işleriniň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynyň howa ýagdaýy baradaky maglumatlarynyň her gün sebitlere ýetirilmeginiň babadaýhanlaryň ýylboýy çeken yhlasly zähmeti netijesinde ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaýyň bereketli hasylynyň isripsiz ýygnalyp alynmagynda uly ähmiýete eýe boljakdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Möhüm oba hojalyk möwsüminiň dowam edýän döwründe howanyň ýagdaýy, onuň ýagynly, ýelli boljak günleri bilen baglanyşykly maglumatlar gallaçylar üçin örän möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Soňra göni aragatnaşyga geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary R.Bazarow çagyryldy. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, aýratyn-da, galla oragynyň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, orak möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini, oňa degişli ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini, gallaçy kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz oragyň depginleriniň pes barýan etraplarynda galla oragyny güýçlendirmek, işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa 7-10-njy iýunda milli parlamentiniň wekiliýetiniň Russiýanyň paýtagtyna bolan iş saparynyň netijeleri hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Parlament işiniň guralyşy bilen tanyşmak, dünýäniň kanunçylyk tejribesini öwrenmek maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa geňeşiniň Başlygynyň çagyrmagy boýunça amala aşyrylan saparyň barşynda türkmen wekiliýeti Moskwada duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.
Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň başlygy S.Naryşkin hem-de bu kanunçylyk edarasynyň birnäçe komitetleriniň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda kanunçylyk we iki ýurduň kanunçylyk ulgamyna halkara hukugynyň kadalaryny ornaşdyrmak ulgamynda tejribe alyşmak babatda türkmen-rus parlamentara gatnaşyklarynyň ähmiýeti nygtaldy.
Halkara guramalarynyň çäklerinde, hususan-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara assambleýasynda hem-de ÝHHG-niň parlament Assambleýasynda özara hereketleriň netijeliligi bellenildi. Pikir alyşmalaryň barşynda ykdysadyýet, ylym, bilim we parlamentara gatnaşyklar babatda iki ýurduň özara gatnaşyk etmeginiň meselelerine deglip geçildi. Türkmenistanyň Aziada—2017-ä taýýarlyk görüşiniň, ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýe hereketiniň ösdürilişiniň, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmeginiň meseleleri beýan edildi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň hem-de parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmegiň meseleleri Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenko hem-de Federasiýa geňeşiniň birnäçe komitetleriniň ýolbaşçylary bilen türkmen parlamentarileriniň duşuşygynda hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Aşgabatda gol çekilen Ylalaşygyň ähmiýeti nygtaldy. Duşuşyga gatnaşyjylar iki döwletiň kanunçylyk edaralarynyň arasynda geňeşmeleri, parlament işlerinde tejribe alyşmalary yzygiderli geçirmegiň maksada laýykdygyny bellediler.
Ýurdumyzyň barha artýan halkara abraýyny belläp, russiýaly kärdeşler Türkmenistana aýratyn hormat bilen garaýandyklaryny , onuň okgunly durmuş-ykdysady ösüşi bilen gyzyklanýandyklaryny nygtadylar. W.Matwiýenko türkmen-rus gatnaşyklarynda medeni-ynsanperwer ugurlaryny giňeltmek meselelerine ýokary gyzyklanmasyny beýan edip hem-de bu ulgamda parlamentarileriň tutýan möhüm ornuny nygtap, Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Ony awgust aýynda Moskwada we Wladimir şäherinde geçirmek meýilleşdirildi.
Öz gezeginde türkmen wekiliýetiniň agzalary rus kärdeşlerini milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de halkymyzyň maddy-hal ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen iri möçberli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etdiler. Moskwada bolmagynyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Russiýanyň paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen hem duşuşdy.
Parlamentiň ýolbaşçysy şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Onuň gün tertibine ösüşlere beslenen demokratik özgertmeler ýolunda ýurdumyzy has-da öňe ilerletmäge ýardam berýän täze kanunlaryň taslamalary giriziler
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasy hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň beýleki ýurtlary bilen giň möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmekde parlamentara diplomatiýasynyň ähmiýetini nygtap, bu ugurda mundan beýläk-de işleri alyp barmagyň, şeýle hem kanun çykaryjylyk işinde türkmen parlamentarileriniň halkara tejribesini öwrenmeginiň we göz öňünde tutmagynyň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda garalan meseleleriň wajypdygyna ünsi çekip, olary üstünlikli ýerine ýetirmek, aýratyn-da, galla oragyny guramaçylykly we öz wagtynda tamamlamak, ýygnalan hasyly ammarlara daşamak we olary degişli derejede saklamak bilen baglanyşykly meseleleriň möhümdigini aýratyn belledi. Bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işi üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen ähli meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.