Ï Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň daşary aragatnaşyklar ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň daşary aragatnaşyklar ministrini kabul etdi

view-icon 823
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň daşary aragatnaşyklar ministri Sun Taony kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň salamyny hem-de milli Liderimize we ähli türkmen halkyna parahatçylyk, bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, gysga wagtyň içinde haýran galdyryjy üstünliklere eýe bolan häzirki Türkmenistanyň okgunly ösüşine hem-de bütin dünýäde täze ugurly lider hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli amala aşyrýan özgertmelerine Hytaýda aýratyn gyzyklanma bildirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Sun Tao, pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky, 71-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna nobatdaky gezek saýlanmagy bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň ýokary derejedäki ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Hytaý bilen köpugurly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Hytaý döwlet ösüşiniň täsin nusgasy netijesinde haýran galdyryjy üstünliklere eýe boldy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hem öz döwründe durmuş-ykdysady ösüşiň milli nusgasyny döredendigini belledi. Ol iň gowy dünýä tejribesini göz öňünde tutýar we ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, ýurdumyzyň ösüş derejesi babatda dünýäde öňdäki hatarlara çykarylmagyny göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň Baştutany we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň daşary aragatnaşyklar ministri gözbaşyny Beýik Ýüpek ýoly döwründen alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alşyp, soňky ýyllarda dünýä maliýe-ykdysady çökgünligine garamazdan, netijeli döwletara gatnaşyklarynyň yzygiderli ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Bu gatnaşyklar uzakmöhletleýin hem-de strategiki häsiýete eýe boldy.

Umumy pikire görä, iki ýurduň hem-de halklaryň arasyndaky köpasyrlyk dostluk, özara ynanyşmak we düşünişmek däpleri häzirki wagtda söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklar üçin oňaýly şertleri döredýär. Şol däpler bolsa dürli derejelerdäki netijeli we yzygiderli gatnaşyklar bilen berkidilýär. Ulag we aragatnaşyk, kompýuter tehnologiýalary ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk anyk netijeleri berýär. Bilim ulgamynda hem hyzmatdaşlyk işjeňleşýär, bu ugur boýunça häzirki wagtda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň 5 müňe golaýy bilim alýar.

Däp bolan hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmekde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir. Ol umumy bähbitleriň esasy ugurlaryny hem-de köpugurly hyzmatdaşlygyň baý kuwwatyndan has netijeli peýdalanmagyň ygtybarly ýollaryny kesgitleýär.

Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini hem-de möhüm ulag-üstaşyr merkez hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň barha artýandygyny nazara almak bilen, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn meseleleriniň biri boldy. Türkmenistan döwrebap, ösen ulag ulgamyny döretmäge, şol sanda döwrebap polat we awtoulag ýollaryny, awtobanlary, demir ýollary, uly derýalaryň üstünden köprüleri we beýleki desgalary gurmaga uly üns berýär.

Milli Liderimiz Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň wajypdygyny aýdyp, iki ýurduň partiýalarynyň we parlamentleriniň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagyň netijeliligini belledi.

Halkara syýasatynyň wajyp meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Hytaýyň garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi ähli esasy ugurlar boýunça özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam edýär.

Bellenilişi ýaly, HHR-iň hökümeti Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Ýurdumyz dünýä ykdysadyýeti üçin ýeňil bolmadyk döwürde durmuş-ykdysady ösüş babatda ýokary depginleri saklaýar we möhüm başlangyçlaryň ençemesini, şol sanda energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky başlangyçlary öňe sürmek bilen, häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge täzeçe çemeleşmeleri görkezýär.

Sun Tao Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruny we “açyk gapylar” syýasatyny goldaýandygyny beýan edip, hytaý tarapynyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, halkara guramalarynyň ugry boýunça, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýurdumyz bilen mundan beýläk-de ysnyşykly gatnaşyk etmäge meýillidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýete eýedigini nygtap, HHR-iň hökümetine şu geçen ýyllaryň dowamynda hemmetaraplaýyn goldaw berendigi, şol sanda ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine Türkmenistanyň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryny ilerletmekde ýardam berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Hytaýyň uly wekiliýetiniň geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşandygy üçin hytaý tarapyna aýratyn minnetdarlyk bildirildi.

Pursatdan peýdalanyp, myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ähli türkmen halkyny nobatdaky şanly sene –Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen gutlady hem-de bagt, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi. Türkmenistanda ilkinji gezek bolýan myhman türkmen topragynda mähirli garşylanandygy we myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň özboluşly beýanyna öwrülen ak mermerli türkmen paýtagtynyň gözelligine haýran galýandygyny aýtdy.

Hoşlaşanlarynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň daşary aragatnaşyklar ministri jenap Sun Tao birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, iki ýurduň hem-de olaryň dostlukly halklarynyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Hytaý halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Sýao Sinhua gatnaşdy.