Ï Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi

view-icon 749
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtyna gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary U Hunbony kabul etdi.

Ýokary wezipeli myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistany ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýar we sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, gün tertibiniň wajyp meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamak işinde türkmen tarapynyň işjeň ornuna ýokary baha berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözleri we mähirli arzuwlary üçin jenap U Hunba minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen giň netijeli gatnaşyklary ýola goýmak ugrunda çykyş edýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş sekretaryna salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýete eýedigini kanagatlanmak bilen belledi. Şol hyzmatdaşlyk bolsa ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkmenistanyň BMG-niň iri ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri, şol sanda BMG-niň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça Departamenti bilen netijeli we uzakmöhletleýin esasda guralýan hyzmatdaşlygy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we ýokary wezipeli myhman netijeli gatnaşyklary, şol sanda Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek ýaly möhüm ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öňe süren, sebit we ählumumy ulag-üstaşyr düzümi, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa ýaly möhüm ulgamlarda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge degişli döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki wekilçilikli forumlaryň belent münberinden beýan edilen bu teklipler dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe boldy.

Dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýän durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri bolan ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada hem özara gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bu ugurda, şol sanda BMG-niň çäklerinde giň özara gatnaşyklar ugrunda çykyş edip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde giň möçberli taslamalaryň başyny başlaýar we durmuşa geçirýär, halkara utgaşdyrylan ulag-üstaşyr düzümini döretmäge saldamly goşant goşýar.

Şu ýyl Aşgabatda geçiriljek durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahat bu ulgamda bar bolan ägirt uly kuwwatdan netijeli peýdalanmaga täze itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, bu iri foruma taýýarlyk görmegiň ileri tutulýan meseleleriň içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň konsepsiýasynyň taslamasyny türkmen tarapy BMG-niň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça Departamenti hem-de Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (HAUB) bilen bilelikde işläp taýýarlady.

Jenap U Hunbo Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag ulgamyndaky başlangyçlarynyň örän wajypdygyny we zerurdygyny nygtap, döwlet Baştutanymyza bu strategiki ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2014-nji we 2015-nji ýyllarda degişli Kararnamalary kabul etmegi Türkmenistanyň başlangyçlarynyň uly ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerleşmeginiň onuň sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr merkezi hökmünde derejesiniň berkidilmegini şertlendirýändigini belläp, ählumumy maslahatyň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirdi. Bu maslahatyň Aşgabatda geçirilmegi baradaky çözgüt Türkmenistanyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ägirt uly ulag-üstaşyr kuwwatyna eýe bolmak bilen, ondan has netijeli peýdalanmaga çalyşýandygyny, ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman logistiki merkezleri döretmek boýunça milli maksatnamalary amala aşyrmaga çalyşýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin BMG-ä minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň bütindünýä maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine, onuň halkara abraýynyň barha artmagyny şertlendiren täzeçil özgertmeler syýasatyna ýokary baha berip, dürli ugurlarda sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerine oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli çemeleşýän Türkmenistanyň oňyn tejribesiniň wajypdygyny belledi. Jenap U Hunbo pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy şanly waka bolan Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisine wise-başlyklyga saýlanmagy bilen gutlady we munuň däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhyna aýdyň sahypany ýazjakdygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiz Bitarap Türkmenistanyň deňhukukly we netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtap, ýurdumyzyň BMG-niň howandarlygynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek hem-de degişli anyk wezipeleri çözmek üçin umumy tagallalary birleşdirmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge meýillidigini tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda ýokary wezipeli myhman döwlet Baştutanymyza mähirli kabul edendigi hem-de özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça netijeli söhbetdeşlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary U Hunbo hoşlaşanlarynda, ýurdumyzyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen we ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.